"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Intellektual şahyr, görnükli dramaturg

Kerim Gurbannepesow birmahal, «Sowet edebiýatynyň» (häzirki «Garagum») baş redaktory wagtynda «Her ýylyň maýy — poeziýa aýy» diýen şygar bilen žurnalyň tutuş bir sanyny poeziýa bagyşlamagy kada öwürdi. Maý — gül-gunçaly aý. Nurana aý. Tebigatyň gözelleşýän, dünýäniň tämizlenýän, köňülleriň heserlenýän aýy. Baharyň şanyna ýene näçe aýtsaň aýdybermeli. Meger, şahyr bu ajaýyp aýda Onuň Alyhezretleri Poeziýa ýakynlyk, meňzeşlik görendir. Şygryýetem janlanyş üçin, tämizleniş üçin, ösüş üçin, ynsanyýet kalbynyň gözelleşmegi üçin. Şol mahallar her ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň günleri geçirilerdi. Türkmen tebigatynyň nurana günleriniň birinde, anyk aýtsak, 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda soňra görnükli şahyrlaryň biri bolup ýetişen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Hormatly il ýaşulusy derejelerine, beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp görlen şahyr hem dramaturg Annaberdi Agabaýew eneden bolupdyr. Ondan bäri wagt geçip, soňra ol ençeme ýyllap öz doglan gününi Magtymgulynyň şygryýet toýy bilen sazlaşykly toýlady.

Mübärek Kanun

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gelýär. Şanyna guralýan dabaralarda, taryhy wakalarda şahyryň şygra siňen ömri bar, arzuwlan berkarar döwri bar. «Türkmeniň Magtymgulusy bar». Bu jümle il içinde-de, dünýä ýüzünde-de ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Şeýle beýik söz ussadynyň türkmen halkymyzdan dörändigine buýsanjymyzyň çäk-serhedi ýok. Bu türkmeniň bagtynyň daş ýarmasy, ykbalynyň çüwmesidir. Ýakynda munuň ýene bir subudyny gördük. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Halypa ýazyjynyň hormaty

Ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylyp «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» atly edebi-sazly agşam geçirildi. Onda etrap medeniýet bölüminiň müdiri Baýram Gurbanow, etrabyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary Altyn Öwezowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow, Berdi Akyýew, Türkmenistanyň ussat mugallymy Göwher Baltaýewa we Maral Hemraýewa çykyş edip, ençeme romandyr powestleriň awtory, 1926-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ilkinji gezek özbaşdak kitap edip çykaran ýazyjy B.Kerbabaýew hakda buýsançly gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri şahyryň goşgularyny labyzly okadylar, «Magtymguly» dramasyndan sahnalary görkezdiler. Garaşsyz Watanymyzy, abadan durmuşymyzy wasp edýän aýdymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.

Şygryýet

Pyragyly nesiller (Aýdym) Ýaşlyga ýarandyr arzuw wysaly,Ýaşlyga ýarandyr bagt ýollary.Kalby doly hyruç: jennet mysaly,Gülzara beslemek sagy-sollary.

Sonetleriň müşki-anbary

Şygryýetimizdäki islendik galkynyşa, ýüze çykan žanr täzeliginiň döredijilikli dowamatyna ýiti synçylyk bilen pikir-garaýşyny goşmak akademik Myratgeldi Söýegowyň ylmy edähedidi. Ol şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň sonetleri baradaky makalasyny aramyzda ýaşap ýörkä, redaksiýamyza getiripdi. Okyjylaryň göwnünden turar diýen umyt bilen alymyň makalasyny gazetimizde çap etmegi makul bildik. Şygryýet ahyrky maksatda öz-özüňi açmakdyr, goşgy setirleri arkaly öz ruhy dünýäňi aýan etmekdir. Şu maksat bilen şahyr dürli temalara, parhy ýok, bolup geçen ýa-da dowam edýän durmuşyň dürli ugurlaryna ýüzlenip biler. Öz-özüňi açyp, okyjylar üçin öň mälim bolmadyk täze bir ruhy dünýäni aýan edäýmek welin goşgy ýazmak bilen meşgullanýan her bir kişä eýgertmeýär. Bu işde dogryňy aýtmasaň, bolşuňy hem durmuşy bolşy, görnüşi ýaly beýan etmeseň, okyjy saňa ynanmaýar. Guldurdy Sähetdurdyýewiň «Ýyldyrym» sonetler çemeninden bir mysal:

Kalp nagyşlary (Oýlanma)

Eneler... Siziň öz perzentleriňize paýlaýan baýlyklaryňyz göz öňüne getirerden has uly. Agram taýdanam, beýiklik, giňişlik, çygyr taýdanam ol baýlyklaryň ölçegini alyp bolar öýdemok. Sebäbi eneleriň balalaryna bagyş edýän söýgüsinden daşgary-da mähir yssysyna garyp berýän öwüt-ündewleri, terbiýesi... gyz maşgala üçin-ä ömürboýy peýdalanyp ýörmeli gymmatlyk. Belki, zenan maşgalanyň enesini erkek kişä garanda has köp ýatlaýandygynyň sebäbi-de şondadyr. Onsoň gaýyn öýüniň alkyşyna, töwereginiň öwgüli sözlerine mynasyp bolup ýören gelinlere gabat geleniňde, ony haýsydyr bir enäniň döreden sungat eserini synlan ýaly buýsanç bilen synlaýarsyň. Ejemiň ýaňy bir gulpajygyny keýkerdip ýörenje gyzjagazlygymdan tä ak patasyny alyp, durmuş ýolunyň ýodasyna düşüp gaýdan pursatyma çenli beren terbiýesini, öwütlerini kalbyma çeken nagyşlary hasaplaýaryn. Ol ajaýyp nagyşlar her bir ädimde diňe özüme däl, töweregimdäkilere-de ruhy lezzet berýär. Ejemiň kalbyma çeken nagyşlarynyň iň gözelleriniň biri — ähli ýaramaz zatlary çalt unutmak endigim. Mähriban käbämiň: «Ýakymsyz zatlary ýüregiňden çykaryp bilmän, öýkäni güzer edinip ýörmekden görjek peýdaň bolmaz, gyzym. Beýdip ýörseň, gabat gelen zibili çöpläp, torba salyp, egninde göterip ýören kişi ýaly, töweregiňde adam goýmarsyň» diýen sözlerini hemişelik ýörelge edindim.

Malaý halkynyň gahryman ogly

Paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda malaý halkynyň belli şahyry, edebiýatçysy, taryhçysy, Indoneziýanyň milli gahrymany Raja Ali Hajynyň hem heýkeli bar. Malaý diliniň ilkinji milli grammatikasyny we düşündirişli sözlügini düzüji Raja Ali Hajy bin Raja Hajy Ahmad 1808-nji ýylda Britan Malaýýasynyň Selangor şäherinde dünýä inýär. Ol XIX asyryň ortalarynda Riau welaýatynyň malaý dünýäsiniň ylmy merkezine öwrülmeginde-de uly işleri bitirýär. Onuň «Gymmatly sowgat», «Malaý we Bugisleriň nesil şejeresi» ýaly ylmy işleri, «Abdul Mulugyň şygryýeti» poemasy, «On iki bölümdäki gurindamlar» atly didaktiki ikilemeleri häzirki wagtda-da okyjylaryň gyzgyn söýgüsine eýe bolmagynda galýar. Malaý diliniň ilkinji grammatikasy we düşündirişli sözlügi, «Dil bilimleriniň kitaby», «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miwesi» ýaly eserleri onuň döredijiliginde görnükli orun eýeleýär.

Ylmy garaýyşlaryň utgaşmasy

Dana şahyr Magtymguly Pyragy bilen orta asyrlaryň meşhur alymy Muhammet Gazalynyň eserlerinde ylym-bilime uly ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragy ylmyň zerurlygyny şeýle beýan edýär: Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň.Alymlara uýsaň, açylar gözüň,Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen.

Pentler sandygyndan

Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen. * * *

Ylham ussatlarynyň huzurynda

Beýikligiň ýekeje aýratynlygy bar — beýiklik. Beýikleriň sözem beýik geliberýär. Edebiýat muşdaklarynyň söhbedinde şeýle bir gürrüň eşidipdim: «Bir gezek kimdir biri Jorj Gordon Baýrondan gönümel: «Baýron beýikmikä ýa Gýote?» diýip sorapdyr. Berlen sowal oňaýsyzrak hem bolsa, Baýron: «Beýikleriň sanyny azaltmak hökmanmy?! Näme, ikimizem beýik bolanymyzda bolanokmy?!» diýip, degişme bilen örän kämil jogap beripdir. 17-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde akyldar şahyrymyzyň boýy 60 metrlik heýkeli bilen şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Medeni-seýilgäh toplumyndaky 24 sany beýik söz ussadynyň heýkeliniň arasynda Saýat Nowanyň heýkelini görmegim, mende köne tanşymy gören ýaly ýakymly duýgyny oýardy.

Watansöýüji şahyr

Magtymguly Pyragy XVIII asyrdan bäri her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçeg daşy hökmünde ýaşap gelýär. Onuň her bir eseri mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, agzybirlik düşünjelerine ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkyny bir döwletlilige, agzybirlige çagyryp, şygyrlarynyň üsti bilen ony halka düşündiripdir. Magtymguly Pyragy ata Watanyny jany-teni bilen söýüpdir, il-halky watansöýüjilige çagyryp, ençeme goşgulary döredipdir. Agzybirlikde gerek bolan esasy zatlary bir döwletlilik, bir başa boýun bolmak hasaplan beýik Pyragy birleşmek meýillerini özüniň edebiýat meýdanynda uly yz galdyran «Döker bolduk ýaşymyz», «Il biläni», «Türkmeniň» ýaly şygyrlarynda çeper beýan edipdir. Magtymguly Pyragy halkymyz bir bolsa, bir döwlete gulluk etse, onda onuň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmejegine çuňňur göz ýetiripdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi häzirki hem geljek nesillere watançylyk pendi bolup ýaňlanýar. Akyldar şahyr:

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşigine

Pyragy Eý, beýik Pyragy, beýik Pyragy,Sen ähli döwürleň röwşen çyragy.

Köňül joşguny

Adyň köňle ylham beren aýdymdyr,Waspyň — joşgunymyň güwäsi, Watan!Bagta barýan ak ýollaryň aýdyňdyr,Nurdandyr her günüň sabasy, Watan! Ýazlar muşdak gujagyňa ýetmäge,Sazlar aşyk gyjagyňa ýetmäge,Mynasypsyň joşup taryp etmäge,Melhemdir topragyň howasy, Watan!

Koreý nakyllary

■ Ata şah çykmaýar. ■ Bir ata iki eýer sygmaýar.

Çeper söz ussadynyň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň netijesinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň edebi mirasyny öwrenmeklige we wagyz-nesihat etmeklige giň ýol açyldy. Bu ugurda alymlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary bolsa edebiýat bilen gyzyklanýan okyjylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaklaryna we söz mülküniň täsinlikleri bilen içgin tanyşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Mundan üç asyr ozal ýaşap geçen, türkmen edebiýatynyň sarsmaz sütünini dikelden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gyzyldan gymmatly eserleri bize miras galdyrypdyr. Durmuşyň ähli meselesi boýunça oňyn çözgüdi salgy berýän beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsi nusga alarlyk terbiýe mekdebidir. Şeýle-de onuň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlaryny özüne ýörelge edinýän, edebi mekdebini mynasyp dowam etdiren we etdirýän görnükli söz ussatlary az däl. Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň gurluş taýdan çeperligi, mazmun taýdan şireliligi bilen mizemejek nusgalyk ýol döretdi. Bu nusgalyk ýol Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapýar.

Tymsallar

Baryny beren utanmaz Satyjy tekjäniň öňünde durşuna daşaryny synlaýardy. Şol wagt bir gyzjagaz geldi. Ol dükanyň aýnasyna kellesini has golaý getirip, tekjedäki harytlary synlap ugrady. Agtarýan zadyny tapanda bolsa gözleri şatlykdan ýaňa nurlanyp gitdi. Gyzjagaz dükana girip, özüne pöwrize daşyndan ýasalan monjuklary görkezmegi haýyş etdi.

Goşgularyňa dünýä aşyk, Pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelýän döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenmek, onuň pelsepewi garaýyşlaryny açyp görkezmek ugrunda dünýä derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tutumly tagallalary bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Şu günler bütin dünýä jemgyýetçiligi üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ýubileýiniň şanyna geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary döwletleriň hem ençemesinde yzygiderli guralýar. Çünki Magtymguly atamyzyň ýubileý dabarasyna halkara derejesinde giň ähmiýet berilmek bilen, şahyryň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna saldamly goşant bolandygy, onuň ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilip, Arşy-agla şugla çaýyp durandygy öz ykrarnamasyny tapan hakykatdyr. Hut şonuň üçin şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi, Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry w

Pyragynyň heýkeliniň huzurynda

Goja dünýäň gasyn atan ýüzünde,Wagta çalym edýän keşbiň görünýär.Paýhas ummanyňy gulaçlan kişä,Geçen ýedi derýaň, deştiň görünýär.Aý-ýyllary arka atan asyrlar,«Şärik bolýar ägirt şöhrat-şanyňa».Bu gün belentligňe tagzym etmäge,Dost-doganlar geldi seniň ýanyňa. * * *

Edil düýn ýalydy

Edil ýaňy ýalydy, uçurym bagyny dakynyp, orta mekdebe soňky gezek gadam goýşum, ak arzuwlarym bilen ak kepderini asmana sary uçuryşym. Dek düýn deýindi, ak şäheriň ak säherinden ak pata alyp, arzyly ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny tabşyryşym, «Kaka-a-a, men talyp boldum!» diýip begenjimden aglanym, göge sary ganat baglanym.

Ähli zady bilmek zerurmy?!

Durmuşda bilmek we bilmezlik diýen düşünjeler bar. Bularyň ikisem öz durmuşymyzda şöhlelendirişimize bagly. Biz gadymyýetden gaýdýan ylym-bilimleri alym-ulamalardan öwrenip gelýäris. Şol beýik akyldarlar hem ähli zady bilmändirler we bilmegiň asla mümkin däldigini belläp geçipdirler. Dogrudanam, ähli zady bilmek mümkin dälmi ýa-da ähli zady bilmek üçin zerurlyk ýokmuka?! Daş-töweregimizi synlasak, her kim bir zada meşgul. Zerurlyk düşmedik ýagdaýynda täze bir hünär hakda oýlanmaýarys. Her birimiziň çagalyk arzuwlarymyz bolandyr, emma şol arzuwlara ýetmek üçin öňümizde maksat goýup, hereket etdikmikäk?! Gizlemegiň manysy ýok, sebäbi biziň köpimiz çagalyk arzuwlarymyzdan uzaga düşendiris. Elbetde, bu zatlar nesibe işidir welin, özümize bagly ýerleri hem bolman duran däldir. Diýmek, käte zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda öwrenmekden daşda durýarys. Sebäbi nämedir bir tema boýunça mesele dörese, ony nireden tapyp biljekgimizi bilmelidiris. Bu barada meşhur «Ford» awtomobil kompaniýasynyň döredijisi Genri Forduň metbugat sahypalarynyň birinde çykan jümlesi ýadyma düşdi. Ýandepderçämi açyp, G.Ford diýen ýazgynyň ýokarsyndaky şu sözlemi okadym: «Hemme zady bilmegiň zerurlygy ýok, ýöne sen özüňe nämäniň gerekdigini, ony nireden we nädip tapmalydygyny bilmelisiň».