Gadymy çeperçiligiň syrly sazlaşygy
Milli ýadygärliklerimiz Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol sungatda öz beýanyny tapýar. Duldegşir goňşy ýurtlar bolan Türkmenistan we Eýran irki ekerançylygy hem-de ajaýyp sungat ýadygärlikleri bilen dünýä bellidir. Eýranda hem, bizde bolşy ýaly, irki ekerançylyga degişli gadymy ýadygärlikler köp. Şunda, ilki bilen, ýurduň merkezindäki, Kaşan şäheriniň günortasyndaky oazisiň çäginde ýerleşýän gadymy Sialk şäherçesiniň adyny tutmak ýerliklidir. Kaşan oazisiniň taryhynda uzak döwrüň dowamynda ýaşaýyş bolupdyr. Sialk I ýadygärliginiň gatlaklarynyň umumy galyňlygy, takmynan, 12 metre ýetýär. Ol iň gadymy ekerançylar barada düşünje berýän esasy ýadygärlikleriň biridir. Günorta Türkmenistanyň Garadepe, Göksüýri ýadygärliklerinden ýüze çykarylan nagyşly keramikanyň nusgalarynyň Eýranyň Gissar, Şahri-söhte we Seýistan ýaly ýadygärlikleriniň keramikasy bilen örän meňzeşdigi alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Käbir ýagdaýlarda bu meňzeşlik has haýran galdyrýar. Gadymy adamlaryň ruhy dünýäsini öwrenmek arheologiýa ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gabyň ýüzüne şekil görnüşinde boýag çalynmak bilen, bezegiň ilkinji başlangyç görnüşleriniň döremegi neolit döwründe — b.e. öňki VI müňýyllykda ýüze çykýar. Bu keramikanyň we reňkiň oýlanyp tapylan döwri bolup, onda bezeg ýeke-täk goňur reňk ulanmak arkaly ý