"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Maska degişli ozalky “Twitter”, häzirki “X” jemgyýetçilik tory Stambul şäherinde wekilhanasyny açdy. Bu barada Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly habar berdi. Ol beren beýanatynda “X” jemgyýetçilik torunyň mundan beýläk, Stambuldaky wekilhanasynyň üsti bilen Türkiýedäki işlerini alyp barjakdygyny mälim etdi.

AT&T we AST SpaceMobile adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün ederler

AT&T öýjükli aragatnaşyk operatory hem-de AST SpaceMobile hemra aragatnaşygy operatory adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Munuň özi 2030-njy ýyla çenli niýetlenen uzakmöhletleýin täjirçilik hyzmatdaşlygynda göz öňünde tutuldy. Bu başlangyç ilki ABŞ-nyň çägini soňra bolsa, dünýäniň ähli ýurtlaryny gurşap alar.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň kämilleşdirilmegine döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza giňden ornaşdy, ähli pudaklarda bu ugurdan uly işler alnyp barylýar. Ösen döwrümizde ýaşaýyş jaýlarynyň hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň özi sanly ulgamyň özgertmelerde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Ýurdumyzda ähli pudaklar sanly ulgamyň mümkinçiliginden giňden peýdalanýarlar, ösüşlere beslenýän döwrümizde täze, innowasion tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda dürli pudaklarda halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda işler barha rowaçlanýar. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, ylmy maglumatlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ylym-bilim işgärleri-de dünýäniň iň täze gazananlaryny, ylmy açyşlaryny yzygiderli öwrenýärler we ösdürýärler. Alymlar tarapyndan nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnol

Dünýäde ilkinji 6G antenna döredildi

Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr. 2028-nji ýylda ornaşdyrylmagyna garaşylýan mobil aragatnaşygyň altynjy nesliniň ulanyljak ugurlarynyň biri hem adamlaryň arasynda aragatnaşyk üçin hakyky gologrammalaryň döredilmegi bolar. Gürleşýän adamyňyzy görmek bilen çäklenmän, eýsem, göwrümli şekili arkaly onuň bardygyny duýmaga mümkinçilik berýän wideo jaňlaryny göz öňüne getiriň.

Türkmenistanyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy. Resminama laýyklykda, pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurdumyzyň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy. Resminama laýyklykda, pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurdumyzyň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Huawei kompaniýasy Merkezi Aziýada intellektual ulgamlary ösdürmegi tizleşdirýär

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde “Ähli serişdeleriň kömegi bilen intellektual ulgamlaryň ösüşini çaltlandyrmak” temasy boýunça Huawei Cloud TechWave Summit 2024 sammiti geçdi. Bu barada «Kazinform» halkara habarlar agentligi habar berýär. Çärede Huawei kompaniýasy binäçe önümleri we çözgütleri bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda Huawei-iň emeli intellektli (Cloud AI Video Service) bulut wideo funksiýalary ulgamyndaky tehniki resminamasy hem-de maglumatlaryň konwergensiýasy hem-de emeli intellekt ulgamyndaky eko ulgamlaryň birleşeginiň täze görnüşi bar. Bu birleşik Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynda hem-de senagat pudaklarynda intellektual döwrebaplaşdyrmagy tizleşdirmäge gönükdirilendir. Huawei-iň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça prezidenti kompaniýanyň bu ýörelgä ygrarlydygyny tassyklady.

Karz serişdeleri — ilata

Welaýatymyzda karz beriş edaralary raýatlar üçin gapylaryny giňden açýarlar. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bank ulgamynda döredilýän hyzmatlardan ýerlikli peýdalanýarlar hem-de bu amatly hyzmatlar üçin sagbolsun aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylyşy, nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçilikleri, maglumatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi, ilata karz serişdeleriniň berlişi we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri barada bilim bermek we düşünjelerini berkitmek maksady bilen şu günlerde bank ulgamy tarapyndan zähmet adamlarynyň we talyplaryň arasynda ýörite okuwlar guralýar. Karz serişdeleriniň berlişine dahylly okuwlar raýatlar üçin has hem peýdaly boldy. Karz serişdelerini bermegiň esasy maksadynyň adamlaryň maliýe meselelerini çözmäge kömek bermekden, ýaşaýyş-durmuşlaryna maliýe taýdan oňyn täsir etmekden ybaratdygy raýatlara düşündirilýär.

Halyçy gyzlaryň arasynda haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda çeper elli halyçy gyzlaryň arasynda “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly gelin-gyzlaryň haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyp geçirilýän bu bäsleşik, Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan halyçy gelin-gyzlaryň çykyşlaryny bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek üçin siz hem öz sesiňizi 0560 gysga belgisine toparyň degişli kod belgisini iberip bilersiňiz! Ses berişliginiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bilersiňiz! Toparlar:

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen deň hatarda bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çylşyrymly tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmek bilen milli ykdysadyýetimize kämil ulgamy ornaşdyrmaga badalga berildi. Bu bolsa bilim ulgamynyň işinde hem öňegidişlikleri gazanmaga giň ýol açdy. Internetiň, sanly ulgamyň üsti bilen okuw sapaklaryny guramak, okatmagyň täzeçe usullaryna çemeleşmäge giň mümkinçilikler bar.

Aragatnaşyk ulgamynyň aýdyň ýoly

Adamzadyň ösüşlerini, öňegidişliklerini ýollardan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Ähli gatnaşyklar ýollar bilen bagly. Ýollary gurmak, emele getirmek welin, köňülleriň töründäki isleglerden başlanýar. Orta asyrlarda Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly kemala gelipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilen eziz Diýarymyz bolsa, hemişe-de netijeli gatnaşyklaryň tarapdary bolmagynda galýar. Ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmek babatda halkara maslahatlarydyr duşuşyklaryň geçirilmegi hem-de golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi, ata-babalarymyzyň ýola beren ünsüniň häzirki döwürdäki şöhlelenmesidir.

2030-njy ýyla çenli sürüjisiz we awtonom ulaglaryň bazary 2-4 esse artar

«SBS Consulting» kompaniýasynyň seljerijileri «2030-njy ýyla çenli emeli aňyň mümkinçiliklerine esaslanýan EA we sanly tehnologiýalaryň ösüş tendensiýalary» atly barlag-gözleg işleriniň netijesi esasynda şeýle çözgüdi kabul etdiler. Barlag-gözleg işleriniň netijelerine esaslanyp, hünärmenler 2030-njy ýyla çenli iň çalt ösýän ugruň ýeňil awtoulaglar bilen bagly boljakdygy hakyndaky netijäni tassykladylar.

Ýolsuz ýerde hereket edýän «BYD Shark» 14-nji maýda tanyşdyrylar

«BYD Auto» kompaniýasy «BYD Shark» atly ilkinji elektrik pikabynyň 14-nji maýda peýda boljakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Onuň tanyşdyrylyşy Meksikada geçer.   «BYD Shark» DMO (Dual Mode Off-Road, ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň supergibrid platformasy) esasynda gurlup, ol ýolsuz hem gaty ýerlerde peýdalanmak üçin esaslandyryldy. Ulagyň gurluşynda uly hem dörtburç çarçuwa ulanyldy.

Töleg hyzmaty işe girizildi

Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi. “Öz Telegram sahypaňyzda habar ýazyp, gerek zatlaryňyzy sargyt etmegi göz öňüňize getirip görüň. Munuň üçin biz bu gün botlar arkaly töleg etmek hyzmatyny hödürleýäris. Bu hyzmat botlara öz ulanyjylarynyň töleglerini kabul etmäge mümkinçilik berer” – diýlip, Durowyň habarynda bellenilýär.

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

ABŞ-nyň NASA kosmos gullugy  Aýda otly gatnawyny amala aşyrmak üçin ilkinji ädimini ätdi. ” Flexible Levitation on a Track” (FLOAT) atly taslamanyň 2030-njy ýyllarda Aý bazasynyň işlemegi üçin “möhüm” boljakdygy bellendi. Taslamany amala aşyrýan toparyň pikirine görä, bu taslamanyň Aýda ýüze çykarylan serişdeleri daşamagyň ygtybarly we özbaşdak usulyny üpjün etjekdigi bellendi.

Özbegistanda iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

Ýurduň Prezidentiniň Karary bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Jizzah welaýatlarynda iki sany ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça maýa goýum şertnamasy tassyklandy. Habarda bellenilişi ýaly, desgalaryň gurluşyk işleri Hytaýyň «Universal Energy» kompaniýasynyň «Peak Wind Alpha» we «Peak Wind Beta» golçur kärhanalary tarapyndan alnyp barlar. Taslamanyň her biri 250 megawat kuwwata eýe bolan iki sany ýel elektrik stansiýadan hem-de elektrik geçiriji ulgamlardan ybaratdyr. Desgalaryň gurluşy üçin aýratynlykda 250 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

Howany arassalaýjy desga guruldy

Islandiýada dünýäniň iň uly howany arassalaýjy desga işläp başlady. «Mammoth» howadan kömürturşy gazyny sorup alýan ikinji desga bolup, ol 2021-nji ýyl işe girizilen birinji howa arassalaýjydan 10 esse uludyr. Ol «Climeworks» kompaniýasy tarapyndan guruldy. «Mammoth» desgasy howadan kömürturşy gazyny sorup alyp, ony Ýeriň aşagyna goýberýär. Ol atmosferadan ýylda 36 müň tonna uglerody aýyrmaga ukyplydyr.

Ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy

Hindistanyň «Tata Electronics» öndürijisi ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe Ýewropa ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi. — Eger biz bu segmentlerde ulanylýan çipleriň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine ünsi jemlesek, Hindistan mikroshemalar pudagynda dünýä lideri bolup, olary eksporta iberip biler – diýip, respublikanyň aragatnaşyk, elektronika we sanly tehnologiýalar ministri Aşwini Waýşnawa belledi.

Çärýek asyrdan soň görnüşini üýtgetdi

«Nokia» markasynyň hukuklaryna eýe bolan «HMD Global» kompaniýasy 1999-njy ýylda bazara çykarylan «Nokia 3210» telefonunyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. «Nokia 3210» (2024) 2,4 dýuým reňkli TFT ekrana eýe bolup, ol LED 2 MP esasy kamera, 64 MB RAM we 128 MB içerki ýady bolan «Unisoc T107» çipi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle-de täzelenen enjamda mikroSD we 3,5 mm gulaklyk dakmak üçin ýörite ýer goýlupdyr. Mundan başga-da, «Bluetooth 5.0» we kuwwatlandyrmak üçin «USB C» porty bar.

«Samsung» hindi bazarynda liderligini ýitirdi

«Counterpoint» gözleg kompaniýasynyň bilermenleri «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky bazar paýynyň 17,5 göterime çenli peselendigini habar berdi. Netijede, kompaniýa mundan bir ýyl ozalky liderligini ýitirip, ýurduň degişli bazarynda üçünji orna düşdi. Bazarda birinji we ikinji orunlary degişlilikde, «Vivo» hem-de «Xiaomi» kompaniýalary eýeleýär. Olaryň degişli bazardaky paýy 19,2 we 18,8 göterime deňdir. Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylda «Samsungyň» hindi bazaryndaky paýy 20,3 göterime deňdi.