Jöwene isleg uly

4 Aprel 2021
2493

Geçirilen statistiki barlaglar soňky bir ýylyň içinde dünýäde jöwene bolan islegiň 4 göterim artandygyny görkezýär.

«Sorghum Id» internet portalynyň çap eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde jöwen önümçiligi ozalkysyndan 6 göterim ösdi. Şeýlelikde, dünýä boýunça öndürilen jöweniň mukdary 60 million tonnadan hem geçdi. Ýetilen sepgitde Ýewropanyň käbir döwletleriniň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Awstraliýanyň we Argentinanyň paýy örän uludyr.

Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.