Täjigistanda gurlan mekdebiň okuwçylaryna haýyr-sahawat gaznasyndan kompýuterler sowgat berildi

2 Sentýabr 2024
419

Arkadag şäherinde 27-nji awgustda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýany boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda Türkmenistanyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň
Milli Lideriniň adyndan sowgat hökmünde gowşurmak üçin «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleriniň 100-si Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Altynjemal ÝAGMYRBAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň müdiri.