Gyşyň örküji
«Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. Üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşamagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelinem, hasabynam, gurallarynam tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört örüsindäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar. Zemin emele geleli bäri, göräýmäge, asuda aýlanyp dur. Asudalyk bar ýerinde bolsa bar zat oňatlyk. Ýöne ol düşünen-düşünişen üçin asuda, diline düşünmeýäni, garaşmaýany, taýýar dälleri tebigatyň dürli hadysalary häli-şindi başagaýlyga-da salaýýar.