Ekinlere suw tutulýar

4 Aprel 2021
874

Balkan welaýatynyň zähmetkeşleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlanmagyna, ýokary hilli azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen, ähli ukyp-başarnyklaryny meýdan işleriniň ilerlemegine gönükdirýärler.

Welaýat boýunça geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan şu ýyl 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ekilen ak ekine suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Ananýaz SAPAÝEWA,
TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.