"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aždaryň hüşgärligi (Kyssa)

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarydy. Çarwa maşgalasy bolansoň, tomsuna dört-bäş öýli bolup, Orpa guýusynyň başynda oturardyk. Orpa bilen Garaýman obasynyň aralygy onçakly uzak däldi. Käteler Goýmatdan mamamy hem ýanymyza alyp gelerdik. Bir gün mamam maňa: «Garaýmana Bäbi dädeň gelipdir. Ertir düýeli git-de, alyp gel!» diýdi. Özüme şeýle ýumşuň buýrulanyna monça boldum. Bäbi däde şol wagtlar hem gartaşan gojady. Onuň uly ogly Nejepguly Garaýmanda goýun bakýardy. Ertesi öňkülerimden ir turdum.

Magtymguly Pyragy

Edebiýatyň taryhynda öçmejekÝakyp gitdiň, bir ajaýyp çyragy.Nesilleň serinden baky göçmejek,Adyň ýaşar, Magtymguly Pyragy! Eserleň ýugrulan akyl-paýhasa,Her sözüň göwünleň aram-karary.Teşne ýüreklere ylham paýlasa,Päk ruhuň seň, Magtymguly Pyragy!

Türkmen binasy

Owal-ahyr döwletlilik ýar bolan,Päk niýetden ýoly şuglazar bolan,Gursak doly namys bolan, ar bolan,Mähri otdan yssy türkmen danasyDünýe dursa, durar türkmen binasy. Şu güne ýetiren geçmiş ýaňyny, Ak bagta meňzetdim säher, daňymy,Nesilleriň paýhasyny, aňyny —Kämil edip, salan sarsmaz galasy,Dünýe dursa, durar türkmen binasy.

Bag — Watanyň zynaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda birnäçe ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň ähli ýerini ýaşyl baglyga öwürmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda miweli, saýaly, pürli agaçlaryň millionlarça düýbüni oturtmak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu däbi Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Netijede, bu günki gün tutuş ýurdumyzy ýaşyl baglyk gurşaýar. Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabady bolsa indi diňe bir ak mermere beslenen şäher hökmünde däl, eýsem, ýaşyl baglyga, al-elwan güllere bürenip oturan «Baglar şäheri», «Güller şäheri» hökmünde hem tanaýarlar. Elbetde, gözel paýtagtymyzyň gür baglyga, dürli güllere bürenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tutanýerli we yzygiderli tagallalarynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Sanlyja ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň töweregini gurşan arça tokaýlyklary hem göreniň göwnüni göterýär. Dogrusy, mukaddes Garaşsyzlygymyzdan ozal paýtagtymyzyň günorta bölekleriniň, Köpetdagyň etekleriniň kä ýerlerinde gyrymsyja ösümlikler görünýän ýalazy meýdan bolandygyny häzirki ýaşlara ynandyraýmagam ýeňil bolmasa gerek. Indi bolsa bütin Kesearkaç baglyga bürenip otyr. Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň, Gökdepe, Bäherden etraplarynyň çäkl

Buýsanç

Buýsandyryp hemmäni,Boldy ýylyň şygary —Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy. Her jümlesi çuň many —Durmuşyň şamçyragy.Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy.

Pyragyň şygyrlary

Ak säheriň keşbidir,Köňülleriň yşkydyr,Lezzetli, has başgadyr,Pyragyň şygyrlary. Günleň haýyr-sogaby,Joşly kalbyň jogaby,Ömürleriň dowamy,Pyragyň şygyrlary.

Magtymgulynyň «Ýar olmagyl» goşgusy

Halkymyz nesil terbiýesi baradaky meselede türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýörelge hem-de görelde mekdebine öwürdi. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana dünýäsine degişli mesele barada gürrüň açylanda watançylyk we ynsanperwerlik pikirleri, öz üstünden üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Onuň «Ýar olmagyl» goşgusy hem şeýle häsiýetdedir. Goşgynyň birinji bendinde: Gel, köňlüm, nesihat berem,Lamekana ýar olmagyl.Her ýetene ýarym diýip,Yzynda bimar olmagyl

Köne eşik

(Gülkili kyssa) Biz çagakak ejem geýlip ýyrtyp ýetişmedik eşiklerimizi «Jigiň geýer» diýip, düwünçege düwüp, ýygnap goýardy. Olaryň käsini soň jigim geýse geýerdi, köpüsi bolsa düwünçekden çykman galardy. Onsoň, ejemiň sandyklarynda ýyllarboýy düwni açylman duran düwünçekler kändi. «Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alynýar» diýleni çyn ekeni. Meniň maňlaýymdan çykanam edil ejem ýaly köne zady zyňmaga dözmeýänlerden boldy. Olam meniň eşiklerimiňem, öz eşikleriniňem, çagalarymyzyň eşikleriniňem geýlip ýyrtylmadyklaryny «Soň gerek bolar» diýip, düwünçeklere düwüp, sandyga salyp, saklap ýör. Ejemden galan düwünçekleriň ýanyna aýalymyň düwünçeklerem goşuldy-da, indi öýdäki sandyklara başga hiç zat sygmaýan bolaýdy.

Uly alym, hatyraly halypa

Türkmen dilini we edebiýatyny öwreniş ylmynyň görnükli wekili Zylyha Muhammedowa 1922-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup obasynda gullukçy maşgalada dünýä inýär. Çagalykdan ynsanyň hat-sowat, ahlak-mertebe gymmatlygynyň ýokarda goýulmalydygy barada berk düşünje, terbiýe alan, tebigy zehinli, gaýratly zenanyň durmuş ýoly tutuş ýurduň taryhy, jemgyýetçilik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol filologiýa ylymlarynyň doktory, ýigrimi sekiz ýaşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy derejelerine mynasyp bolan ilkinji zenan alymdyr. Onuň kakasy Baky Muhammedow — Mary sebitinde tanalýan we uly hormat goýulýan Täçmuhammet ahunyň ogly. Baky Muhammedow medresede okap, bilimden paýyny alýar. Ol XX asyryň başynda ýurduň häzirki çäklerinde ýerli halkyň jemgyýetçilik durmuşynda täze özgerişlikleri giňden ornaşdyrmagyň öň hatarlarynda çykyş edenleriň biridir. Soňra 1924-nji ýylda ykrar edilen Türkmenistan Respublikasyny ykdysady hem-de syýasy taýdan ösdürmekde, ýadawsyz zähmet çekýär. Şol ýyllarda başarjaňlygyny we gözýetiminiň giňligini, birnäçe dilleri bilýänligini göz öňünde tutup, Baky Muhammedowa dürli hojalyk, önümçilik, dolandyryş, partiýa-döwlet işleriniň ýolbaşçylygyny ynanýarlar.

Akyldar şahyryň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany arkaly edermen esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny, onuň döredijiligine salgylanyşyny, bu däpleri nesillere geçirişini öwrenmek bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýolunda akyldar şahyryň şygyrlary uly orun tutýar. Romandan mysal getireliň: «Öz bilim-düşünjesini artdyrmak bilen, Berdimuhamet köp okaýardy. Çeper eserlerden, aýratyn hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň ruhy başdan geçirmelerine saz gelýärdi. Şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Olary okuwçylara, obadaşlaryna okap, aýdyp bererdi». Bu eserde Berdimuhamet Annaýewiň otuzynjy ýylda Aşgabatda geçirilen Dilçileriň birinji konferensiýasyna çagyrylandygy, onda türkmen edebi diliniň esaslaryny goýmak barada gürrüň gidendigi ýatlanylýar. Çagalar üçin mugallymyň her bir sözi, her bir hereketi nusga bolup durýar. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, şahsy mysalynda öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, Berdimuhamet mugallym beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini hiç haçan ýadyndan çykaranok eken. «Şonuň üçin-de okuw prosesinde mugallymyň çekýän zähmetine şeýle uly ähmiýet berýär» diýip, romanda bellenilýär. Bu bolsa kär kämilliginde h

«Dertliler alnynda men lukman bolsam…»

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­men ede­bi­ýa­ty tür­ki ede­bi­ýa­tyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi bo­lan­dy­gy üçin Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gini bü­tin Gün­do­gar halk­la­ry­nyň baý­ly­gy ha­sap­lap bi­le­ris. Çün­ki kö­ki bir bo­lan halk­lar üçin ola­ryň ylym, ede­bi­ýat us­sat­la­ry­nyň dö­re­den baý­lyk­la­ry-da umu­my gym­mat­lyk bo­lup, ýü­rek­le­re or­na­ýar. Mu­ňa biz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­rin­de tür­ki halk­la­ryň we­kil­le­ri bo­lan us­sat­la­ryň at­la­ry­ny, yz­la­ry­ny gö­re­ni­miz­de-de göz ýe­ti­rip bil­ýä­ris.

Döredijilik dünýäsi

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Düş­nük­siz ah­wal

Şygryýet

Allam bize Käbä tarap ýol açdy Bäş parzyň biridir haç zyýaraty,

Sözüň güýjüne ynanýarsyňyzmy?

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Siz söze nähili ähmiýet berýärsiňiz? Sözüň güýjüne ynanýarsyňyzmy? Içki sesiňiz size ynanýarmy?

Duýguly dünýä

AÝDASYM GELÝÄR... Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär,Kakyşdyryp ýüregimiň kirşenin.Kim bu düýşlerimden bir seni çilýän?!Duýgulam akyp dur — ergini şemiň.

Şygryýet çemeni

GALAMDAŞ DOSTUMA HAT Aýdylmadyk sözden kesellärin men,Aýtsam, güllerimi ýandak paralar.Günler gussa seýilgähin köňüldebina edilmegne bolar maýadar.

Ylham joşguny

YLHAMA ÝÜZLENME Salam, mähribanym!Bu ýene-de men!Birwagt zyňyp giden köne ülpediň.Bilýän, sen bagtlysyň,Her geçen günlermeň egnime atdy agyr külpedin.

Älem giňliginde adyň, Arkadag!

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününiň bellenilýän pursatlarynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy toýlarymyza özboluşly öwüşgin eçildi. Bu baradaky güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň akyldar şahyryň adyny göterýän ýokary okuw mekdebine — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynda çuňňur many bar. Ol, bir tarapdan, Magtymguly Pyraga bolan sylag-sarpany äşgär etse, beýleki bir tarapdan, ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladany görkezýär. Mähriban Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi älem giňişligindäki parlak ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Döwletli Diýaryň abraýyny äleme çykaran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowamat eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymy ýollaýan. Beýik Ogullaryň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

«Ismim düşdi ilden-ile...»

XVIII asyr, görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň belleýşi ýaly, Türküstanda beýik Magtymgulynyň asyrydyr. Bu taryhy döwürde ýaşan türkmeniň beýik söz ussadynyň çuňňur mazmunly goşgulary ýüreklerde berk orun aldy. Magtymgulynyň eserleriniň durmuşyň ähli möhüm meselelerini öz içine almagy, şahyryň edebi mirasynyň müdimilige eýe bolmagyna ýol açýar. Hakdan içen halk şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, ähli döwürleriň beýik söz ussatlarynyň biridir. Muňa görnükli rus alymy Wasiliý Bartoldyň «Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri hem doly güwä geçýär. Dana Pyragynyň döreden eserleriniň aglabasy onuň öz döwründe dürli sebäpler bilen ýitip ýok bolupdyr. Şahyryň biziň döwrümize gelip ýeten eserleri onuň hut öz eli bilen ýazan goşgularynyň göçürilen nusgalarydyr. Beýik söz ussadynyň eserleriniň il içinde elden-ele, dilden-dile geçip, giňden ýaýramagynda onuň ýakyn garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň, bagşy-sazandalaryň we Magtymgulynyň yzysüre edebiýat äleminde peýda bolan türkmen nusgawy şahyrlary Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň bardygyny bellemek gerek. XIX asyr türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň hut öz eli bilen taýýarlan «Magtymguly» diwanynyň, şeýle hem şahyryň eserlerini öz içine alýan ençeme golýazma

Şygryýet

Arkadagyň heýkeli Haýyr işi jäht tutduk, elbetde,Islegi bu raýatlaryň, her kimiň.Gurduk mekanlaryň ajabyn saýlap,Arkadagyň nurun saçýan heýkelin.