"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Zenjebil (imbir)

Zenjebil ajyja tagamy we ýakymly ysy bilen tanalýan tebigy ösümlik bolup, dermanlyk hökmünde ulanylýar. Ol Ýaponiýada, Hindistanda, Indoneziýada hem-de Hytaýda tropiki we ýarym tropiki howa şertlerinde ösýär. Onuň esasy ulanylýan bölegi köki bolup, daşky gabygy goňur, içi bolsa sary reňklidir. Zenjebiliň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, witaminler, suw we mikroelementler bar. Ol saglygy goraýyş pudagyndan başga-da, köplenç, gazly we gazsyz içgi önümleriniň, ys berijileriň we kosmetiki şerişdeleriniň düzüminde ulanylýar. Zenjebil nämelere peýdaly?

Düzgünleri doly we berk berjaý edeliň!

♦Pasla görä geýinmeli.♦Gyş paslynda adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly. Olaryň aýakgaplary özüne laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, olaryň aşagy tekiz bolmalydyr.♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ösümlikler gurplandyryjy çeşmedir Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde nygtalyşy ýaly, ösümlikler tebigy dermanhanadyr. Şol nukdaýnazardan, ösümlikleriň mikroelement düzüminiň, olardaky ýakymly ysly maddalaryň bedene edýän täsirini bilmek zerurdyr.

Saglygyň gadryny bilgil...

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasyla görä geýinmeli.

Baş baýlygyň goragynda

Gyş paslynyň sowuk günlerinde saglygymyza has-da jogapkärli çemeleşmegimiz gerek. Şu babatda, ilkinji nobatdaky sagdynlyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmekligi ýatladýarys. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň;

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Pasyl çalşyp, howanyň sowamagy bilen, adama ýokuşyp biljek keselleriň biri-de, ýiti respirator ýokanç keselidir. Ondan goranmak üçin bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeli, sport bilen meşgullanmaly. Iň esasy-da, ruhy sagdynlygyň ähmiýeti uludyr. Şähdaçyklyk, durmuşa höwes, zerur şertleriň biridir. Galyberse-de, sagdyn iýmitlenmeli, ýurdumyzyň sahawatly topragynyň witaminlere baý önümlerini iýmeli. Özüňiziň we çagalaryňyzyň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik ediniň, howa laýyk geýniň! C witamine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli. Işleýän ýeriňizde we öýüňizde otaglary ýelejiredip, howasyny tämizläp durmaly.

Üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde, saglyk ulgamyny hem dünýä derejesinde ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary giň gerimde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, saglygy goraýyş we derman senagaty edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler barha rowaçlanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli lukmançylygyň täze belentliklere eýe bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär we sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar.

«...Hasta bolmasdan burun»

* Gyş paslynda howanyň sowamagy, ýagynly, garly bolmagy sebäpli paslyň aýratynlygyna görä geýinmeli. * Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Arassa howada gezelenç etmeli.

Bitaraplyk — bagtymyzyň binýady

Ata-babalarymyz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdirler. Häzirki döwürde bu ýörelge, dostana gatnaşyklarymyz has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyz daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli pudaklary bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmekde halkara tejribesinden ugur alynmagy, saglygy goraýyş edaralarymyza dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ynsan saglygyny dikeltmek, bejermek ýaly mukaddes kärde zähmet çekýän lukmanlar üçin hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Ajaýyp döwrümizde biz ― lukmanlara arman-ýadaman, yhlasly zähmet çekmek galýar. Çünki dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen takyk bejergileri ýola goýup, raýatlaryň saglygyny öz wagtynda netijeli goramak mümkinçiligi artýar. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň bagtyýar hünärmenleri iş tejribesini artdyrmak maksady bilen daşary döwletlerde okuw saparlarynda bolýarlar. Ynha, ýaňy-ýakynda hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde hünär tejribämizi artdyrmak maksady bilen okuw saparynda bolup geldik. Moskwa şäheriniň Milli ylmy-amaly simulýasion türgenleşik merkezinde professor Wladimir Totaçenkonyň we birnäçe tejribeli lukmanlaryň ýolbaşçylygynda öz hünär tejribelerimizi artdyrdyk. Nesip bolsa, öw

Hyzmatdaşlyk berkeýär

Açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde iş saparynda bolýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň fizioterapewt lukmanlary ýerli hünärmenlerimiz bilen tejribelerini paýlaşmak, näsaglara bellenilýän meýilnamalaýyn dikeldiş bejergileriniň meýilnamasyny işläp düzmek ugrunda işleri dowam edýärler. Bilelikde geçirilýän «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, beýan sapaklary işjeň häsiýete eýe bolýar. Şu günler iş saparynda bolýan daşary ýurtly lukmanlaryň söhbetlerinden size ýetirýäris:

Gim­nas­ti­ka­nyň sag­ly­ga peý­da­sy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Sport gim­nas­ti­kasy äh­li myş­sa to­par­la­ry­ny ös­dür­ýän äh­lu­mu­my sport gör­nü­şi­dir. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga­lar güýç­li im­mu­ni­te­ti, saz­la­şyk­ly fi­zi­ki ösü­şi, hä­si­ýe­ti, er­jel­li­gi we tu­tan­ýer­li­li­gi bi­len deň-duş­la­ryn­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­lim­çi­le­riň we psi­ho­log­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, ça­ga­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin 5-6 ýaş­la­ry mas­la­hat ber­ýär­ler. Em­ma kä­bir ýer­ler­de 3 ýaş­dan hem mas­la­hat berilýär. Bu ýaş­da sa­pak­lar oý­na­waç gör­nüş­de ge­çi­ril­ýär we ça­ga­nyň hem­meta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ne go­şant goş­ýar.

Ki­tap oka­ma­gyň sag­ly­ga peý­da­sy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ki­tap oka­ma­gyň sag­ly­ga go­wy tä­sir ed­ýän­li­gi ba­ra­da­ky me­se­le hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de ga­ty mö­hüm­dir. Ki­tap oka­mak di­ňe bir bi­li­mi art­dyr­man, fi­zi­ki we psi­ho­lo­gi­ki taý­dan hem sag­ly­ga peý­da­lydyr. Mu­nuň bir­nä­çe esa­sy sebäpleri bar:

Belent ynsanperwerligiň nusgasy

«Pelegiň çarhy gowy adamlaryň hasabyna aýlanýar», «Eger-de adamlar birek-birege rehimdarlyk etmegi bes etseler, Ýer ýüzünde adam kowmy hem ýaşaýşyny bes eder». Nähili çuňňur edebi-filosofik suratlandyrmalar, dürdäne pikirler! Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan alyndy. Bu pikirleriň logiki dowamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabyndaky: «Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda hossarlyga we bejergä mätäç ýaşajyk raýatlar hakynda edilýän aýratyn aladalar ynsana ýagşylyk etmegiň açyk-aýdyň mysaly bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda haýyr-sahawat işlerini durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Gazna dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky hemaýata mätäç çagalara hem ýardam-goldaw berýär. Gaznanyň hasabyna daşary döwletlere, şol sanda Palestina, Türkiýe, Russiýa, Owganystana, Ukraina, Täjigistana ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Baş maksat — saglygy dikeltmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy guwandyryjy sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýetilen belent sepgitler netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär, hili ýokarlandyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dürli kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge niýetlenendir. Bu merkezde halkymyz öz saglyklaryny berkitmekde döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Uly ýaşly adamlar, çagalar ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden, operasiýalardan soň saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde dowamly kesellerden, operasiýalardan soň dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde dikeltmek we berkitmek işlerini alyp barmak üçin lukmançylygyň iň döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga ähli şertler bar.

Onkologiýa merkeziniň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglyk merkezlerinde ynsan saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga ýokary derejeli şertler bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýagny innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak üçin döredilen mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň binasy 3 gatly bolup, 150 orunlykdyr. Merkezde kabul ediş we maslahat beriş, palliatiw bejergi, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş we funksional anyklaýyş, barlaghana, aýal keselleri, süýt mäziniň çiş keselleri, anesteziologiýa we reanimasiýa, operasiýa geçirilýän, zyýansyzlandyryş, patomorfologiýa barlaghana, umumy onkologiýa, himiýa terapiýa, gematologiýa, şöhle bilen bejeriş ýaly bölümler hereket edýär. Bölümleriň ählisi dünýäniň belli lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriniň iň häzirki zaman

Sorag-jogap

Çaga nähili kömek etmeli? «Näme üçindir käte çybyn, ary çaksa-da deri şikeslenip, ýara döreýär we uzak wagtlap bitmeýär. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin mör-möjek çakan çaga nähili kömek etmeli? Lukmana ýüz tutmak hökmanmy?».

Türgenleriň iýmitinde witaminleriň we mineral maddalaryň ähmiýeti

Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň işjeňliginiň ýokarlanmagy kadaly iýmitlenmegi, ýagny has köp uglewodlary, aminokislotalary we beloklary, makro-mikroelementleri talap edýär. Türgenleriň kadaly iýmitlenmegi bolsa, barha artýan ýüklenmelere çalt uýgunlaşmaga, dikelişi çaltlaşdyrmaga we sport türgenleşiginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Iýmit we iýmit düzümi adam bedeninde örän möhüm ähmiýete eýedir. Yzygiderli sport türgenleşikleri üçin köp mukdarda energiýa sarp edilýär. Ýaryşlar metabolik prosesleri çaltlaşdyrýar. Ýokary netijeli türgenleşik üçin bedeniň kaloriýa, makro-mikroelementlere bolan talabyny doly kanagatlandyrmaly we şeýle hem oňyn duýgularyny oýandyrmalydyr. Çünki ruhubelentlik sportda ýokary netijeler üçin möhümdir. Artykmaç iýmitlenmek türgenler üçin zyýanlydyr. Artykmaç iýmit bedende iýmitiň siňmeginiň bozulmagyna ýa-da agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin türgenler jynsyna, meşgullanýan sport görnüşine we ýaşyna görä iýmitlenmelidirler. Türgenleriň iýmitlenmegi türgeniň özüne berýän ýüklenmelerine görä bolmaly. Türgenlere esasy haýsy witaminler we minerallar zerur?

Adam näme üçin üşüdýär?

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş kömegi boýunça orunbasary, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ogulbagt Taňňyýewa habarçymyz bilen söhbetdeşlikde diňe bir syrkawlarda däl-de, eýsem, sagdyn adamlarda hem duş gelip bilýän alamat — üşütme bilen baglanyşykly sowallara jogap berýär. — Üşütme — bu nähili alamat?

Böwrekler sagdynmyka?

Žurnalist Narjan Kasymowa Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň umumy hirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Abdyllaýew bilen söhbetdeşliginde böwrekleri sagdyn saklamagyň, olaryň keselleriniň öňüni almagyň ugur-ýollary bilen baglanyşykly meseleler gozgalýar. — Adama böwrekler näme üçin gerek? Bu agzanyň ynsan ýaşaýşynda nähili ähmiýeti bar?

Adam bedeni barada gyzykly maglumatlar

Adam bedeni köp sanly agzalardan ybaratdyr. Bedeniň iň uly agzasy iýmit siňdiriş ulgamyna degişli bolan inçe içegedir. Onuň uzynlygy 4 metre barabardyr.