Futzal ýaryşy gyzgalaňly dowam edýär
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde ýetip gelýän şanly baýramçylyk ― hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryş badalga aldy. Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «A» toparçada «Bäş dogan» we «Köpetdag» toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar. Şunda «Bäş dogan» «Gurluşykçy» toparyny 5:2 hasabynda ýeňen bolsa, «Amul» topary «Köpetdagyň» derwezesinden bäş gol geçirendigine garamazdan, güýçli garşydaşyndan asgyn geldi. Çünki topar öz derwezesinde sekiz gol gördi.