Yklym çempionatyndaky üstünlik
Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdepden Süleýman Jafarow Kataryň paýtagty Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň üçüsini gazandy. Ol 102 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň ýaryşynda ştangany silterläp galdyrmakda 150 kilogram agyrlygy göterdi. Bu netije onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Çünki ildeşimiziň görkezen netijesi Koreýa Respublikasyndan gatnaşan 15 ýaşly türgen Kim Mingueniň netijesinden 5 kilogram ýokary boldy. Agyrlygy galdyrmagyň şu görnüşinde 144 kilogramlyk netije bilen üçünji orny eýelän yrakly türgen Ali Hazim Dawud Al-Lami itekläp galdyrmakda biziň ildeşimiziň esasy garşydaşy boldy. Bu gezek yrakly agyr atletikaçy 183, türkmenabatly 17 ýaşly türgen bolsa 176 kilogram agyrlygy eýgerip bildi. Bu netije biziň ildeşimize ýaryşdaky kümüş medallarynyň ilkinjisini bagyşlady. Ol iki görnüşiň jeminde bolsa yrakly bäsdeşinden bary-ýogy 1 kilogramlyk tapawut bilen yza galyp, 326 kilogramlyk netije bilen hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.