"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň alysdaky mertebesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, taryhymyzy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkyny dünýä tanadan nusgawy şahyrlarymyzyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserlerini bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine tanatmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, ata Watanymyz Türkmenistanda we onuň çäklerinde, şol sanda Türkiýe döwletinde-de uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň sosial ylymlary uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilendigini bellemek bolar.

Ýollar Arkadaga barýar

Bir damjada deňzi, bir gülde bagy,Bir jümlede tükel döwri görýäris.Gaýtalanýar her gün, gör, näçe gezek:« — Ugur nirä?  — Arkadaga barýarys!». « — Dilegimiz duşup bir sähetli gün,Bu şäherden jaý berildi ogluma.— Tüweleme!                         Bizem çowlukly bolduk, Toý edýärler, şoňa barýas howluga».

Ruhy galkynyşyň goşa ganaty

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde neşire taýýarlamagynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly täze kitaby çapdan çykdy. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik ýoly hem-de şu günlerimizde dowam edip gelýän edebi mekdebi hakynda söhbet edilýär. Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many goýazylygynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden gözbaş alyp, täze bir milli ýörelgäniň başlangyjy bolýandygy, alym Arkadagymyz bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň arasyndaky özboluşly edebi köpriniň ähmiýeti barada ygtybarly maglumatlaryň esasynda gürrüň berilýär. Magtymgulynyň ynsanperwer garaýyşlary bilen Milli Liderimiziň kitaplarynyň düýp özenindäki garaýyşlar derňelýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge we giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň esasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, ylmy maslahatlar we dabaralar ýokary derejä eýe boldy. Bu babatda birnäçe kanunçylyk namalarynyň hem kabul edilendigini bellemek gerek. Hususan-da, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlar kabul edildi. Bularyň ählisi beýik akyldara goýulýan belent sarpany we gymmatly eserleriniň uly ähmiýete eýedigini aýdyň beýan edýär. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň synagyndan geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gymmatyny ýitirmeýän paýhasly pikirlerini dünýä ýaýýar. Ynsan akyl-paýhasynyň zergäri Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy beýik ata Watanyna, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Häzirki günde bu gymmatly eserler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Umumadamzat gymmatlyklaryny wasp eden şahyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz batly gadamlar we mizemez ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şunda nusgawy edebiýatymyzyň, ene dilimiziň ähmiýetini aýratyn belläsimiz gelýär. Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar, temasynyň köpdürlüligi şahyryň eserlerini has-da şöhratlandyrýar. Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatyny dünýä tanatdy. Halypa hökmünde Magtymguly öz döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyňlaşýar. Magtymgulyny garagalpak söz ussady Berdak hem halypasy hasaplapdyr. Berdagyň:

Kitap dostdur, asla gama batyrmaz

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ry geç­miş­den gel­je­ge bar­ýan köp­ri my­sa­ly şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz, şan­ly şu gü­nü­miz, be­ýik gel­je­gi­miz ba­ra­da söh­bet aç­ýar. As­lyn­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aý­dyp ge­çi­şi ýa­ly,

En­gam bu gün

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Buý­san, eý türk­me­nim, Hak­dan gel­miş gö­zel en­gam bu gün,

Arzuw

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Kän ahy­ry baş­lan­gy­jy toý­la­ryň,

Döredijilik howasy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ynsan balasynyň göýä ählisi deň howadan dem alýan ýaly bolsa-da, her kimiň gursagyna aýratyn howa zerurlyk edýär. Her kim öz isleglerinden gelip çykyp, «daşky gurşawyny» saýlaýar. Şol howadan käte-käte bolsa gursagyňy dolduryp durmasaň durmuşyň manysy kem gelýän ýaly duýulýar...

Dur­muş hak­da tym­sal­lar

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Guş

Bu milletiň ykbalysyň, Arkadag!

Agzybir, jebis halkymyzyň, müdimi milletimiziň beýik watansöýüjilik bilen belleýän, ýürekleri joşduryp, kalbymyzy hoşlaýan şanly seneleriniň biri Watanyň söwer Ogly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mübärek doglan günüdir. Bu gün bu şanly sene Milli Liderimiziň paýhasyndan binýat, köňlünden görk alan, döwrümiziň buýsanjy Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy bilen ajaýyp sazlaşyga öwrülýär. Gahryman Arkadagym! Bu şanly senä il begenýär, men begenýän. Barlygyňy ömrüm hasaplaýanym sözlerimiň aýdyň, anyk subudydyr.

Söz sizden, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri!

26-njy iýunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan dörediji ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň uly topary bu bäsleşige ussadyň edebi mirasyna bagyşlanan iň gowy işlerini hödürlediler. Olaryň iň gowulary saýlanylyp, ýaş döredijileriň ençemesi bu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de pul baýragy bilen sylaglanyldy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy uly üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Duýguly dünýä

ÝÜK Owal Eýäm ikimiziTaýlap, göterip asmana,Täleýe ýazandyr emrin...Bir-birege ýük bolsak-da,Men-ä senden razydyryn,Sen menden razymyň, ömrüm?

Şygryýet bossany

PYRLAMPAÇ Pyrlan-pyrlan, pyrlampajym...Ikimiz meňzeş — saňa tow gerek,Saňa biri tow bermese, togtaýaň.Maňa bolsa söýgi gerek tow ýerne.Biri meni söýmeli,Ol söýmeli alyp elden ygtyýar.Ýogsa, menem togtaýan.

Şygryýet çemeni

MUGALLYM GYZ Durşy bilen alçak gyz,Gürrüň-söhbet söýýäniň.Hergiz göwnüň aljak gyz,Gelişip dur geýýäniň.

Ähli döwürleriň şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna döwlet derejesinde uly üns berilýär we belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleriniň uly sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde görnükli söz ussadymyzyň ägirt uly heýkeli we seýilgäh toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu gün bagtyýar döwrümizde hasyl boldy» diýmek bilen, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. Gadymy we müdimi türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we röwşen geljegini şöhlelendirýän milli mirasymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, hususan-da, Gündogaryň meşhur akyldary we nu

Ene (hekaýa)

Garagumuň Güne göýdük bolan gerişlerine urşuň ýelgini çabran mahaly Akgül eje gawun üstündedi. Agtygy Hangeldiniň ilkinjileriň biri bolup urşa ugraýandygyny eşitdi-de, şol ýerden aýakýalaň, başaçyk çöp-çöňürleriň arasy bilen oba tarap gönüläýdi. Gele-gelmäne şaýyny tutup ýören agtygyna kömekleşmäge başlady. — Gyýylýandyr diýme, guzym. Watanyň başyna düşen müşgil iş seniňem müşgiliňdir. Muny ata-babalarymyz aýdypdyr. Sen Göroglynyň neslisiň. Pederiň mertdir. Heder etmän ed-dil iki gözüniň ortarasyna urgun duşmanyň.

Güller Saňa, reýhan Saňa, Arkadag!

Günler gözelligini, hoşamaýlygyny, hoşniýetliligini mähriban Arkadagymyzyň dünýäsinden alýandyr. Oňa sähelçe zynatym ýetse, meňziniň bir ýylgyrmasyna sebäp bolan setirlerim dörän bolsa bagtlydyryn. Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň her pursaty, güni, sagady gymmatdyr bize. Sebäbi ol il-gün, ynsanlar, biziň her birimiz hakyndaky üznüksiz aladalara ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy hut şu döwre — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eşretli eýýamyna garaşandyr, ony şygyrlarynda arzuwlandyr. Wysalyny görendigimiz üçinem bagtlydyrys.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, hormatly Prezidentimiz!

Maksat BUGRAÝEW,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy: — Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sanly innowasiýanyň ösen döwrüni nazara alyp, «Magtymgulynyň dünýäsi» atly oýlap tapan ykjam mobil goşundym (programma), «Magtymgulynyň dünýäsi» atly halynyň şekil taslamasyny ýerine ýetirmegim, şeýle-de «Türkmenistan» teleýaýlymynda üç dilde çykyş etmegim meni bu bäsleşikde arzyly ýeňşe ýetirdi. «Magtymgulynyň dünýäsi» atly ykjam mobil goşundymy ýükläp alan adam akyldar şahyryň goşgularyny diňe bir okap däl-de, eýsem, türkmen, rus we iňlis dillerinde diňläp hem bilýär.

Şygryýet

Arkadag Halk üçin bitirýän ägirt işleri Buýsandyrýar, ykballara şan berýär. Parahatlyk, ynanyşmak ýollary Giň älemde makullanýar, oňlanýar.