"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ýeralmaçylaryň zähmet üstünligi

Tomsuň ilkinji günlerinde welaýatymyzyň oba hojalykçylary ýeralma ýetişdirmek boýunça ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar ýeralmaly meýdanlardan 19 müň 778 tonna hasyl alyp, meýilnamany 100,9 göterim berjaý etdiler. Gazanylan zähmet üstünliginde welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky edermen daýhanlaryň goşandy bar. Şunda iň uly paý Çärjew etrabynyň oba hojalykçylaryna degişlidir. Olar 6 müň 735 tonna hasyl alyp, kemala gelen harmanyň agramly bölegini amal etdiler. Göterim babatynda alnanda, iň ýokary netijäni Hojambaz etrabynyň daýhanlary gazandylar. Olar 10-njy iýuna çenli 420 tonna hasylyň ornuna 434 tonna hasyl alyp, meýilnamany 103 göterimden hem geçirip amal etdiler.

Galla oragy gyzyşýar

Şu ýylyň bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin 690 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýlup, oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.

Galla oragy — bereket bulagy

Türkmenistan döwletimizde möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Hususan-da, şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Galla hasylynyň gyzgalaňly möwsümi

Toprak daýhanyň yhlasyndan gülleýär. Yhlas siňen ýere bereket bulagy açylýar. «Herekete – bereket» diýen pähime eýerýän halkymyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar bereketli topragymyzdan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmagy maksat edinýärler. Şeýle asylly maksat bilen çekilen zähmet bolsa öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Diýarymyzda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm – galla oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetiniň netijesine guwanyp ýetişdirilen bol hasyly ýygnaýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda babadaýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Olar daýhanyň göwün guşuny al-asmanda galgadyp, ýeneki üstünliklere galkyndyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýetilen belent sepgitler döredilen ýer gaznasyndan bölünip berlen ýer parçasynyň topragyň «diline» düşünýän, ondan ýokary hasyl almagy başarýan hakyky daýhan nesline uzak möhletleýin kärendesine bermegiň oňyn netije berendigini görkezýär. Bug

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

7-nji iýunda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Oba hojalyk ministrliginiň düzüminiň täzeden guralmagy we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi bellenilmäge mynasypdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bugdaýyň hem-de pagt

Gazagystanda dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar

Gazagystanyň Türküstan sebitinde dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar. Taslamanyň birinji tapgyrynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýyllyk 30 müň tonna pomidor öndürmäge ukyply 50 gektardan gowrak bölegi gurlup ulanylmaga berler. Soňra bu taslamanyň ýyllyk önümçiligini 240 müň tonna, umumy meýdanyny bolsa 500 gektara çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelikde, ol dünýädäki iň uly ýyladyşhana öwrüler. Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň «Eko-Kultura» agroholdingi tarapyndan maýa goýuldy. Ýeri gelende bellesek, dünýä ýüzündäki ýyladyşhanalaryň umumy meýdany soňky 40 ýylda 43 esse artyp, häzirki wagtda 13,2 müň inedördül kilometre ýetdi.

Täjigistan oba hojalyk önümleriniň eksportuny 45 göterim artdyrdy

Täjigistan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 18 ýurda oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligi habar berdi. Hasabat döwründe Täjigistanyň daşarky bazarlara iberen oba hojalyk önümleriniň mukdary 84,3 müň tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,2 müň tonna ýa-da 45 göterim ýokarydyr.

Edermen ýüpekçileriň zähmet ýeňşi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýan ýüpekçiligi ösdürmek, ak piläniň öndürilişini artdyrmak babatdaky taýsyz tagallalaryndan, goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu gymmatly önümiň bereketli hasylyny ýetişdirmek baradaky Kararynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, agzybirlikli zähmet çeken ýurdumyzyň pileçi kärendeçileri meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Welaýatymyzyň pileçileri Watan harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany 100,14 göterim ýerine ýetirdiler. Guwandyryjy üstünligiň gazanylmagyna Şabat, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň pileçileri saldamly goşant goşdular. Şonuň ýaly-da ezber ýüpekçileriň köp sanlysynyň ýeten sepgitleri olaryň möwsümiň dowamynda gije-gündiz ýadawsyz iş alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Bekpaşşa Döwletowa, Eziza Ryzaýewa, şu etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden Täzebaý Saparbaýew, Azimbaý Yzbastyýew, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginden Muham Güýşenow, Orazmyrat Dosyýew, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Hudaýberdi Gurbanow, Parahat Bazarow, Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginden Jumadurdy Kakabaýew

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Watanymyzyň “altyn” harmanyny barha beýgeldýän galla önümçiliginiň möçberiniň meýilnamalaýyn esasda artmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.

«Harmanyňa bereket!»

diýen sözler bilen lebaply daýhanlar galla oragyna guramaçylykly girişdiler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen şu gün — 7-nji iýunda welaýatymyzda Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi.

Ak bugdaý — ak bagtymyz

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ak bugdaýyň gadymy mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda zähmetsöýer ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen il baýlygyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, oragy guramaçylykly geçirmek şu günüň wajyp we möhüm wezipesidir.

Bol hasylyň girewi

Her bir agrotehniki çäräniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi bereketli hasylyň girewi bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Boldumsaz etrabynyň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri-de ýaşajyk gowaçalary turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşadylar. Etrabyň «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşiginde hem 1550 gektar meýdana gowaça ekilip, kadaly gögerişi gazanylan ekinleriň hatarara bejergisi guramaçylykly dowam edýär. Daýhan birleşigi boýunça ekilen gowaçalaryň 640 gektary tohum üçin niýetlenendir. Gowaçalara ideg işlerinde birleşigiň Bazarbaý Duşemow, Ýagşygeldi Täzebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kärendeçiler toparlarynyň zähmetsöýer agzalary has-da tapawutlanýarlar. Giň gerimde ýaýbaňlanýan bejergi işleri gowaçalara ilkinji ösüş suwuny bermäge taýýarlyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Oňat ideg bilen gurşalan ýaşajyk gowaçaly atyzlar günsaýyn görklenip, ýer eýelerini begendirýär.

Ekerançylyk ylmy esasda ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda netijeli ylmy işleri alyp barmak üçin mümkinçilikler barha artýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda pudaklaýyn ylym bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynda Watanymyz üçin, ýurdumyz üçin wajyp bolan ugurlaryň üstünde işler alnyp barylýar. Biz muny türkmen ylmyny dünýä ylmy bilen utgaşykly ösdürmäge döredilen mümkinçilik hasaplaýarys.

«Galla — 2024»

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň köp zähmet siňdirip ýetişdiren bereketli hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp, Watan harmanyna goşuljak günleri ýakynlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu möwsüme ykjam taýýarlyk görmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Muny nazara almak bilen, şu günlerde welaýatymyzyň ähli künjeklerinde bu ugurdaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Gök ekinleriň idegi ýetirilýär

Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zemin açary» hususy kärhanasy gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýar. Onuň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa 1048 gektar ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine alyp, gök-bakja ekinlerini ekýär. Bu ýerde daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Irki ýeralmanyň yzyndan ekilýän giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy ösüp ýetişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda başarjaň daýhan 626 gektar ýeralma, 10 gektar bakja, 101 gektar sogana, 10 gektar hyýara, 41 gektar pomidora, 12 gektar ýazlyk käşire, 1 gektar keleme ideg edýär.

Bol hasylyň binýady

Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşigi oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolmak bilen, bu babatda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda ady agzalýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu ýerde şol gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrundaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl ekiş möwsüminde 1510 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş aldylar. Munuň özi atyz-meýdanlarda gowaçalaryň hatararasyny ýumşatmak, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak ýaly bejergi çärelerine öz wagtynda girişmäge hem-de olary turuwbaşdan ýokary depgine çykarmaga mümkinçilik berdi.

Ene toprak nygmat eçilýär

Ýurdumyzyň senagatyny zerur çig mallar bilen üpjün etmekde daýhanlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň yhlasly zähmetleriniň, birleşen tagallalarynyň netijesinde ýylyň-ýylyna gowaçanyň hem bereketli hasyly ýygnalyp alynýar. Bu il-ýurt bähbitli işde hususy ýer eýeleriniň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň ilhalar çözgüdine laýyklykda olara uzakmöhletleýin ýer bölekleri berildi. Şeýle çemeleşme daýhanlaryň ene topraga hyzmat etmäge, ondan bol hasyl almaga bolan höweslerini düýpli artdyrdy. Şeýle daýhanlaryň biri-de Myrat Seýidowdyr. Ol Hojambaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde özüne berlen ekin meýdanynda dürli ekinleri ösdürip ýetişdirip, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Janypkeş ýer eýesiniň şu ýylky tutumy has-da uly. Ol geçen baharda 30 gektar meýdana gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum hatasyz gögerdi. Häzirki günlerde daýhan köp wagtyny gowaçalary ýekelemäge, haşal otlardan arassalamaga, ekinleriň hatar aralaryny bejermäge we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge sarp edýär.

Harmanyňa bereket, gallaçy!

Daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen ertir welaýatymyzda Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berler. Ilmyrat Garajaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda tutuş welaýatymyz boýunça galla oragyna başlangyç berilmegi ýöne ýerden däl. Daýhan birleşiginiň edermen ýer eýeleri oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu hojalygyň başlygy hem, edermen kärendeçileri hem ekine-topraga hyzmat edip, göwün islän hasyllaryny almak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Ilmyrat Garajaýew daýhan birleşigine alty ýyldan gowrak wagtdan bäri ýolbaşçylyk edýär, ondan öňinçä agronom bolup işlän onlarça ýylyň dowamynda ene topraga hyzmat edip, baý iş tejribesini toplady. Bu ýerde her ýyl bugdaýdyr şalydan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýygnaýarlar. Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete 2884 tonna bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür.

Göwnejaý ideg edilýär

Bol hasylyň aladasy Welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1 müň 100 gektar meýdanda azyklyk soganyň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şonça meýdandan 27 müň 500 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýan daýhanlar endigan boý alýan soganly meýdanlarda ideg işlerini göwnejaý ýola goýýarlar. Ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda, guramaçylykly alnyp barylýar. Suwuň siňňitli, endigan tutulmagy bolsa, hasyllylygyň ýokarlanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.

Galla — 2024

JOGAPKÄRLI MÖWSÜMIŇ BOSAGASYNDA Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň bady rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny belent sepgitlere ýetirmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly tagallalar edilip, ýokary netijeler gazanylýar.