"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekinlere suw tutulýar

Balkan welaýatynyň zähmetkeşleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlanmagyna, ýokary hilli azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen, ähli ukyp-başarnyklaryny meýdan işleriniň ilerlemegine gönükdirýärler. Welaýat boýunça geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan şu ýyl 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ekilen ak ekine suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Begmyrat — demirçi ussa

Agşamlyk çaý-nahardan soň, Çarygeldi aga özüniň köpden bäri beriljek jogabyndan ýaýdanyp ýören sowaly bilen ogluna ýüzlendi: — Begmyrat, oglum, indi senem ýigit çykdyň. Bu gün-erte orta mekdebi hem tamamlajak bolup dursuň. Hany aýt, okuwyňy gutaryp, haýsy käri edinmegi ýüregiňe düwýärsiň?!.

Gysga boýly miweli baglaryň önümçilik ähmiýeti

Bagçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, azyk bolçulygynyň berekedini artdyrmakda esasy orunlarda durýar. hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen bagçylygy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bagçylyk hem köptaraplylygy, şeýle hem özboluşly aýratynlyklary, mysal üçin, toprak görnüşine, düzümine, howa şertlerine talapkärligi, baglary görnüşlerine görä ýerleşdirmek usullary, agrotehnika aýratynlyklary, şeýle hem önümçilik netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bag meýdanlary döredilende, esasan, onuň berjek ykdysady netijeliligi — miweleriniň ýokary hilli, bazarlylygy şol bir wagtda çalt ýetişip, bol hasyl berşi göz öňünde tutulýar. Gysga boýlulara, esasan, has kelte (has girdenek), kelte (girdenek) we ýarym kelte (ýarym girdenek) boýly daragtlary bolan miweli baglar degişli edilýär. Olaryň boýlary 2 – 4 metr aralygynda bolýar, uzyn boýly baglar bilen deňeşdirilende 2 – 3 metr pesdir. Gysga boýly miweli baglaryň esasy aýratynlyklarynyň biri, olaryň çalt ýetişip, oturdylanyndan 2 – 3 ýyldan soň, bol hasyl berip başlamagydyr. 3х3 metr çyzgyda (1-nji san hatararasy, 2-nji san ösümlikleriň arasy) ýerleşdirilen girdenek boýly alma baglary eýýäm üçünji ýyl gektardan 52 – 82 sentnerden, 2,5х1 metr çyzgy bilen gür oturdylan baglar bolsa, 136 sentnerden hasyl berip başlaýar. Topragy güýçli, ýerasty şor

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem, edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär. Pomidor agajynyň watany günorta we merkezi Amerika hasaplanylýar. Pomidoryň ýabany görnüşi Braziliýada, Peruda, Çilide, Ekwadorda duşýar. Ylmy çeşmelerde bu pomidor agajy «Sprut F1» diýlip hem atlandyrylýar. Pomidoryň salkym görnüşli ýetişýän sortundan birnäçe ylmy gözleg işleriniň netijesinde sapma arkaly döredilen bu sort özüniň çalt ösýändigi, daşky täsirlere çydamlylygy, köp hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu pomidor agajynyň 50 inedördül metrinden 1,5 tonna golaý hasyl almak bolýar, bu bolsa her bir inedördül metrden 30 kilogram pomidor hasylyny alyp bolýandygyny görkezýär. Onuň 5 – 6 sany miwesiniň agramy 100 – 110 gram möçberinde bolup, bu agajyň beýikligi 4 – 5 metr, ýaşaýyş dowamlylygy bolsa, 15 ýyla çenlidir.

Dostluk barada

Dost — bu biziň deň ölçegli bolup düşünişmekde, ýagşylykda ynanyp biljek we adalatlylykda, päkýüreklilikde hormat goýýan kişimiz bolmalydyr. Robert Holli.

Täze traktorlar: üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň miwesi

Gazagystan döwletinde ýakyn geljekde täsin oba hojalyk taslamasynyň amala aşyrylmagy mümkin we Gazagystan Hytaýyň «YTO» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny — traktorlary öndüriji döwletleriň hataryna goşular. Bu taslama üçin maýa goýumy Gruziýanyň «Georgian Industrial Group» maýadarlyk kompaniýasy goýar. Şeýlelikde, täze öndüriljek traktorlar üç döwletiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesine öwrüler. Ýakynda Gazagystanyň Senagat we ösüş ministrliginde bu baradaky ýörite Ähtnama gol çekildi. Ýöne täze taslamanyň gruzin maýadarlarynyň Gazagystanda amala aşyrýan ilkinji taslamasy däldigini hem aýtmak gerek. Olaryň hyzmatdaşlygy bilen ozal Gazagystanda «Acros» we «Vector» kombaýnlarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Ýene bäş kompaniýa rugsat berildi

Rus fermerleri tarapyndan öndürilen süýt we süýt önümleri Hytaý bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, Hytaý hökümeti süýt önümçiligi bilen meşgullanýan rus kompaniýalarynyň ýene-de bäşisine öz önümlerini öz döwletine eksport etmäge rugsat berdi. «Milknews» saýtynyň rus we hytaý çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň ýurda öz önümlerini getirip biljek kompaniýalaryň sanawyny täzeländigini, täze sanawyň oba hojalyk ugry boýunça Russiýadan ýene-de bäş kompaniýanyň Hytaýa süýt we süýt önümlerini getirip biljekdigini ýazdy.

Jöwene isleg uly

Geçirilen statistiki barlaglar soňky bir ýylyň içinde dünýäde jöwene bolan islegiň 4 göterim artandygyny görkezýär. «Sorghum Id» internet portalynyň çap eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde jöwen önümçiligi ozalkysyndan 6 göterim ösdi. Şeýlelikde, dünýä boýunça öndürilen jöweniň mukdary 60 million tonnadan hem geçdi. Ýetilen sepgitde Ýewropanyň käbir döwletleriniň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Awstraliýanyň we Argentinanyň paýy örän uludyr.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Oba hojalygy: ylma daýanýan işler

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça ylmy esasda amala aşyrylýan işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna aýratyn bezeg berýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň, halk hojalygynyň durnukly ösýän şertlerinde amatly daşky gurşawy, türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi hem bu syýasatyň miwesidir.

Sähranyň bezegi

Daýhan zähmetiniň netijesi güýzde belli bolýan bolsa, maldaryň çeken zähmeti ýazda äşgär bolýar. Owlak-guzularyň mäleşýän sesleri bu ýyl çopan-çoluklaryň çeken zähmetiniň ýerine düşendiginden habar berýär. Hawa, Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl gyşdan başy tükel alyp çykan 84 müň 373 ene goýunlaryndan 76 müň 865 guzy alyp, bu baradaky meýilnamany 100,3 göterim berjaý etdiler. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maldarlaryň iki müňe golaý guzyny öňki ýyldakydan köp alandygyny görkezýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan maldarçylyk hojalyklarynyň 8-sinde hem öz işine ussat, tejribeli çopanlar zähmet çekýärler. Oglanlygyndan malyň yzyna düşüp, ata kesbini dowam etdirýän ýaşlar her bir maldarçylyk hojalygynyň esasy daýanjy hasaplanýar. Şeýdip, maldarçylykda halypa-şägirt ýoly dowam etdirilýär. Ähli çopan toparlary maşgala agzalaryndan düzülip, maldarlar maşgalasy emele gelýär.

Möhüm möwsüme badalga

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler Hormatly Prezidentimiziň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, 31-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Daýhanyň daýanjy — Watanyň kuwwaty

— Hormatly Prezidentimiz golaýda şu ýylyň gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi, il sylagly ýaşulular bolsa hut biziň ekin meýdanymyzda «bismilla» diýip, ekişe başlap berdiler. Bu waka toparymyzyň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Biz üstümizdäki ýylda ekinlerden bol hasyl alyp, beýik senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýäris. Biziň söhbetdeşimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler toparynyň baştutany Arzygül Mämmetkulyýewa. Ol gowaça ekişine girişilmegine bagyşlanan welaýat geňeş-maslahatynyň özünde galdyran täsirleri barada buýsanç bilen şeýle gürrüň berýär. Şeýle bolmazça hem däl. Şol gün welaýatymyzyň oba hojalyk hünärmenleri, belli ekerançylary, ussat mehanizatorlary öňdebaryjy toparyň agzalarynyň ekin meýdanlarynda bolup, daýhanlaryň ýerleri ekişe taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara ideg etmek boýunça alyp barýan işleri bilen höwesli tanyşdylar. Şonda olarda ýer eýeleriniň bitiren işleri kanagatlanma duýgusyny döredipdi. Öz gezeginde tutumly maslahatyň geçýän ýerinde jemlenen kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, iş gurallary daýhanlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Täze, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň gözýetime uzalyp gidýän hatarlary döwletimiziň möhüm pudagy ösdürmäge, daýhanlara goldamaga, ahyrky netijede bolsa oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge ilkinji derejeli üns berýändigine şaýat

Bagban bagyndan belli

Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky kararynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşýan bagbanlaryň biri-de Täçmämmet Goýçyýewdir. Ol welaýatymyzyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar. Tejribeli daýhan Täçmämmet Goýçyýew häzir altmyşynyň onlugyny tegelän adam. Ussat bagban ogly Umyt bilen wagtynyň köp bölegini bag içinde geçirýär. Olar baglary hapa-haşal otlardan arassalamak, baglaryň düýbüni ýumşatmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu bagbanlar maşgalasy häzir iki gektara golaý ýerde alma agajynyň 80, garalynyň 100, üljäniň 40, erigiň hem 150 düýbüne ideg edýärler. Bag ýetişdirmek hysyrdyly iş. Ýaşuly bagbana maşgala agzalary — ýanýoldaşy Aýsenem, ogly Umyt, gyzlary Dünýä, Dilber, Gülaýym dagy kömek edýärler.

Jogapkärli günler başlandy

Oba hojalygynda ekerançydyr maldarlar üçin ýylyň hemme paslam jogapkärli. Emma pagtaçy kärendeçiler üçin ýaz ekişiniň günleri ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy belli bir derejede ýaz ekişiniň gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Şonuň üçinem pagtaçy kärendeçiler döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdan satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli traktorlardyr oba hojalyk gurallaryndan netijeli peýdalanýarlar. Gowaça ekişine ak pata berilmegi bilen bu agrotehniki işi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen etrabymyzda-da ýaz ekişi giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 6800 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu möhüm iş etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu möhüm işden TDP-niň etrap komitetiniň işgärlerem çetde durmaýarlar.

Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garagum çölünde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylyşa girizilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Bu köl şor suwlaryň ýygnanyp, ekerançylyk ýerleriniň giňemegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň ekologiki ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmen halky hemişe suwa sarpa goýupdyr. Suwy keramat hökmünde görüp, akar suwa salam beripdir. Suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmegi hem ýöne ýere däldir. Ol tebigatda we adamyň durmuşynda juda ähmiýetli bolup, ýaşaýşymyzy bezeýär. «Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz rehnet», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer çölli», «Suw hasylyň enesidir», «Suw her zady päklär» diýlişi ýaly, suw durmuşymyzyň özeni bolup durýar. Ata-babalarymyz ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolup, Onuň üçin bolsa suw ilkinji nobatda gerek bolupdyr. Olar guýulary, kärizleri gazyp, suw çykaryp, kak suwlaryny ýygnap, gün-güzeranlaryny görüpdirler. Kesewiňi dürtseň gögerýän türkmen topragynda geçmişde suwa eşrepi ýaly garapdyrlar.

Jogapkärli möwsüm

Gowaça ekişi oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanýar. Täze hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýan bu döwründe işiň hiline we ekişiň wagtynda alnyp barylmagyna uly ähmiýet degişlidir. Muňa oňat düşünýän Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna sowgatly barmagy maksat edinip, şu günler gowaça ekişine örän jogapkärli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda etrap boýunça 34 müň gektar meýdana agrotehnikanyň kadalaryna, toprak-howa şertlerine gabat gelýän gowaçanyň ýokary hilli tohumyny, şol sanda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14», orta süýümli «Ýolöten — 39» we «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekmek meýilleşdirildi. Şonuň bilen baglanyşykly, etrapda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler «Babadaýhan», «Agalaň», Ö.Japarow adyndaky, «Tejen», «Däneçilik» daýhan birleşiklerinde has gyzgalaňly dowam edýär.

Ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Gowaça ekişiniň dowam edýän häzirki günlerinde bu jogapkärli işde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, hatararalaryny bejerýän gurallaryň giňden ulanylmagy şeýle diýmäge esas berýär. Munuň özi ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün edýär. Gowaça ekiji tehnikalaryň sanly telematik ulgam arkaly dolandyrylmagy tohumyň gögerijilik ukybynyň ýokary bolmagynda, hatar aralarynyň takyklygynda we tohumyňdyr dökünleriň tygşytly ulanylmagynda ähmiýetli orun eýeleýär. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda daşary döwletleriň dünýä meşhur kompaniýalaryndan satyn alnan şeýle tehnikalar bu gün daýhanyň daýanjyna öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda gurlan we ylmyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmekde, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde ýetişdirmekde we olaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda düýpli esas bolup hyzmat edýär.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda oba hojalygy hem ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Oguz ýoly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de toplumyň çägine girýär.

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, taýýarlanylan meýdanlara gowaça tohumlary taşlandy. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir.