"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Plastik galyndylar bilen göreş

Ynsanyň ýaşaýşy, aň-paýhas we ruhy-ahlak taýdan ösüşi daşky gurşawyň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky iki asyrda gazanylan ylmy-tehniki öňegidişligiň netijesinde, adamyň tebigata ýetirýän täsiri barha artýar. Şoňa görä-de, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek meselesi uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi çekmek bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Kararnamasy we ýörite guramasy

Daşky gurşawyň arassalygy — ömrümiziň abadanlygy

Ýer şarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň iň iri we gaýragoýulmasyz wezipesini durmuşa geçirmekde tebigatyň näderejede uly orny eýeleýändigi hemmä mälimdir. Daşky gurşawyň ýagdaýy her bir ynsanyň ýaşamagy üçin derwaýys bolan dem almaga, iýmitlenmäge, suwsuzlygy gandyrmaga, pasyllara görä howa uýgunlaşmaga ýiti täsir edýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Onuň esasy maksady tebigatyň bähbitlerine amala aşyrylýan işleri ýaýbaňlandyrmakdan, durnukly ösüşiň ekologiýa jähetindäki maksatlaryna ýetmäge ýardam bermekden we bu ugurda giň jemgyýetçilik köpçüliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. 1973-nji ýyldan bäri ählumumy derejede bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilenine şu ýyl 50 ýyl dolýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu sene ekologiýa taglymlaryny wagyz etmek üçin kuwwatly gurallaryň birine öwrüldi.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşky gurşawyň arassalygy — abadan ýaşaýşyň girewi» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba-şäherlerimiziň bagy-bossanlyga öwrülýändigini buýsançly nygtadylar. Daşky gurşawyň arassalygynyň abadan ýaşaýşyň girewidigi hem çykyşlarda nygtaldy. Muzeýde açylan wagtlaýyn sergide türkmen tebigatynyň gözelliklerini şöhlelendirýän tapyndylar, fotosuratlar, resminamalar ýerleşdirildi. Bular sergini synlamaga gelýänlerde uly täsirleri galdyrýar.

Sagdyn daşky gurşaw — röwşen ertirleriň girewi

Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.

Energiýanyň zyýansyz çeşmesi

Türkmenistan ýurdumyz adaty däl gün we ýel energiýa çeşmelerine baýdyr. Türkmenistanda gün we ýel energiýasyny ulanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Özbaşdak gün we ýel toplumlary senagat merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň gündelik durmuş we önümçilik hajatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň çyzgysynda döwlet syýasatynyň esasy maksadyna laýyk gelýän energiýa üpjünçiliginiň şular ýaly beketleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga, parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara  gönükdirilen asylly maksatlar halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolýar. Olaryň  durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulyp, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, tokaý baýlyklaryny dolandyrmak we tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw we Tokaý kodeksleri, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we daşky gurşaw bilen bagly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hereket edýär. Elbetde, şeýle kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýu

Seýle gelseň bu daglara

Alysdan seredeniňde seleňläp görünýän, dilkaw-dilkaw kert gaýaly, başy belent Balkan daglaryna seýle barsaň, diňe bir ajaýyp dag howasy bilen däl, eýsem, özboluşly gözellikleri — şildiräp akýan dury suwly çeşmeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilenem özüne bendi edýär. Depesine tylla Günüň şuglasy çaýylyp duran bu daglaryň, hakykatdan hem, özboluşly tebigaty, haýwanat we ösümlikler dünýäsi bar. Bu daglarda mesgen tutan janly-jandarlar, kök uran ösümlikler dogduk Diýarymyzyň bezegidir, biziň guwanjymyz hem milli baýlygymyzdyr. Balkan daglarynda gurak howa şertlerine çydamly damarlak ösümlikleriň 400-den gowragynyň ösýändigini, haýwanat dünýäsinde dürli jandarlaryň 200-den gowrak görnüşiniň gabat gelýändigini hünärmenler nygtaýarlar. Barmasy kyn dag gaýalarynda bürgüt, sakgally garaguş, gajar, laçyn, bedeneçi garaguş, garçgaý ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtge tutunýarlar. Käkilikleriň, akganat we tokaý torgaýynyň, garadamak owazçysynyň, çürlentginiň, gyzylbaş çirrigiň, arça paltatumşugynyň kiçiräk sürülerine gabat gelmek bolýar. Balkan dagynda umgalar, aýraklar, keýikler we beýleki jandarlar üçin ot-iým gory ýeterlikdir. Daglaryň kert gaýalarynda ýerleşen gowaklar ýabany haýwanlaryň gaçybatalga mesgenidir.

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilip, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegi, daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga öwrülmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň dürli görnüşleri ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu günki gün täze taryhy eýýamda taryhyň gatyna ebedilik ýazyljak ägirt uly işler, döwrebap özgertmeler, giň gerimli tutumlar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak boýunça ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, daşky gurşawy, biodürlüligi goramak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, ýaşyl ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Tebigata söýgi — pederleriň ýörelgesi

Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyşykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly nakyllaryň, durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir. Rowaýatlarda Nuh pygamberiň uçuran guşunyň öz çüňkünde bir daragtyň ýaprajygyny getirip, ýaşaýşa gaýtadan umyt berendigi aýdylýar. Onuň mysalynda hem ynsan bilen tebigatyň arasyndaky mizemez baglanyşyk ýüze çykýar.

Ýaşyl dünýäm — nurana ertirim

Ynsana dem alyp, iýmitlenip ýaşamak üçin ösümlik dünýäsiniň ornunyň näderejede uludygyny sözde beýan etmek aňsat däl. Ýer şarynyň häzirki we geljekki döwür üçin abadançylygyny üpjün etmek ýaly derwaýys wezipäni durmuşa geçirmekde sagdyn ösümlikleriň ähmiýeti ýokarydyr. Ösümlikleriň adamzada berýän eşretlerini nazara alyp, zyýankeşleriň we ösümlikleriň kesellerini döredijileriň täsiri netijesinde ösümlik önümleriniň ýitgisini azaltmak, şeýle hem geljekki nesiller üçin ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 12-nji maýynda halkara giňişliginde Ösümlikleriň saglygyny goramagyň güni bellenilýär. Ösümlikler ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Olar adamyň kabul edýän iýmitiniň 80 göterimini düzýär, alýan howasynyň 98 göterimini emele getirýär. Ösümlikler atmosferada kislorody öndürýär, howany arassalaýar. Olaryň saglygy azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, daşky gurşawy goramagyň we ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň wajyp şertleriniň hatarynda durýar. Sagdyn ösümlik dünýäsi oba hojalygynyň durnukly ösmegine itergi berýär. Şoňa görä-de, olaryň saglygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin derwaýysdyr.

Tokaý zolaklary gorag hem bezegdir

EKOLOGIÝA MESELESINIŇ ILERI TUTULYP, OŇYN ÇÖZÜLÝÄN ŞERTLERINDE ÝURDUMYZY BAGY-BOSSANLYGA BÜREMEK, GORAG TOKAÝ ZOLAKLARYNY DÖRETMEK UGRUNDA ULY TAGALLALAR EDILÝÄR. OLAR BARADA GIŇIŞLEÝIN GÜRRÜŇ ETMEK ÜÇIN AMYDERÝA DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ GORAG BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BEGENÇ ESETOW BILEN SÖHBETDEŞ BOLMAGY MAKUL BILDIK. — Begenç aga, tokaý zolaklarynyň ynsan durmuşyna oňyn täsiri we ähmiýeti barada bilýän bolsagam, bu hakynda tebigaty goraýjynyň özünden içgin eşitmek biziň üçin gyzykly!

Aş­ga­bat­da eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 5-nji maý (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Aş­ga­bat” me­de­nidynç alyş se­ýil­gä­hin­de “Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy bi­le­lik­de go­ra­lyň!” ady bi­len eko­lo­gik çä­re ge­çi­ril­di. Bu çä­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň uzak möh­let­le­ýin te­bi­ga­ty go­ra­mak sy­ýa­sa­ty­nyň halk köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Çä­rä­niň açy­ly­şyn­da çy­kyş eden­ler eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin ta­la­ba­la­ýyk şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän bu giň ge­rim­li çä­rä­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ÝU­NES­KOnyň klub­la­ry­nyň we ka­fed­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Olar ýaş­la­ry umu­ma­dam­zat hemde mil­li gym­mat­lyk­lar esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň eko­lo­gik we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, eko­lo­gik bi­li­mi­ni­dir me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Ygtybarly sagdyn gurşaw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň işinde bu meselä hem ähmiýet berilmelidir» diýip nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň sagdyn gurşawy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda beýan edilen: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýen konstitusion kadalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň beýanydyr.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda kabul edilen «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» hut tebigy gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly il bähbitli işlerde möhümdir. Ata Watanymyzda ýylyň dört pasly-da güneşe baý, bahar-ýaza çalymdaşdyr. Aýratyn-da, bahar paslynda tebigatymyzda bolup geçýän üýtgeşmeler, täzeleniş has-da täsin, gyzykly. Türkmen baharynyň gadamlaryny tebigatyň bezegi, gelşik-ýaraşygy bolan ösümlikler, janly-jandarlar, mör-möjekler duýýar. Baglarda ýüzlerçe görnüşli ösümlikler gül-gunçalara beslenýär. Tebigatyň bu gözelliklerini synladygyňça synlasyň gelýär. Sebäbi bu ösümlikler, haýwanlaryň täsin hereketleri gözel tebigatymyzyň görküni has-da artdyrýar. Şonuň üçin biz tebigatyň adamzada eçilen her bir ajaýyplygyny aýamalydyrys, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamalydyrys.

Sazlaşykly zähmet — sagdyn ýaşaýyş

Zähmet ynsan durmuşynyň möhüm bölegidir. Statistiki hasaplamalara görä, ortaça adam bütin ömrüniň 10 ýylyny işde geçirýär. Uly üstünlikleri gazanýan ýa-da jogapkärli wezipeleri eýeleýän adamlaryň bolsa işe sarp edýän wagty has-da köpdür. Şoňa görä-de, daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga ýardam edýän peýdaly endikler baradaky söhbedimiziň şu gezekkisini iş ýeri bilen baglanyşdyrmagy makul bildik. «Ýaşyl»: ykdysadyýet, kärhana we edara

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege kepil

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gözel paýtagtymyzdyr welaýatlarymyzda dürli görnüşli baglaryň ekilmegi, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegi bilen birlikde, onuň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmekde-de uly ähmiýete eýedir. Ekologiýa arassalygyny üpjün etmek her bir adamyň saglygy babatda iň esasy wezipeleriň biri bolup, daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni Diýarymyzyň baş syýasatyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladalarynyň we baş maksadynyň ynsan saglygyny goramakdygyna aýdyň subutnamadyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň kärhanadyr zawodlarynyň hem ekologiýany, daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edilip, önümçilige ornaşdyrylan täze tehnologiýalardyr enjamlar tygşytlylygy hem-de zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmyň täze gazananlaryny durmuşymyza, ylaýta-da, önüm öndürýän pudaklara ornaşdyrylmagy ekologik taýdan arassa azyk we beýleki gündelik önümleriň halkymyza ýetirilmegini, şeýle-de howamyzyň arassalygyny, galyndylaryň azaldylmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli s

Ekologiýa dersine bagyşlandy

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň okadylmagy hem ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde özüniň oňyn netijelerini berýär. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Ekologiýa abadançylygy — sagdynlygyň gözbaşy

Türkmen tebigaty gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Asmandan inýän ýagyş-ýagmyrlar, topragyň gujagynda bitýän her bir ösümlik ynsanlara şypa paýlaýar. Tebigaty aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny goramak — her birimiziň borjumyz. Haýwanat dünýäsi, derýalar, köller, çeşmedir çaýlar — bularyň ählisi biziň tebigatymyzyň baýlygydyr. Diýarymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen tebigaty özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturtmak hem asylly däbe öwrüldi.

Biz — tebigatyň dostlary

Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşinde möhüm görkezijidir. Diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamakda, şäherleri, obalary gurşap alýan tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmekde alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak bilen bagly özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary hem ekologik abadançylygy üpjün etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Uludan-kiçä ähli ildeşlerimiziň ruhubelentlikde, agzybirlikde gatnaşýan bu ekologik çärelerinde ýylyň-ýylyna ýurdumyzda miweli, pürli we saýaly bag nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar, ozalky bar bolanlaryna ideg edilýär. Ekilýän nahallaryň Diýarymyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerine mahsus görnüşleriniň saýlanyp alynmagy täze oturdylan bag nahallarynyň tiz düýp tutmaklaryna, gysga döwrüň içinde uly baglara, daragtlara öwrülmegine ýardam berýär.