Döwlet getiren perzent
«Ene bolmak bagty zenany hemişe buýsandyrýar. Ilkinji gezek däl, üçünji gezek bolsa-da, bu şeýle bolýan eken. Çünki täze şäheriň Täze ýylynyň ilkinji gününde ýene bir ogul perzendimiz dünýä indi» diýip, buýsançly gepleýän Ogulabat gelnejäni diňläp oturyşyma, oňa buýsanç bilen seredenimi duýman galypdyryn. Eýsem, buýsanmaz ýalymy, döwletli gelniň ýeten bagty her bir zenanyň iň gymmatly arzuwy ahbetin! Ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň döwletli maşgalasynda Gadam we Kakageldi atly iki oguldan soň dünýä inen çaga: «Döwletli öýe döwlet getiren perzent» diýip, arkaýyn aýdyp bileris.