"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Söz manysy

Depme Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Nurmuhammet Andalybyň doglan obasy bolan Garamazy bilen ýanaşyk obanyň «Depmeçi» diýlip atlandyrylýandygyny, türkmen taýpalarynyň arasynda depmeçi atly tiräniň bardygyny bilýän hem bolsam, depmäniň nähili zatdygyny anyk göz öňüne getirip bilemokdym. Mirashanalarda hem işjeň ýagdaýy görkezip duran juwazdyr jykyry gören bolsamam, depmä duş gelenim ýadyma düşenok. Onsoň bilýän adamlardan sorap, depme baradaky käbir zatlary anykladym.

Ene mähri

(Hekaýa) — Hawa, balalarym —  diýip, garry enemiz gürrüňe başlady: — Gudraty Güýçli Allatagala şeýle bir nur döredenmiş, ol nuruň zerrejigem düşen ýerinde ylla Gün şöhlesi ýaly ýagtylyk dörediji bir keramaty emele getirýärmişin. Gudraty Güýçli şol nurundan ilki How enemize paý beripdir. Zenan ähliniň mähirli bolmagam şondan gaýdan bolsa gerek. Çünki ilkibaşda paý alana köpräkden düşýär-dä. Ýer ýüzünde ýaşamaga höküm edilenleriň ählisine berlen şol nura «söýgi» diýip at goýupdyrlar. Ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlaryň söýgi paýyndan binesip galany ýokdur. Kimler çagasyny söýer, kimler ýaryny söýer. Watana bolan söýginiň serhedi ýok bolsa gerek. Ony diňe ýurduňdan aýra düşen çagyň bilersiň diýýärlerem weli... Aý, ýok, balalam, serediň, haýsyňyz şu oturan öýümizi, baglyga basyrynyp oturan obamyzy gowy göreňzok?! Birje günlük daýzalaryňyza gitseňizem: «Öýümizi göresimiz geldi, ene» diýýäňiz-ä! Ana, Watan, toprak söýgüsidir şo, balalam!

Maral

Öçdi älem ýyldyzlary, Daňlar atdy, gelmediň.

Siseron aýdypdyr...

Hoşniýetli adamyň mertebesi onuň niýetini amala aşyryşyna baglydyr. Ajaýyp zatlar seýrek bolýar.

Bileniň — baýlygyň

KYRKLAR Türkmen halkymyzda “kyrk” sözi bilen baglanyşykly atlar, jandarlar we ýer-ýurt atlary, ösümlikler barmak basyp sanardan köp. Mysal üçin, kyrk gyz hakynda rowaýat, türkmeniň gadymy “Kyrkkesek” oýny, kyrkgulba, kyrk keleme, kyrk gulaç guýy, malyň içki synasy bolan kyrkgaryn, Mary welaýatyndaky Kyrkdepe gadymy arheologiki ýadygärligi... garaz, “Sanasaň sogaby bar” diýleni. Olaryň käbiri hakyndaky ýazgylarymyzy “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Hoja Batyryň degişmeleri

DÜWÜNÇEK ALÝAN DÄLDIR Bäş-on ýyllykda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes obasyna toýa bardyk. Sazandalar gurallaryny sazlaýançalar gapdaldaky stolda çaý-çörek iýip-içip oturdyk. Toýuň eýesi — öý bikesi gelip, biz bilen görüşdi. Soň maňa ýüzlenip: “Hoja Batyr! Meňem atam öýüm Murgapdan, ejem bilen kakamyň Akgoýun toýunda sen aýdym aýdypdyň. Toý gutaransoň düwünçegiňi berjek bolsalar siz eýýäm toýdan gaýdan ekeniňiz” diýdi.

Akyldar şahyryň eserlerinde taryhy şahsyýetler

Azazyl — şeýtanyň ady. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, perişdeler Adam atadan öň ýaradylypdyr. Adam ata döränden soň Alla perişdeleriň oňa sežde etmeklerini talap edýär. Otdan ýaradylan Azazyl toprakdan ýaradylan Adama sežde etmän ulumsylyk edipdir. Buýrulany etmäni üçin, Azazyl Allanyň gargyşyna sezewar bolýar.

Ýazyjy bilen soňky söhbetdeşlik

SURATDA: (çepden saga) Aşyr Mämmedow, Ýagmyr Welliýew, Aşyrberdi Kürt, Kaýum Taňrygulyýew we makalanyň awtory. Maňa 1986—1989-njy ýyllarda halypa ýazyjymyz Aşyrberdi Kürt bilen öňki «Ýaş kommunist» gazetinde bile işleşmek miýesser edipdi. Döredijilikde halypanyň ýolundan ugurdaş gopup, degişmeli eserleri ýazýanym üçinmi, nämemi, onuň bilen düşünişip, ysnyşykly gatnaşdyk. Juda köp okap, köp bilýändigi üçin Aşyrberdi agany «janly ensiklopediýa» diýip atlandyrýardyk. Şonuň üçinem onuň gürrüňlerini wideoýazgysyna geçirmek hem-de gazet işgärleri bolup, onuň bilen surata düşmek niýetimiz bardy. Ýöne näçe haýyş etsemem, şol günler bu meselede halypany yryp bilmedim.

Ýüreklerde orun alan şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen taryhynda bolsa öz döredijiligi bilen halkyň kalbynda baky orun alan şahyrlaryň ençemesi bar. Şolaryň biri-de Gurbandurdy Zelilidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýegeni bolan bu şahyr 1798-nji ýylda dünýä inipdir. Ol Etrek, Gürgen sebitlerinde önüp-ösüpdir. Ilki obada, soňra bolsa öz döwrüniň belli bilim ojagy hasaplanýan Hywadaky «Şirgazy» medresesinde bilim alypdyr. Gurbandurdy Zeliliniň döredijiligi köptaraply hem özboluşlydyr. Şahyryň watanperwerligi wasp edýän goşgulary onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Şolaryň arasynda «Watanym seni» atly goşgusy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Döredijilik adamlaryň durmuşyndan

Ýatda galan duşuşyk Bu waka 1984-nji ýylyň ahyrlarynda bolupdy. Ol wagtlar men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talybydym. Mugallymymyz Nazar Gullaýew Magtymguly adyndaky edebiýat birleşmesiniň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljekdigini, oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň hem geljekdigini aýdyp, bizi oňa gatnaşmaga çagyrdy. Bellenen günde uly auditoriýanyň içi talyplardan doldy. Nazar mugallym bizi Çary Aşyrow bilen tanyşdyryp, oňa söz berdi. Ýazyjy geçen durmuş we zähmet ýoly, döredijilige baş goşuşy, «Ermeni gyzy» goşgusynyň döreýiş taryhy, bu goşgynyň gahrymany — ermeni gyzy Nina bilen baglanyşykly wakalary gürrüň berdi, döreden eserlerinden parçalary okap berdi. Soňra talyplaryň biri: «Ganly saka» poemasyndaky wakalar siziň durmuşyňyzdan alnan diýýärler welin, şol dogrumy?» diýip sorady. Çary aga bu poemadaky wakalaryň durmuşdan alnandygyny, käbir ýerleriniň çeperleşdirilendigini aýtdy. Ýazyjy soňra talyplary gyzyklandyrýan başga-da birnäçe sowallara jogap berdi. Ine, şondan soň talyplar öz döreden goşgularyny, şahyrana oýlanmalaryny okadylar. Ýazyjy her bir esere düýpleýin seljerme berýärdi welin, onuň delilleri maňzyňa batýardy. Çary aga ýaşlara guraksy sözlerden gaça durmagy, ýazan eserleriniň diliniň şireli bolmagyny gazanmagy, nusgawy şahyrlarymyzy, türkmen halk döredijilik eserlerini kö

Magtymguly Pyragy

«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Altyn-zer deý gymmatly her sözüňde çuň many,Taraşlan her bendiňde bardyr ençe müň many,Üç asyrlyk ýol geçip, geldiň döwrüme sary,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Şygyrlary aýdym bolup ýaňlanan

Türkmen halky sözden sungat döredýän ynsanlaryna uly sarpa goýýan halk. Jemgyýetiň ruhy galkynyşynda medeniýet we sungat ussatlaryň orny uly bolup, bu gezekki dabarada-da äşgär duýuldy. Ýagny, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Halypanyň «Türkmen binasy», «Gökdepäm», «Ene ýüregi», «Aperin», «Gözleýän», «Owadan sen» ýaly şygyrlary aýdym bolup döräpdir. Haçanda şygyr kämil bolanda onuň sazy, aýdylyş äheňi bilen bile döreýär. Halypanyň ençeme goşgulary dutaryň owazy bilen bile ýaňlanýar. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet etdiler. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Seýil edeliň bu jahana...

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, ol ylmyň dürli ugurlary boýunça zerur maglumatlary berýär. Magtymguly Pyragynyň amala aşyran syýahatlary şahyryň dünýägaraýşynyň giňemegine täsir edipdir. Şahyr öz döwrüne mahsus ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenen ussat, akyldar, filosofdyr. Dana Pyragynyň goşgularynda ýollar, ýurtlar, şäherler baradaky ylmy-pelsepewi garaýyşlar özboluşly orun eýeleýär. Şahyr syýahat etmegi, ýurtlary, oba-kentleri görmegi hiç haçan ünsden düşürmändir. Söz ussady Magtymguly Pyragy «Uça bilmen neýläýin» diýen goşgusynda: Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi, Ganatym ýok, uça bilmen neýläýin — diýip, jahankeşdelige bolan hujuwyny beýan edipdir. Onuň goşgularynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Horasan, Horezm, Rumystan, Merw, Nişapur, Hyrat, Gürgen ýaly ýurtlardyr şäherler ýatlanylyp geçilýär.

Ýatlamalar depderi (Hekaýa)

Säher bilen «Niredesiň, Doluhan?» diýip ugran dostlar alaň-alaň çägesöw meýdanlary, depedir gollary synlap barýardylar. Ulag küpürsäp ýatan gumaksy hem çägeli ýollary kynlyk bilen, zomap geçip gidýärdi. Ýetginjeklikde, oglanlykda aýak yzlary galan bu mukaddes sährany, düzlükleri synlap barýan Han şu ýerlerde düşläp, az-kem dem-dynç almagy, çaý-suw içip, garbak-gurbak edinmegi dostlary Merdandyr Orazdurda teklip etdi. Olar hoştap güýzüň çigregine az-kem pürleri dökülişen, şahalary ýaýbaň bir sazagyň deňesinde saklandylar. Ulagdan goş-golamlaryny düşürip, töwerekdäki guran çöp-çalamdyr jygramalary, ýandak köklerini çöpleşdirip, ot ýakdylar. Tüňçelerini suwdan dolduryp, çaý goýdular, käselerine bir bölek gowurdak atynyp, çaýçorba edindiler. Nazaryny alaň-alaň guba depelere dikip, ýatlamalara berlip oturan Han, hamala öz-özi bilen gürleşýän ýaly, pessaý äheňde söze başlady:

Tapmaçalar

Saryja hem naşyja Özi örän eýjejik.Ylgap ketekden çykdyGaragolja jüý... Tylladan lybas geýip,Lowurdady Gün ýalak.Suwdan owsunyp çykdyOwadan tylla bal...

Üç öwüt

Bir dana adam ogluna şu üç sany öwüdi mydama ýerine ýetirmegi maslahat beripdir. Olaryň birinjisi hemişe iň gowy iýmiti iýmekden, ikinjisi, iň gowy düşekde ýatmakdan, üçünjisi bolsa, iň gowy jaýda ýaşamakdan ybarat bolupdyr. Şonda ogly kakasyna: — Kaka, zadyň iň gowularyny edinmek üçin biz beýle bir baý hem däl ahyry. Bulara biziň harajatymyz ýetermikä? Men siziň beren bu öwütleriňizi nädip ýerine ýetirerkäm — diýen sowallary beripdir. Şonda ýaşuly dana:

Magtymguly pelsepe äleminiň bakylyk çyragy

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyryň goşgularyny nesillerden-nesillere geçirmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Onuň döredijiligi döwrüň islendik wagtynda hem gymmatyny saklaýan, sarpasyny artdyrýan, akyly-aňy ösdürýän we özgerdýän, ynsan duýgusyny heýjana salýan sungatdyr. Şahyryň agzybirlige, edep-ekrama, ahlak arassalygyna ýugrulan döredijiligi milliligi ör-boýuna galdyrýar.

Egsilmez ruhy hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, halka ýetirmek, dürli dillere terjime etmek hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň şygryýeti häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, islendik dersde hem biz — mugallymlaryň ilkinji gollanmalarymyzyň biridir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler, parasatly garaýyşlar ylmyň dürli ugurlarynyň nukdaýnazaryndan içgin seljerilip, ýaş nesillerimize kämil bilim-terbiýe bermekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Magtymguly atamyzyň goşgular kitaby islendik dersden sapak berýän bilim işgäriniň hemişelik hemrasydyr.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY Magtymguly Pyragy —Dünýäniň akyldary.Ýazyp şygyr-bossanyn,Gezdi Eýran, Yragy.

Ýeňiji (Hekaýa)

Serdar taryh dersini aýratyn gowy görýärdi. Ol bu ugur bilen bagly kitaplary ürç edip okaýardy. Her sapakda mugallymy bilen Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy barada söhbet edip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşardy, täze maglumatlar öwrenerdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralanýan günlerinde geçiriljek dersara olimpiada baradaky habar oglanjygyň geljekki ýeňişleriniň buşlukçysy boldy. Geçen ýyllarda 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan yhlasly oglanjyk indi bu ýylky ders bäsleşiginde 1-nji orna ymtylýardy. «Bäsleşik geçiriljekmişin» diýen habardan soň-a Serdary öýünden gözläbem tapyp bolmady. Eger-de Serdaryň gerekligi çyn bolsa, onda haýal etmän mekdep kitaphanasynyň okalga zalyna baraýmalydy.