"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Aýratyn-da, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Bizem talyp bolduk

Jahan AZATGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: ― Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher barada kän okasam hem, eşitsem hem, şäheriň gözelliklerini «mawy ýaýlymdyr» gazet-žurnallardaky suratlarda synlasam hem, ykbalym, hünär ýolum bu şäher bilen bagly bolar öýdüp pikir etmeýärdim. Ýöne şäherde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygy baradaky habary eşidenimden, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak höwesi oýandy. Şeýlelikde, orta mekdebiň gutardyş synpyny hut şu akademiýada okamak arzuwy we bu arzuwymy amal etmek üçin taýýarlyk bilen geçirdim. Bu gün bolsa men söýgüli bilim ojagymda talyplyk dünýäsine gadam goýýaryn.

Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr. Döredilen robot tehnikasy boýunça gurnak sapaklar we amaly bilimleriň ösdürilmegi üçin ähli gerekli tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, şol bir wagtyň özünde 8-12 okuwçynyň bilelikde sapak geçmeklerine mümkinçilik berýär. Bilim ministrligi STEAM-biliminiň wajyplygyna dolulygyna düşünip, okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň höwesine laýyklykda ýurdumyzyň mekdeplerinde robot tehnikasy boýunça gurnaklary döretmek işini işjeň amala aşyrýar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady.Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berýär. «E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.

Magtymguly mekdebi

dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyrýar Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 1-nji sentýabry şatlyk-şowhuna beslenip, ylym-bilimiň şanly toýy uludan tutulýar. Bu gün kalby bilime teşne çagalardyr ýetginjekler milli nagyşlar bilen keşdelenen tahýalaryny geýip, ýene-de bilimleriň nurana dünýäsine aralaşýarlar. Arzyly we arzuwly käriň eýeleri bolan mugallymlar täze okuw ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek üçin uly güýç, joşgun hem hyjuw bilen işe girişýärler. Olaryň hatarynda «mugallym» diýen hormatly ada eýe bolup, uly arzuw-umytlar bilen ilkinji zähmet ýoluna gadam basýan ýaş hünärmenler-de bar.

Täze okuw ýylynyň «Ilkinji jaň» dabaralary

Diýarymyzyň çar künjeginde şatlyk-şowhuna beslendi Ajaýyp güýz paslynyň ilkinji gününde bilim ojaklary toý lybasyna beslendi: ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Eziz Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin tolgundyryjy pursatlara öwrüldi. Orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň daş-töweregini şatlykly dabaralar gurşap aldy. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» mowzugynda başlanmagy «Ilkinji jaň» dabaralarynyň şowhunyny has-da artdyryp, olara aýratyn many-mazmun, baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Täze bilim ojaklary — ýaş nesilleriň buýsanjy

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy Güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Çünki islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Döwrebap mekdep açyldy

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine we dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna gönükdirilendir. Ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gözel paýtagtymyz, welaýat merkezleri bilen bir hatarda obadyr şäherlerde hem döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, Hojambaz etrabynda hem döwrebap mekdep gurlup, ulanylmaga berildi. Hojambaz şäherindäki 38-nji orta mekdebiň ajaýyp binasy ýaşlar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu mekdep 960 okuwça niýetlenendir. Dabaraly ýagdaýda açylan mekdep diňe bir etrabymyzyň ýaşlaryny däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, mugallymlaryny hem begendirdi.

Kämil tehnologiýaly bilim ojaklary

Her ýylda ýurdumyzda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglary, orta mekdepler, bilimler dünýäsi bilen bagly dürli desgalar açylyp, ulanylmaga berilýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim ojagy — döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdep açylyp, ulanylmaga berildi. Bu mekdep 750 okuwça niýetlenen üç gatdan ybarat bolan dünýä standartlaryna gabat gelýän interaktiw otaglar, kompýuterler, lingafon enjamlary we beýleki döwrebap tehnologiýalar bilen doly üpjün edilendir. Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, «akylly» şäherdäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezi açyldy. Merkez 7-nji we ondan ýokary synp okuwçylara niýetlenendir. Onda STEAM (Science, technology, engineering, art, mathematic — ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat, matematika) usulyýetiniň kömegi arkaly okuwçylaryň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olarda logiki pikirlenmegi we ylmy sowatlylygy ösdürmek, programmirlemäni öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

«Ilkinji jaň» dabaralary guraldy

Düýn ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden toýlanyldy. Baýramçylyk gününde bilim ojaklarynda täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Baýram güni welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 397-si toý lybasyna beslendi. Bilim ojaklaryny aýdym-sazyň hoş owazy gurşap aldy. Irden şanly sene hem-de täze okuw ýylynyň badalga almagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary guraldy. Dabaralara gatnaşan ýerli häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mugallymlar ýaşlary täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, olara bilimler dünýäsinde uly üstünlikleri arzuwladylar. Şonuň ýaly-da çykyşlarda ýaş nesliň okamagy, bilim almagy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Täze okuw ýylyna sowgat

DÖWREBAP MEKDEP ULANYLMAGA BERILDI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli maksatly täze binalaryň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilýän täze ymaratlardyr desgalar halkymyzyň hyzmatyna berilýär.

Çagalar bakja-bagy açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň çäginde iki gatdan ybarat, 160 orunlyk döwrebap, kaşaň çagalar bakja-bagy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýerde eýjejik körpeleriň oňat bilim hem-de terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir.

ILKINJI JAŇ KAKYLDY

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçildi. Ähli mekdeplerde, şol sanda Mary şäherindäki 24-nji orta mekdepde bu baýramçylyk mynasybetli ajaýyp dabara guraldy.

Ruhubelentlige beslendi

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Ak bugdaý etrabynyň orta mekdepleri ýaş nesil üçin gapylaryny giňden açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminden soň 2024-2025-nji okuw ýylyna täze güýç bilen girişen ýaşlar, şeýle-de ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätlän 1-nji synp okuwçylary bilim ojaklarynda mähirli garşylandy. Şu mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar ýaş nesliň şatlygyna şatlyk goşdy. Etrapdaky orta mekdeplerde geçirilen dabaralarda ruhubelentlik alamaty höküm sürdi. Şol dabaralar ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän çagalar, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, hormatly kärde zähmet ýoluna başlan ýaş hünärmenler üçin aýratyn ýatda galyjy boldy.

Salam, mekdep!

Babadaýhan etrabynda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralara utgaşyp gitdi. Mekdeplerde bolan dabaralarda täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi bilen baglanyşykly ýagşy arzuwlar aýdyldy. Okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň kakylmagy bilen, bagtyýar ýaşlar ýagty okuw otaglaryna doldular. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde etrap boýunça bagtyýar çagalaryň ýüzlerçesiniň 1-nji synpa gadam basandygyny, olaryň ak mekdeplerde aýratyn mähir bilen garşylanandygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň “Bilimli” kompýuter sowgadyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen bellemek gerek.

Ak mekdeplerdäki dabaralar

Gökdepe etrabyndaky orta mekdeplerde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara bilim işgärleri, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep okuwçylary we ene-atalar uly şatlyk-şowhun bilen gatnaşdy. Dabaralarda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden aýdylan mähirli gutlaglar, ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolmagy üçin uly tagallalar edip, bu babatda ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşlar göwün göteriji duýgulary döretdi.

Bilimden paýly nesiller

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde özboluşly şatlyk-şowhuna, belent ruhy joşguna beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabara hem baýramçylyk mynasybetli guralan dürli medeni-köpçülik çäreleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Şowhunly dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, dürli dabaralary, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde baýramçylyk çäreleri uly ruhubelentlikde geçirildi.

Täjigistanda gurlan mekdebiň okuwçylaryna haýyr-sahawat gaznasyndan kompýuterler sowgat berildi

Arkadag şäherinde 27-nji awgustda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýany boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda Türkmenistanyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini