Beden maşklarynyň ähmiýeti
Alym Arkadagymyz «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitabynda ähli gowulyklaryň saglykdan başlanýandygyny nygtap: «Beden, aň we ruh sazlaşygyny döretmek, güýç bilen ruhy utgaşdyrmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ynsan sagdynlygynyň esasy ýörelgeleridir» diýip belleýär. Sagdyn we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, sagat ýaşamakda beden maşklary esasy orun eýeleýär. Lukmanlaryň nygtaýşy ýaly, hereket sagdynlygyň gözbaşy. Beden maşklaryny gündelik ýörelgä öwürmek ynsanyň döredijilikli işlemegine hem oňyn täsirini ýetirýär.