Ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda
Gahryman Arkadagymyz: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi, täze tehnologiýalardan baş alyp çykýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi babatdaky aladalaryna 8-nji fewralda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli ulanmaklary üçin amatly şertleri döretmek, ýaşlarda dolandyryş, işewürlik we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmek hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatyny dowam etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, „Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyl