Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw meýilnamalaryny döretmek we olaryň many-mazmunyny yzygiderli kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň interaktiw usulyny işjeň ornaşdyrmak okuw-terbiýeçilik işinde maglumat-kommunikasiýa, multimediýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak meselesini bilim işgärleriniň öňünde esasy wezipe edip goýdy.
«Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, olary milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek esasy orny eýeleýär.