"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mesgen tutmuş belent dagyň burnunda...

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen türkmen paýtagtynyň barha täzelenýän keşbine gözellik çaýýar. Tebigy belentlikde dikilen dünýä akyldarynyň bürünç heýkeli dana halkymyzyň söz sungatyna goýýan belent sarpasynyň nyşany hökmünde kalplarymyza ganat berýär. Haktagala tarapyndan gudratyna keramat-käni berlen sözüň güýji, onuň bakylygy adamzat döräp, asyrlardan-asyra ykrar edilen beýik hakykatdyr. Jaýdar aýdylan pähim-parasatly sözler älem pelegini ýagtyldyp duran Gün mysaly baky.

«Bu gün» atly goşgynyň döreýiş rowaýaty

Men bu gürrüňi Buzpolat han («Buzlypolat» diýlip aýdylýan ýerleri hem bar) barada aýdylýan birnäçe rowaýatlary yzygiderlikde jemläp, ýeke-täk rowaýat hökmünde bermäge çalyşdym. Döwletmämmet Azady bilen Magtymgulynyň ýaşan zamanlarynda Gökleň taýpasynyň Gerkez tiresiniň onbegi urugyndan bolan bir garyp maşgalanyň çagalary bolup, durmandyr. Bir gezek onuň ogly bolanda obadaşlary çaganyň adyny bir zada ýanap dakmagy we Döwletmämmet Azada doga okatmagy maslahat beripdirler. Çaganyň adyna Buzpolat dakypdyrlar. Döwletmämmet Azady çaga doga okapdyr we sallançagyny üwräpdir. Bu gezek olaryň perzentleri ers-mers bolup gün-günden ulalypdyr. Buzpolat on ýaşa ýetende eli taýakly tüwdürme oýnar eken. Köp wagtyny Döwletmämmet Azadynyň (Garrymollanyň) we beýleki garrylaryň gürrüňini diňläp geçirer eken.

Şahyry gören daga siňen keşp

Daglara siňen keşpler! Olar hakynda oýlanýarkam, näme üçindir, näme gözleýändigim barada pikir etmezden, ýaýylyp ýatan mawy asmana garanymy duýman galýaryn. Bu ahwal, meger, beýle keşpleriň döremeginde ylahy bir güýjüň bardygyna ynanýanlygymyň alamaty bolsa gerek... Adam ýaşap ýörkä gözleýän zatlarynyň ählisini diýen ýaly Ýerden — ýaşap ýören barlygyndan, durmuşdan tapýar. Şonuň üçinem onuň nähilidir bir pikir bilen asmana garamagynyň aňyrsynda söz bilen düşündirip bolmaýan syr bar ýaly.

Watan topragy

(Hekaýa) Obanyň içindäki goh-galmagal möwç alýardy. Aýal-eždatlaryň, çagalaryň zaryn sesinden durar ýaly däldi. Mallar hem başga ýaňa gitjegini duýýan ýaly eýläk-beýläk çyrpynýardylar.

Şygryýet

Aknur ATAÝEWA

Dünýä kim näme berdi?

(Rowaýat) Magtymguly Şirgazy medresesinde okamaga başlanda Damylla okamaga gelen oglanlary ýygnap, özi hem belent ýere çykyp olara şeýle diýipdir:

Hala siňen yhlas (hekaýa)

Onuň ady Tumardy. Olaryň ýaşaýan jaýyndan daragyň we gopuzyň owazy eşidiler durardy. Atyň batly toýnak sesini ýatladýan darak kakuwynyň sesinden Tumar ylham we güýç alýardy. Ol ylhamly duýgularyndan goşgy döredip, ondan alýan güýjünden hyýalynyň nusgasyny şekillendirmäge çalyşardy. Adaty günleriň birinde ol ýene ejesinden kesp edinen dokmasyny dokap otyrdy. Geçip barýan iki gelniň biri Tumarlaryň jaýynyň deňine ýetende daragyň sesini eşidip: — Bu görgüliniňem dokmadan düşmän bili büküljek — diýip dillendi.

Oba sil gelende (hekaýa)

Olaryň münen at arabasy dagyň çarkandakly ýoly bilen gidip barýardy. Aslynda, bu ýol düz däldi. Oba adamlaryndan ony düzläre, ýa bolmasa, giňeldere baş galdyran bolmandy. Günleriň birinde welin, Kelje batyr atly bir sahy adam ýol üçin golda baryny edip, uly ili agzyna bakdyrdy oturyberdi. Ýogsam ol il içinde gaty bir baý adamlardanam däldi. Halalhon adamdy, zähmetsöýerdi, ownuk-uşak söwda-satyk bilen meşgullanyp, şonuň bilenem maşgalasyny ekleýärdi. Ol bir döwüm çöreginem paýlaşyp iýýän adamlardandy, artan-egsenini garyp-gasardan gysganmazdy. Ana, şol adam obanyň boý ýigitlerini toplady-da, olaryň hakyny öňünden berip işletdi, özi-de işledi. Onuň yhlasy ýerine-de düşdi. Ol il-günüň, ötegçileriň sogabyny gazanyp bildi. Şonuň üçinem bu adamyň ady bu güne çenli il-günüň agzyndan düşmän gelýärdi. Ondan bäri aradan är ömri geçipdi. Haýp, bu ýeriň Keljäniň oýy diýlip at alandygyny agzamasaň, onuň ýene-de bir mahalkysy ýaly şo-ol çukanlygydy.

Şygryň yzyna düşüp (hekaýa)

Obanyň ileri çetinden itiň üýrýän sesi eşidildi. Ýaşulynyň ýüregi sarsyp gitdi. «Eýgilikmikä berin?! Haktagalanyň özi ýagşy kişä miýesser etdirewersin!». Ol gepini hem soňlamandy. Hasanyň tyrkyldysyny eşideninden, ýerinden turdy. — Hakyň halan guly Bowgan diwana! Sizi görmegi nesip etdiren Hudaýa müň şükürlidirin.

Söýgi hem şygyr (hekaýa)

Gerkezliler Aktokaýyň töwereginde mekan tutunypdylar. Garry mollanyň öýi Etregiň boýuna golaý ýerdedi. Il sylagly Garry molla bu ýer atasyndan miras galypdy. Atasynyň garry ojagyny saklap ýaşap ýören Azady üçin peder öýi mukaddesdi. Ol garry ojakda atasynyň ruhuny syzýardy. Bahar pasly gelipdi. Ýaşyl begres geýnen tebigat Etregiň boýuny läle-reýhana büräpdi. Ümürsin tebigaty owaza gaplaýan guşlaryň sesi, nerkes gülleriň beýhuş ediji ysy Hakyň gyzgyn nepesi bolup bütin töwerege ýaýrapdy. Tylla Günüň şöhlesi jana ýakym, süňňe melhem berýärdi.

Hindistanda hyýalym (hekaýa)

Magtymguly Hindistana gitmegi öňräkden bäri niýet edip ýördi. Okan kitaplarynda-da, eşiden gürrüňdir rowaýatlarynda-da Hindistanyň adynyň tutulmagy, onuň bu ýurdy görmäge bolan höwesini artdyrdy. Arada Etrek derýasyny ýakalap oturan obada Mele Serdaryň öýünde bolanynda küştüň hem şol ýerde dörändigi baradaky gürrüň ony öz erkine goýmandy. Magtymguly öňem bu oýny gowy görýärdi welin, şol gürrüňden soň küşt oýnamagyň gizlin syrlaryny has içgin öwrenip başlady. Kakasy-da oglunyň bu oýny öwrenmegine garşy bolmady. Gaýtam: — «Ýigide müň dürli hünärem az» diýipdirler, oglum, okanyň, öwreneniň özüňki. Öwrenen hünäriňi eliňden aljak adam bolmaz — diýip, oňa goltgy berdi.

«Pyragy, yşka ugraşdym» (hekaýa)

Magtymguly Meňlini wasp edip ýazan goşgusyny jemledi. Gyzyň näzik keşbi şygyrda janlandy. Meňli hanym golun dişläp,Bizden ki uýat eýleýir.Kä daranyp, uz ýörişläp,Bizden ki uýat eýleýir.

Ak pata (rowaýat-hekaýa)

Ine, Soňudagynyň gözel jülgesi. Onuň owadanlygyna bir serediň-ä! Jülgäniň biri-birine bakyp, biri beýlekisine daýanç bolup duran belent daglary türkmeniň iki sany gerçek ogullaryny ýadyňa salýar. Olar hemişe bir-birine mähir bilen garap otyrlar. Olar baharyň gujagynda maýsalap oturan elwan gülleri biri beýlekisine gezekleşip gowşuryp duran mysaly. Olary bir-birinden daşlaşdyrjak, hoşlaşdyrjak güýç bolmaz. Şu jülgäniň göwsünden ýylçyr-ýylçyr daşlary mähir bilen ýuwup, uly joşgun bilen aýdym aýdýan çeşmä näme diýersiň! Jülgäniň gözelligine görk goşýan bu bulagyň durnanyň gözi ýaly tämiz suwuna diňe söýgi bilen buýsanyp seredip oturmaly. Onuň jana şypaly sowuk suwundan gana-gana içen adam, şahyr bolmasa-da, ylhamy joşuberýär. Onsoň ol ýa goşgy goşar ýa-da dereleri ýaňlandyryp aýdyma zowladýar. Ine, daglaryň, jülgeleriň gözelliklerini her gün näçe gezek synlasa-da, onuň hoştap howasyndan sora-sora janyna şypa alsa-da, hiç ganmaýan ýaş Magtymguly bu ýerlerde mal bakardy. Ol her säherde bu ýere gelip, diňe bir mallaryny sonarlatmakdan ötri, tereň-tämiz howadan sora-sora teşne köňlüne aram tapmaga howlugardy. Bu gözel mekan ony şeýle bir joşdurýardy welin, ýaş şahyr ýeldirgän ýaly bolup uzakly gün owazly sesi bilen dereleri ýaňlandyryp, öz düzýän goşgularyny aýdym edip aýdardy. Bu ýerlere bolan buýsanjy gursagyna sygman, aram-aram: «Ehe-heý, başy dumanly belent daglar, sowuk suwly, te

Akyldaryň dünýä inmegi (hekaýa)

Men öz ýazgylarymdaky: «Beýik adamlaryň edebi hem-de taryhy portreti döredilende eserde şahsyýetiň belent ruhy bilen bir hatarda onuň ahlak we adamçylyk sypatlary hem açylyp görkezilmelidir» diýen jümleleri okap, öz ýanymdan oýa batdym hem-de şeýle ýazgylary ýazmaga başladym. Elbetde, bu ýazgylar beýik Magtymguly Pyragy barada ahwalat. ...Dogrusy, gözleriniň görýän zatlaryna Döwletmämmet mollanyň özüniň hem ynanasy gelmedi. Asyl ynanar ýaly hem däldi. Ynha, ol uly bolmadyk bir adanyň kenarynda durdy. Onuň gözüniň alnynda bolsa aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaýylyp ýatyrdy. Ýöne umman diýilse-de, bular ýaly düýbi görnüp duran göm-gök hem-de durnanyň gözi ýaly dus-dury suwy ol Zeminiň hiç bir künjünde ne-hä görüpdi, ne-de ol hakynda eşidipdi. Ummanyň goýnunda ýaşaýan köpsanly suw jandarlarydyr ösümlik dünýäsiniň gözelligi hem diýseň täsindi. Depesi ümmülmez asman. Zemin bolsa ýaýylyp ýatan umman bilen gurşalan. Asyl bütin dünýä suw bilen örtülen oguşýa. Onuň kellesine ilki gelen pikir şu boldy. Döwletmämmet daş-töweregini gözügidijilik bile synlady. Beýle owadan görnüşleri synlap, ondan doýup bilmedi. Şolbarmana onuň gözleri hol alysdan suw bilen özüne tarap nämedir bir zadyň akyp gelýänligini saýgardy. Özem şol akyp gelýän näbelli zadyň ýalkymy asmandaky Günüň çogy bilen tapyşyp, Zeminiň ýüzünde ajaýyp sazlaşygy emele getirýärdi. Şahyryň bilesigelijiligi artdy. Ol suw bilen a

Kerwendäki waka (hekaýa)

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen topragyna uly şatlyk-dabara bilen gadam goýupdy. Men beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly etrabyna iş saparyna gelipdim. Men ýerli mirasgär tanşym bilen etraba giren ýeriňde şahyryň hormatyna bina edilen muzeýiň öňündäki heýkeliniň öňünde baş egip oňa tagzym etdim. Heýkeltaraşyň yhlasyndan dörän bu sungat eserini synlap durşuma beýik akyldaryň: Myhman geler alys ýerden,Garşylasaň söwüş bilen —

Halypalaryň hümmeti (hekaýa)

Sähra gülleriniň hoştap ysyny alyp gelýän baharyň mylaýym şemaly Nowruz baýramçylygyna ýygnanan adamlaryň ruhuny göterip, olaryň köňül köşgüni ýagtylandyrýardy. Ýaşyl begres geýen sährada gurlan ak öýler göýä diýersiň, baharyň gelin kömelekleri ýaly bolşup, Zeminiň zynatyna özboluşly bir bezeg berýärdi. Şol öýleriň ileri tarapynda ýaýlyk ýaýýan eneleriň güpüleriniň gübürdisi, çybygyny at edip, iki-bakan ylgaşýan çagalaryň şadyýan sesleri, gül-gülzarly maýsalaryň arasynda owlak-guzularyň bökjekläp oýun guramasy, ak öýleriň arasynda ýazylan düşeklerde ýerleşen bagşylaryň aýdyma gygyrandaky owazy, bularyň ählisi doganlyk halkyň tutumly baýramyň täsin bir öwüşginidi, dabarasydy. Toýa gelen türkmen, özbek, gazak halklarynyň wekilleri dostlarynyň ýürek joşgunyny deň paýlaşýardylar. Bu baýramçylyga ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşa çenli adamlar gatnaşyp, özleriniň göwün küýsegini kanagatlandyrýardylar. Gün naýza boýy ýokary galanda aýdym-saza başlan bagşylar ilki tirmeden aýdyp ugradylar. Olar Nowaýydan, Meşrepden, gazak halk aýdymlaryny aýdandan soňra, Magtymguludan, Kemineden, Günhojadan, Ajynyýazdan, Berdakdan namalar gaýtaryp, diňleýjileriniň göwün küýsegini awlaýardylar. Ak öýleriň täriminiň örtügini galdyran gelin-gyzlar hem-de ene-mamalar, bagşylaryň töweregini gurşap alan gojalar olaryň berekellasyny ýetirip, öňküsinden has hem joşdurýardylar. Gün agyp, wagt bir çene baranda dabarany

Dag rowaýaty (hekaýa)

Magtymguly atamyz keremli daglary ene ýeriň myhy, erenleriň, ärleriň, pirleriň mekany saýýar. Ol, dogrudanam, görenleriň akylyny haýran edýär. Hakyt: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar!» diýleni-dä. Muňa tymsaly uzakdan agtarmaly däl. Gerkeziň Owaza gädiginden galsaň, guşuçar belentlikde bir çeşme bar. Bulak başynda gerkezli goja mirasgäre gulak asmak bagty maňa-da miýesser etdi. Onuň gürrüňi bizi alysdaky wakalara syýahata alyp gitdi. ...Tomus aýlary dag gözelliginden ruhy lezzet almak şahyr üçin adaty endik bolup galypdyr. Ol bu gezegem şol edähedine eýerip, bulak başyna barypdyr. Daş-töwerege garap, bu ýeriniň gözelliginden ganypdyr. Soňam ol Hakyň didaryny gören suwa tagzym edip, çeşmäniň şeker-şerbet suwundan teşneligini gandyrypdyr. Gan damary giňäp, nepesi, zehini durlanypdyr, kagyzdyr döwet-galamyny nähili ele alanyny duýman galypdyr. Beýik dagyň çür başyndaky üç agaja tiňkesini dikip, oýa batypdyr: «Tagan aýagam üç bolýar, bir-birine güýç bolýar, biri synsa puç bolýar. Pederlerimiz üçlügi mukaddes san saýýar. Şol üç agaç, megerem, agzybirligiň, jebisligiň, abadançylygyň çelgisi bolsa gerek» diýip, içini gepledipdir.

Gündogaryň akyldary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda medeni duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Bu seýilgähde Pyragynyň heýkeli bilen birlikde dünýä edebiýatynda yz goýan şahyrlaryň, ýazyjylaryň heýkelleriniň oturdylmagy dost-doganlygyň nyşanydyr. Baýramçylyk mynasybetli akyldar şahyrymyz hakynda ençeme goşgular, hekaýalar, kitaplar çap edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy. Bu kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde bolmagy aýratyn bir ähmiýete eýedir. Kitabyň üç dilde çap edilmegi akyldar şahyrymyzyň eserleriniň daşary ýurtlarda hem höwes bilen okalýandygyny görkezýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň hem şahyra bagyşlanan «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwany halk köpçüligine gowuşdy.

«Şahyrym»

Türkmen kompozitorlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap birnäçe aýdym döretdiler. Belli bagşy Sahy Jepbarowyň döreden «Şahyrym» atly aýdymy-da halkyň kalbynda orun alan aýdymlaryň biri boldy. Men halypamyň ýanynda 11 ýyllap sazandalyk etdim. 1966-njy ýyldan başlap, tä ol aradan çykýança, ýagny 1977-nji ýyla çenli dürli konsertlerde, toý-baýramlarda Türkmenistanyň halk artisti, halypa gyjakçy Ata Ablyýew bilen bilelikde onuň ýanynda sazandalyk edipdik.

Sanlara siňen paýhas

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap, her bir adam öz durmuşynda ýüze çykýan, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapyp bilýär. Çünki akyldar şahyryň goşgularynda durmuşyň dürli ugurlaryna degişli paýhasly pikirler ýöredilýär. Şahyryň döredijiliginde sanlar hem ençeme ýerde agzalyp geçilýär. Şahyr aýtjak bolýan pikirini belli-belli sanlaryň üsti bilen has çeper beýan edýär. Akyldar şahyr 1 sany jebisligiň, agzybirligiň simwoly hökmünde, agzybir bolup, bir ýere bil baglamak ýaly, «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar» diýip belläp geçýär. Bir suprada, bir saçakda agzybirlikde ýaşamak — agzybirligiň gözbaşy, ol ilki bilen öýden başlanýar, onsoň köpçülikde, soň milletde, şol sanda Watan derejesinde ýüze çykýar diýmek bilen, 1-lik san arkaly agzybirligi nygtap geçýär: