Terbiýe mekdebi Hormatly Prezidentimiziň romanlarynda zähmet terbiýesi

11 Fewral 2021
1685

Hormatly Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan terbiýeçilik ähmiýetli «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary milli terbiýäniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän kämil eserlerdir.

Hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap ylym-bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar ýurdumyzda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde iň täsirli ugurlaryň biri bolan çeper edebiýatyň terbiýeçilik güýji, täsiri örän uludyr. Sebäbi her bir çeper eseriň öňünde okyjylaryň ruhy dünýäsine täsir edip, olary belent maksatlara ruhlandyrmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetlere, gowulyga tarap özgertmek duransoň, terbiýe meselesinde-de çeper edebiýat esasy hyzmaty ýerine ýetirýär.

Begenç HYDYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.