Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany

2 Aprel 2021
1075

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garagum çölünde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylyşa girizilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Bu köl şor suwlaryň ýygnanyp, ekerançylyk ýerleriniň giňemegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň ekologiki ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmen halky hemişe suwa sarpa goýupdyr. Suwy keramat hökmünde görüp, akar suwa salam beripdir. Suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmegi hem ýöne ýere däldir. Ol tebigatda we adamyň durmuşynda juda ähmiýetli bolup, ýaşaýşymyzy bezeýär. «Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz rehnet», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer çölli», «Suw hasylyň enesidir», «Suw her zady päklär» diýlişi ýaly, suw durmuşymyzyň özeni bolup durýar. Ata-babalarymyz ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolup, Onuň üçin bolsa suw ilkinji nobatda gerek bolupdyr. Olar guýulary, kärizleri gazyp, suw çykaryp, kak suwlaryny ýygnap, gün-güzeranlaryny görüpdirler. Kesewiňi dürtseň gögerýän türkmen topragynda geçmişde suwa eşrepi ýaly garapdyrlar.