"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmen saçagynyň berekedi

Halkymyzyň özboluşly, baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hem milli tagamlarydyr. Gözbaşyny, döreýiş taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýan, asyrlaryň dowamynda kämilleşen halkymyzyň datly tagamlarynyň beýany hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çapdan çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda jemlenendir. Okyjylary türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyşynyň özboluşly usullary bilen tanyşdyrýan bu kitap ýaş nesillerimiziň milli mirasymyzy içgin öwrenmekleri üçin hem ähmiýetli orna eýedir.

Körpelere okap beriň!

Düýş Ejesi diýýär:«Ertirlik taýýar.Turaý, Wepa jan, Gün dogdy eýýäm».

Milli tagamlar — milletiň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitaby okyjylarymyzyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Gazetimiziň şu sanynda «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitapdan türkmen tagamlarynyň käbirleri baradaky ýazgylary okyjylarymyza ýetirýäris.

Degişmeler

— Sen surat çekip bilýäňmi? — diýip, myhmançylyga gelen daýzasy Döwranjykdan soraýar. — Hawa.

Edep bilen bagt tapylar

Çaga ýaşlykdan görüm-göreldä eýerýär. Perzendiň edep-terbiýesiniň düýp binýady bolsa terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanylýan maşgaladan gözbaş alýar. Ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzent üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Türkmen halky öz perzendiniň edepli, bilimli, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Şol ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da dowam edip gelýär. Edeplilik, adamkärçilik, medeniýetlilik ilki bilen salamdan başlanýar. Edeplilige ahlaklylygyň daşky ýüze çykmasy hökmünde hem düşünmek mümkin. Edeplilik we onuň her bir ynsan üçin näderejede ähmiýetlidigi barada Gündogar akyldarlary hem ajaýyp pikirleri aýdyp geçipdirler. Orta asyrlarda ýaşan Gündogaryň görnükli söz ussatlarynyň biri Jelaleddin Rumy: «Ynsan ogly edepden nesibesini almasa, ynsan däldir. Esasan, ynsan bilen haýwanyň arasyndaky parh hem edepdir» diýip belleýär.

Asyrdan aşan ömür

Ýaşy bir çene baran ene hyk-çoklap ulaga mündi. Soňam özüni dürsäp: — Bi ýaşdan soň ýola çykmagam ýeňil däl welin, onda-da ejemden habar almasam, ýüregim hiç ynjalanok-da — diýip, jaýlaşyp oturansoň aýtdy.

Ene öwüdi (Durmuş pursatlary)

Türkmençilikde gyz maşgalanyň edepli-ekramly, eli işli bolmagy üçin ene-mamalarymyz asylly görelde bolup, olary ýaşlykdan zähmet terbiýesine imrindiripdirler. Mährem enelerimiz gyzlaryny görüm-göreldeli ýetişdirmek bilen, biş-düş taýýarlamak, el işlerini kemsiz öwredipdirler. Dana ata-babalarymyzyň «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini» diýen sözi çagalygymdan bäri gulagymda galypdyr. Bu parasatly sözleri ýatlap, ýaşlyk ýyllaryma dolananymy duýman galýaryn. Ejem aýal doganlaryma we maňa edep-terbiýe, edim-gylym, däp-dessur bilen baglanyşykly maslahatlaryny bermek bilen, hemişe zähmetsöýer bolmalydygymyzy, özümizden ululary sylamalydygymyzy, dogruçyl bolmalydygymyzy ündärdi.

Röwşen geljegiň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň hem-de ýaşlaryň saglygyny, hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy hem durmuş ýeňillikleriniň köptaraplaýyn ulgamy, ygtybarly hukuk kepillikleri döredildi. Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan ýaş raýatlar üçin durmuşda oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere has jogapkärli çemeleşip gelýär. Ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary gyşarnyksyz berjaý edýär.

Ýagşy ene ýagşy gyza görelde

Dana pederlerimiz irki döwürlerden bäri perzent terbiýesine iňňän uly ähmiýet beripdirler. Türkmenlerde maşgala çaga terbiýesiniň ojagy hasaplanylýar. Her bir ata-ene bäbeklik döwründen başlap, çagasynyň terbiýesine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Perzentleriň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy wezipe maşgalanyň üstüne düşýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ýörite belläp geçýär. Çaga dünýä inenden soň, maşgaladaky uly ýaşly adamlaryň bar aladasy çaga terbiýesi bolýar. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesiniň özboluşly aýratynlygy bardyr. Ol hem ulalandan soň gyza ejesiniň, ogla kakasynyň terbiýe bermegidir. Mysal üçin, ejesi gyzyna tikin-çatyn etmek, haly, palas dokamak, nahar bişirmek, kir ýuwmak ýaly işleri öwredýär. Oglany köplenç kakasy ýa-da babasy terbiýeleýär. Olar oglanlarda mertlik, çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik, birsözlülik ýaly häsiýetleri terbiýeläp, ýaltalyk, kezzaplyk ýaly ýaramaz endikleriň zyýany barada düşünje döredipdirler. Ata-eneler perzentlerinde şeýle asylly sypatlary kemala getirmekde halk döredijiliginiň eserlerinden peýdalanypdyrlar.

Maşgala — terbiýe ojagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň sarsmaz binýadyny gurmak, ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly derwaýys işleriň her bir maşgaladan başlamalydygy baradaky nesihatlary, maslahatlary esasynda bu babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenlerde maşgala ähli döwürde hem erkek kişi ýolbaşçylyk edipdir. Bütin maşgalanyň jogapkärçiligi onuň üstüne ýüklenipdir. Könelerimiz öý bikesiniň maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini beýgeltmekde, agzybirligini berkitmekde bitirýän işlerine mynasyp baha beripdirler. Şeýle garaýşyň durmuşylygyny ata-babalarymyzyň döreden «Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär», «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda» ýaly pähimli jümleleri tassyklaýar. Maşgala agzybirliginiň binýadynyň esasyny zenan maşgala tutýar.

Olar nädip uzak ýaşadylar?

Geliň, özlerinden eşideliň! Olar uzak gürlemeýärler. Çendan-çendan ýylgyrýarlar... ýene-de uzak dymyşlyk. Hakyda ýumagyny yzyna sarap, asyrdan aňyrda galan geçmişine syýahata giderler. Ol ýerde garramaýan çagalygyna, baky juwan ýaşlygyna... düşleg ederler. Günler galňar gider oturar... Ömür saly asyr aşan adamlar bolsa onuň her sekundynda, minudynda Hudaýa bolan şükürlerini tesbi kimin yzly-yzyna birme-bir dile getirer oturarlar. Kädaýymam... «Her bir sözüňiz ýüregimizde teperrik bolsun! Uzak ýaşamagyň syry nämede? Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin maslahatyňyzy beräýiň!» diýen jümleler eşidiler. Az pursat dymarlar-da, şükür bilen söze başlarlar...

Bagtyýarlygyň gujagynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýan halkymyzyň ümzügi ileri. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mähriban eneler we döwletliligiň başy bolan çagalar hakdaky alada ünsden düşürilenok. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde gurlan 4 gatly, ýokary amatlyklary bolan, köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndan sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren maşgalalara sowgat bermegi Gahryman Arkadagymyzyň enelere we çagalara goýýan hormatynyň bimöçberdigini ýene-de bir gezek aýan etdi. Giňden ýazylan saçagyň başyna ýygnanan agzybir maşgalalary göreniňde, olaryň bagtly günleriniň şaýady bolýandygyňa buýsanýarsyň. Şol pursat olaryň ilkinji sözleriniň halkymyzyň hak howandary — Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlar bilen başlanmagy bolsa, bagtyýar maşgalanyň bagtdan paýly, sylagdan serpaýly bolup, asuda Watanymyza, hormatly Pezidentimize buýsanyp ýaşaýandygyna guwanýarsyň.

Çaganyň ýalňyşyna dogry bellik etmek

Redaksiýadan:Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris. Ene-atalara kömek

Supra ýaraşygy — myhman

Halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynda nesilden-nesle dowam edip gelýän myhmansöýerlik aýratyn orun eýeleýär. Myhmansöýerlik barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda şeýle diýýär: «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir». Myhmansöýerlik — hormatdan, ynsan kalbynyň, gapysynyň-işiginiň, köňül öýüniň açyklygyndandyr. Bu ýagdaý şahyrlaryň dilinde şeýle beýana gelipdir:

Dünýä halklarynyň çagalar hakyndaky nakyllaryndan

 «7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Çaga eziz, edebi ondanam eziz.

Türkmen jemgyýetiniň özeni

Türkmen jemgyýetiniň özeni bolan maşgalanyň möhüm terbiýeçilik orny bardyr. Ol ýurduň ykdysady ösüşlerine-de oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin-de: «Maşgala kiçijik döwletdir» diýilýär. Agzybir, sagdyn, ruhy taýdan baý, berk maşgalalardan düzülen jemgyýet döwletiň dürs we kämil ýol bilen ösmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda amal edilýän işleriň her biri maşgalanyň abadançylygyna we berkligine gönükdirilendir. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, oba-şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dynç alyş sagaldyş merkezleri, sport desgalary maşgala hakdaky çuňňur aladalardan nyşan.

Tagzym size, mähribanlar!

Her gezek hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny elime alanymda, üýtgeşik duýgyny başdan geçirýärin. Eneler baradaky ähli ajaýyplyklaryň özenini özünde jemlän bu kitaby okan islendik adamda eziz käbäňe bolan çäksiz duýgyňy söz bilen, aýdymdyr saz bilen beýan etmäge itergi berýän güýç kemala gelýär. Şonuň üçin hem bu duýguly kitapdan täsirlenen adamlar öz käbeleri hakda zybanlaryndan dür saçyp, redaksiýamyza dürli žanrdaky makalalaryny yzygiderli ýollap durýarlar. Ene hakda ýazylan makalalaryň haýsy birini okasaň-da, süýjüden-süýji söhbetler gözüňi ýaşladyp, mähriban käbelerimiziň mukaddesdigini, keramatdygyny ýene bir gezek aýan edýär. Ýyllar aýlanyp, döwürler bizi çagalyk ýyllarymyzdan barha daşlaşdyrýar. Ýöne her gezek çagalyk döwrümiziň wakalaryny ýatlanymda, ejem janyň hozanak bolup, aladaly ýörşi göz öňümde janlanýar. Ejemiň maşgalasyna, çagalaryna, öý-ojagyna bolan yhlasyny şol wagt duýmadyk hem bolsak, indi özümiz eje bolup, maşgalanyň keşigi başymyza düşende oňa çuňňur akyl ýetirýäris. Ynha, garşymda oturan ýetmişiň onlugyny tegeläp barýan ejem janyň maňlaýyna düşen gasyn-gasyn ýygyrtlaryny oňa bildirmezden synlaýaryn. Kümüş zeri sepilen ýaly ak saçlary ýaşyna ýaraşyk berse-de, birwagtlar golaň ýaly uzyn saçly gelin bolup gezen günleri ol has owadan görünýärdi. Ol wagtlar gelinler saçyny uzaboýa örüp, ýeňsesinden goýberip

Maşgala edebi hazynadyr

Uzak ýaşan eneler bilen söhbetdeşlikde olar maşgala binýadynyň berkligine zähmetiň ýetirýän oňyn täsirini belleýärler. Maşgalada bu iş meniňki, bu iş onuňky diýen düşünjeleriň aradan aýrylmalydygyny tekrarlaýarlar. Şu ýerde, eger maşgala agzalarynyň biri uzak ýoldan, ýa işden aryp gelende, öýde galanlaryň oňa üns-alada bilen bakmaklarynyň zerurdygyny hem bellesek artykmaçlyk etmese gerek. Çünki ýadap gelen öz hossarlarynyň hemaýatyny, goltgusyny duýan halatynda agzybirlik hasam jebisleşýändir. Ýoldan aryp gelene yssy günlerde suw hödürlemek, sowuk pasylda gyzgyn çaý bilen hezzetlemek uly zähmeti talap etmeýänem bolsa, ol eýýäm ýürekleriň ýylysyny artdyrýar, özüňe berilýän ünsi duýmak mähirli gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. Islendik maşgalanyň işiginden ätläniňde şol öýüň tertip-düzgüni, girim-çykymy isleseň-islemeseň ünsüňdedir, Maşgalanyň ogul-gyzlarynyň, gelinleriniň özüni alyp barşyndan bularyň nähili edep-terbiýe bilen gurşalandygy mese-mälim duýulýandyr. Köki kemis daragt hiç haçan gök öwüsmeýär, miwesi datly bolmaýar. Wagtly-wagtynda agdarylyp, zerur bolanda suw tutulyp, söýgi bilen gurşalan toprakdan bol hasyl alarsyň. Wagtyny bilip gyrkylyp, timarlanyp, suwy ýetirilýän daragt göze gelüwlidir. Edil şonuň ýaly, nesil terbiýesinde-de ata-ene çaganyň damar-ganyna päklik, ýagşy niýetlilik, süýjüden-süýji arzuwlar gatmagy başaran bolsa, şol maşgaladan edepli perzende garaşsa b

Zenan ýüreginiň owazy

Ol günleri ýatlasam kalbym heýjana geliberýär. Köňül köşgümden setir-setir bolup geçýän gürrüňler zybanyma dolýar. Bu ýöne ýerden däl. Aradan bir menzil geçensoň, kän zadyň gadyry bilinýän ekeni. Aslymyz bir obadan bolsa-da, biri-birimizi tanamazlygymyz juda bir geň zat däl. Sebäbi ilki bilen-ä, ikimiziň ýaşymyzyň aratapawudy kän. Onsoňam, sen «iş, okuw» diýip, başga bir şäherlere gidip, bize birek-birek bilen duşuşmak miýesser bolmandyr. Ykbalyň oýnuny diýsene! Men saňa durmuş ýoluna rowana bolanymda sataşdym. Görsene, bu bolýan zatlary! Asyl, ikimiz bir mekdepde-de okan ekenik. Ýöne edil uzakda ýaşaýanlar ýaly bolup tanyşdyk, gepimiz-sözümiz alyşdy. Dogry, ilki kän zatlary wada bermek aşyklara mahsus zat. Ýöne sen maňa çakdanaşa öwnüp ýa-da özüňi gowy görkezjek bolup kän zady söz bermediň. Bir zady welin, janyň-teniň bilen aýtdyň. Näme üçindir oňa şol wagt üns bermändirin. Ýöne wagty gelende hemme zat öz-özünden ýerbe-ýer bolup duruberýär. Bu şeýle-de boldy. Söýgi bilen başlanan şol ajaýyp günlerde sen köp zatlary öňünden çözüp goýan ekeniň. Hiç ýadymdan çykmaýar. Bagt toýumyzyň öň ýanlaryndaky bir gün maňa durmuş, onuň çylşyrymly, çarkandakly ýollary, ony geçmegiň hupbatlary hakda aýtdyň. Meni hiç zada hor-zar etmejekdigiňe-de ynandyrdyň. «Şu wagt öňünden aýdýan, ikimiziň ýaşajak jaýymyzy hem özüm galdyrjakdyryn. Saňa özümiň hünärimi görkezip, jaý gurup bererin» diýipdiň. E

Günde aýdylmaly söz

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýändir. Ruhubelent, özüne ynamly we maksada okgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu jümleleri çagalaryna günde aýtmalydyrlar. 1. Biz seni gowy görýäris