"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ýokumly işdäaçar

Gerekli önümler: 110 g kelem, 62 g käşir, 62 g gök otlar, 50 g hyýar, 5 g şeker, bir nahar çemçe günebakar ýagy, tagamyna görä, duz.

Ülje şiresi

Gerekli önümler: ülje, alma, gyzyl alça, şeker.

Sahawat eçilýän günler

Päkligiň baýramy Säher Gün doganda guşlar saýraşyp,Ojaklara rysgal-döwlet paýlasyn!Toý döwresi gurşap alsyn her öýi,Ülkämiziň dag-deresin, ýaýlasyn.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň baýlygy

Maşgala biziň jemgyýetimiziň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Onuň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine hem täsir edýär. Il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar. Ynsanyň jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden--göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. «Maşgalam — baş galam» diýlip, ýöne ýerden aýdylanok. Her bir maşgala, ilki bilen, ata-enäni sylamagy, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşynyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýmaga çalyşýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämiziň ýazylmadyk kanunydyr. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere görelde bolup duran il sylagly ýaşulularymyz hem şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir.  Maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, ony gorap saklamak, nesil dowamlylygy, çaganyň terbiýesi — döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her maşgalanyň abatlygy, sagdynlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Asyrlaryň jümmüşinden öz gadyr-gymmatyny, many-m

Ene mähri — çäksiz umman

Enä hormat goýmak halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdan iň gymmatly däpleriniň, ýörelgeleriniň biridir. Ene hakynda ýazmadyk şahyr, aýtmadyk akyldar ýok. Çünki eneler dünýäniň dowamatyny, dowamyny döredýän, ony äleme getirýän güýçdür. Ene dünýädäki iň mähriban ýüzdür, iň süýji sözdür, iň mylaýym eldir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda iňňän jaýdar pikirler ýöredilýär. Kitapdaky: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir» diýen setirler kalbyňy täsin duýgulardan pürepürleýär. Enäniň kalbyndan çykýan ýakymly owaza ýugrulan hem-de ýagşy dileglerden düzülen hüwdüleri çaga terbiýe bermekde ädilýän ilkinji ädimlerdir. Şol ýakymly owazlarda enäniň arzuw-umytlary, maksat-myratlary ýaňlanýar. Çaga ene hüwdüsi bilen ösýär, ulalýar. Her bir ata-ene öz perzentleriniň ylymly, bilimli edepli-ekramly, arly-namysly, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegini arzuw edýär. Türkmenlerde: «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde, oň edebi nesillere ýörelge», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz, ýigit atadan görüm görmese, saçak ýazmaz», «Gyz edebi — il edebi» diýilmeginiň düýp manysy türkmenleriň başynyň täjine, gözüniň görejine deňelip ezizlenen zenanlaryň maşgaladaky ornunyň belentdiginiň türkmeniň tuguna meňze

Tang­ram – peý­da­ly oýun

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ça­ga­la­ryň be­den taý­dan tap­lan­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. Bu dö­wür­de açyk ho­wa­da has köp wagt ge­çi­ril­ýär, oý­nal­ýar, we­lo­si­ped sü­rül­ýär, sport bi­len meş­gul­la­nyl­ýar. Oýun­lar ça­ga­la­ryň ze­hin we be­den taý­dan ös­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Şeý­le oýun­jak­la­ryň bi­ri hem tang­ram ha­sap­lan­ýar. Ir­ki dö­wür­ler­de peý­da bo­lan bu oý­na­waç 7 sa­ny tag­ta bö­le­ji­gin­den yba­rat. Dür­li ulu­lyk­da­ky tag­ta bö­le­jik­le­ri bi­len öz ukyp-ba­şar­ny­gy­ňa, hy­ýa­ly güý­jü­ňe gö­rä ýüz­ler­çe şe­ki­li ýa­sap bol­ýar. Bir­leş­di­ri­len­de dört­burç­luk şe­kil­li bol­ýan tag­ta bö­lek­le­ri dür­li şe­kil­li bö­le­jik­ler­den yba­rat­dyr. Bu oýun geo­met­ri­ýa­ny has aň­sat öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Öň­ki dö­wür­de agaç­dan ýa­sa­lan bu oý­na­waç hä­zir­ki wagt­da plast­mas­sa­dan ýa-da ka­gyz­dan hem ön­dü­ril­ýär. Ýe­ke özüň oý­nap bol­şy ýa­ly, deň-duş­la­ryň, maş­ga­la ag­za­la­ryň bi­len hem oý­nap bol­ýan aý­ra­tyn ukyp ta­lap et­me­ýän tang­ram wag­ty­ňy­zy peý­da­ly ge­çir­mä­ge, dö­re­di­ji­lik uky­by­ňy­zy art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Oýun­jak dü­kan­la­ryn­da sa­tyl­ýan tang­ra­my özü­ňiz hem ýa­sap bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin kar­ton ka­gy­zy, çyz­gyç, gaý­çy, ruç­ka, reňk­li ga­lam­lar ge­rek.

Söýgiň kadasy

«Seni söýüp göz ýetirdim bir zada...» G.Ezizow.

Perzent edebi

Nesil terbiýesi baradaky alada hormatly Prezidentimiziň esasy üns-aladalarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzda perzent edebine uly üns berilýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, Watana, halkymyza wepaly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda milletimiz çaga edebinde ruhy hem-de beden taýdan sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýörelgelerine daýanýar we şol ýoluň inçe syrlaryny gitdigiçe kämilleşdirýär. Çaga her bir maşgalanyň guwanjy, ýurduň genji-hazynasy. Türkmen maşgalasynda çaganyň orny, halkymyzyň çaga terbiýesine garaýşy barada gürrüň edilende, halk arasynda giňden ulanylýan «Çaga — durmuşyň güli» diýlen pähimli sözler seriňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk köpçüligine gowşan nakyllardyr atalar sözlerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitap perzent edebinde uly gollanma boldy. Bu kitaby okap, akyl-paýhasyň, ýiti aňyň, ýatkeşligiň, suhangöýlügiň eýesi bolan parasatly pederlerimiziň paýhasly sözleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş tejribelerini, dünýägaraýşyny özünde jemleýändigine göz ýetirýäris.

Maşgalanyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmazdan burun» diýip, örän jaýdar belläpdir. Hawa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asuda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän saglyk syýasatynyň düýp özeninden hem edil akyldar şahyrymyzyň şu sözleri eriş-argaç bolup geçýär. Sebäbi kesel bolmazdan öň sagdyn bedeniň, sagdyn ruhuň gadyryny bilip, «Kesel bolup bejergi alanyňdan, onuň öňüni alanyň ýeg» diýýän türkmen halkymyzyň dana pähim-paýhasyndan ugur alýan Arkadag Prezidentimiziň her bir tutumynda, amala aşyrýan il bähbitli işlerinde adamlaryň jan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ýaly päk niýetleriň, rowaç maksatlaryň durýandygy hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlislerinde beren tabşyryklarynyň esasynda, daşary ýurtlarda ýüze çykan ýiti öýken sowuklama keselini dörediji täze koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz wezipeler we wajyp çäreler kesgitlendi. Ýurdumyzyň dürli künjeginde täze gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk öýleri, hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler, sport desgalary we beýleki binalardyr desgalar, oba-şäherlerde ýaşaýan maşgalalara edilýän öňüni alyş sanjymlarydyr berilýän derman serişdeleri, lukmançylyk kömekleri, edara-kärhanalardyr jemgyýetçi

Çile saçy

Çaga dünýä inenden soň, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlar berjaý edilýär. Olaryň biri-de galpak toýudyr. Galpak toýunda çaganyň saçyny daýysyna aldyrmagyň aňyrsynda çuňňur many bar. Çünki ene perzendiniň başyny erkek doganyna ynanýar. Ýaş enäniň öz dogan-garyndaşlaryny ýygy-ýygydan göresi gelýär. Şonuň üçinem naçar doganynyň halyndan habar alan erkek dogan sogap gazanýar diýen ynanç bar. Çaganyň galpak toýunda haýsydyr bir saý-sebäp bilen çaganyň ilkinji saçyny başga biri almaly bolaýanda-da, daýy sarpasyny saklap, çokul, käkil, gulpak, zülp, alynsaç diýlip atlandyrylýan daýy paýyny goýupdyrlar. Şol saçlar daýysy öýe myhman gelende aldyrylyp, oňa sowgat berlipdir. Soň-soňlar adamlar şol goýlan saçlara çaganyň uzak ýaşamagy, maşgalada çagalaryň köpelmegi bilen baglanyşykly edilýän ýagşy dileg hökmünde garapdyrlar. Çile saçlary yzy tirkeşikli bolsun diýen niýet bilen çaga kürtesiniň arka tarapyna tikilipdir. Käbir ýerlerde çaganyň çile saçyny onuň geljekde köküniň çeşmä ýetip, giň döwletiň eýesi bolmagyny arzuwlap, miweli daragtlaryň düýbüne gömüpdirler. Türkmen halky saç zir-zibile atylsa, çaganyň güýç-kuwwaty gaçýar, guş aýagyna çolap, höwürtge ýasansa, akyl-huşy üýtgär, har edilen saç görküni ýitirer diýen ýaly ynançlaryň üsti bilen nesilleriň arasynda gowy gylyk-häsiýetleri we endikleri terbiýeleýär.

Maşgala bagtyýarlygy — döwletiň baş wezipesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň bir ülüşi hasaplanýan maşgalanyň abadançylygyny gorap saklamak, bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda kanunalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar, maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonçada hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz bolsa türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Maşgala jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini kesgitleýän wajyp institutdyr. Döwlet onuň berkemegine we abadançylygyna ýardam etmek bilen, öz ösüşiniň esasy wezipelerini çözýär. Ynsan mertebesiniň maşgala çygrynda deňlik we birek-biregi hormatlamak esasynda üpjün edilmegi adam hukuklarynyň anyk durmuş, ykdysady we syýasy şertlerde iş ýüzüne geçirilmegine mümkinçilik berýän serişdedir. Maşgala gymmatlygy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgeleriň esasynda has-da berkeýär. Ol maşgala gatnaşyklarynyň pugta bir maksatda jemlenmeginiň esasynda kemala gelýär. Maşgala, ilkinji nobatda, är-aýalyň arasyndaky bir-birege garaýyşlaryň birliginden örňäp, jemgyýetde sazlaşykly häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Çaga terbiýesinde maşgalanyň orny

Hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Maşgala iki ýaş juwanyň biri-birine bolan mähirli gatnaşygyndan, söýgüsinden we olaryň kanuny nikalaşmagyndan emele gelýär. Maşgalanyň arzuwy, göz-guwanjy bolan çaga dünýä inenden soň ata-enäniň bar aladasy çagany terbiýelemek, ony sagdyn ösdürmek bolup durýar. Maşgala terbiýesinde ata-enelere uly orun degişlidir. Çagalaryň nähili terbiýe aljakdygy, ilkinji nobatda, ata-enäniň şahsy göreldesine baglydyr. Ata-eneleriň özlerini alyp baryşlaryndaky iň ownujak hasaplanylýan zatlar hem terbiýelenilýän çagalarda belli bir häsiýetleri döredip biler. Sebäbi çaga ene-atasyna, özünden ululara meňzejek bolup çalyşýar.

Keçe basmagyň ussady

2003-nji ýylda dünýäniň iň uly halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan «XXI asyr — Türkmeniň Altyn asyry» atly haly barada, onuň dokalyş aýratynlygy hakynda köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu ajaýyp gözelligi ýakyndan synlanlaryňyz hem bardyr. Hawa, hakykatdan-da, hem türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden dörän bu täsin haly göreniň ünsüni özüne çekýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk baýramyna çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly toý sowgady bolan äpet halyny dokamaga halyçylaryň 40-sy gatnaşdy. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowadyr. Haly dokamaga höwes onda çagalygyndan döräpdir. Entek mekdep okuwçysydygyna garamazdan, Gurbangözel ökde halyçylar bilen haly dokamaga başlaýar.

Çaga terbiýesinde nakyllaryň orny

Ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň esasylarynyň biri hem nakyllardyr. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygydyr, edep-terbiýe mekdebidir. Nakyllar çagalara öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär. Çaga her bir hereketinde, özüniň geljekki durmuşynda ony sapak edinýär.

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biri il-gün bolup ýygnanyşmakdyr. Birek-biregiň didaryny görüp, hal-ahwal soraşmakdyr. Şeýle däp-dessurlara halk döredijiligi eserlerinde ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Il-gün bolup ýygnanyşmak dessury soňlugy bilen maşgala myhmansöýerligi ýaly ajaýyp däpleriň halkymyzyň durmuşyna ornaşmagyna itergi beripdir. Halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlarynyň aňyrsynda birwagtky köpçülik bolup ýygnanyşmak dessurynyň bardygyny nygtasymyz gelýär. Birek-birekden habar almak, halyny bilmek, ýagdaýlaryny soramak, özgäniň ykbaly bilen gyzyklanmak ýaly asylly häsiýetler adamda duýgudaşlygy terbiýeleýär. Onuň diňe özüni bilýän adam däl-de, özgeleri hem pikir edýän ynsan bolmagyna getirýär. Ynsan bolsa hemişe ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gatnaşyklaryň, pikirleriň gözleginde gezmelidir.

Nesil terbiýesinde maşgalanyň orny

Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, ata-enäniň, çagalarynyň, il-günüň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Maşgala — bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgala agzalary näçe agzybir, maşgalabaşynyň sözi ýerinde ýöreýän bolsa, şol öýe döwletem, mertebe-de ýaraşýar. Türkmençilikde «Bina bolmasa, binýat bolmaýar» diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň orny gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň, enäniň orny mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelnem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa, bagtam şol öýe hemişe gülüp bakýar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulularyň sözi ýöreýän ýerde bolýar. «Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýilmegem, ulularyň sözüniň ýöremeýän ýerinde, diýeni edilmeýän öýünde agzalalygyň, dawa-jenjeliň, oňşuksyzlygyň bolýandygyny aňladýar. Maşgala agzalarynyň hersi öz ornunda durup, birek-birege düşünişseler, ol ojak agzybir, bagtly öý hasaplanylýar. Bir dana «Nähili maşgalany bagtly maşgala hasaplaýarsyňyz?» diýip sorag berenlerinde, ol: «Birek-birege düşünişýän maşgala bagtlydyr» diý

Ene hüwdüsinden başlanýan söýgi

Ene söýgüsi — keramatly güýç. Oňa taý geljek zady näçe uzak oýlansagam tapmak mümkin däl. Çünki ol edil ylym ýaly çäksiz barlyk. Perzendiniň sallançagyny üwräp, gijäni ukusyz geçiren ene: «Ýadadym, irdim» diýmez, gaýta «Aýlanaýyn adyňdan» diýip hüwdi aýdar. Ýer togalagyny ýyladýan — bu ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň mähirden dokalan aýasynyň sypan başlaryna hatda keselem kär edip bilmez. Enäniň bagtlylygyny artdyrýan zat perzendiniň durmuşda ilhalar, Watana wepaly perzent bolup ýetişmegidir. Ene bilen perzent — olar iki ten we bir jandyr. Perzent enäniň bagrynyň parasydyr. Ýetginjeklik ýaşyna ýeten çaganyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli ene ýüregi näçe ezilse-de, balasyna käýemez. Gaýtam: «Oglum ýigit çykyp barýar» diýip, oňa öwüt berer. Soňra mähriban ene perzendini çagyryş boýunça Watan gullugyna ugradar. Şol pursat enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Sebäbi ähli türkmen enesi-de perzendine näçe «Balam, balam» diýse-de, jigerbendiniň Watan ogludygyny her pursatda duýup ýaşaýar, perzendini il-gün üçin, Watan üçin kemala getirýär. Hatda özüniň ýekeje dikraram bolsa, halkyň bagty ugrunda alnyp barlan söweşlere ogluny ugradan merdana türkmen zenanlarynyň sanardan kändigine taryh gözli şaýatdyr. Şol sebäpli-de türkmen ýigitleri Watany goramagy öz öňündäki mukaddes borç, belent mertebe hasap edýär. Çünki Watana bolan beýik söýgi olaryň kalbyna ene

Bagtyň asman belentligi

Arzuwlaryň, umytlaryň şol belentlige çykmagy söýgi diýlen müň bir syrly duýgynyň tebigatynda bar. Ýöne siz bagt toýuny asmanda tutan jübütleri görüpmidiňiz? Hawa, seýrek, onda-da juda seýrek ýagdaý. Seýrek hem bolsa, edil şeýle toý 23-nji iýunda Lebap welaýatynda tutuldy. Türkmenabatly ýigit Arslan Çaryýew Hojambaz sebitlerinde önüp-ösen magşugy Aýgül Jepbarowa bilen durmuş toýuny hut uçaryň üstünde, ýerden müňlerçe metr belentlikde tutdy. Şeýdip, bagt ýene bir gezek asman belentligine çykdy. Ýöne bagt şeýle bir belentlige çykyp bilýän eken welin, onuň ýanynda asman dagy ho-ol aşakda galyberýär. Aslynda, Arslan bilen Aýgülüň bagty düýn ilki bilen şol belentlige çykdy-da, jübütler laçyn kamatly uçaryň biline gonansoň, asman belentligine çenli indi. Biziň nygtamak isleýän belent bagtymyz — bilelikdäki durmuşa gadam goýan jübütleriň ak patany hut hormatly Prezidentimiziň özünden almagydyr.

Çagalaryň goragynyň kanunçylyk esaslary

Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Döwletimizde çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge we halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde çagany goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, saglygyny gorap saklamak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, maddy we durmuş ýeňillikleriniň ygtybarly hukuk, durmuş kepillikleri döredilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriniň Milli meýilnamasy» we ondaky çäreler giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde Birleşen Milletler Guramasy bilen örän netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň çagalar babatynda kabul eden resminamalarynyň onlarçasyna gatnaşýar. Olaryň hatarynda Çagalaryň diri galmagyny, goralmagyny we ösmegini üpjün etmek hakyndaky bütindünýä Jarnamasyny, Çagalaryň halkara o

Ejeli günlerim — eziz günlerim

Kitap — keramat diýilýär. Onuň sahypalaryny agdardygyňça, çuň many-mazmunyny aňyňa ýazdygyňça gözleriň nurlanyp, ýüregiň aram tapýar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň birnäçesini bize Gahryman Arkadagymyz serpaý berdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri okanymdan soň kalbymda gatbar-gatbar bolup, dünýä inip bilmän ýatan ene hakyndaky pikirlerim ak kagyzda aýan boldy. Ah, çagalyk ýyllary, çagalyk ýyllary! Görsene, eýýäm ol döwürlerden bäri näçe ýyllar geçipdir. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalaryny alyp galan obamyzyň seleň säherleri, güneşe baý gündizleri, mahmal gijeleri edil häzirki ýaly ýadymda. Şol gijeleriň dymyşlygyny diňe jyzlanlar bozaýmasa, başga hiç zat bozanokdy. Jyzlanlaryň sesi eşidilip başladygy biz ýerli-ýerden gozgalaň tapyp, ozal ejemizdir kakamyzy ýadadan sowallarymyzy ýene gaýtalap başlardyk. Birimiz: «Kaka, kaka, jyzlan diýdiňmi, olar uzak ýaşamaýar diýdiňmi?! Nämüçin?! Ýogsa-da, olar näme üçin görnenoklar?!» diýip sowal bersek, ýene birimiz: «Eje, jyzlanlar diňe gije oýanýarlarmyka?! Olaryň sesi gündiz-ä eşidilenok» diýen ýaly sowallar bilen uzyn günki agyr zähmetden soň zordan başlary ýassyga ýetýän ezizlerimize azar ýamanyny bererdik. Olar bolsa gapymyzdaky ullakan sekiniň üstüne al-elwan düşekleri düşäp, gülli ýorganlar bilen üstümizi örtüp, sekiniň her çetinde biri ýatyp, bizi bolsa orta üýşürip irkilerdiler. Biziň bolsa wagty bilen uk