Döwrebap mekdep açyldy

2 Sentýabr 2024
496

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine we dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna gönükdirilendir. Ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gözel paýtagtymyz, welaýat merkezleri bilen bir hatarda obadyr şäherlerde hem döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, Hojambaz etrabynda hem döwrebap mekdep gurlup, ulanylmaga berildi. Hojambaz şäherindäki 38-nji orta mekdebiň ajaýyp binasy ýaşlar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu mekdep 960 okuwça niýetlenendir. Dabaraly ýagdaýda açylan mekdep diňe bir etrabymyzyň ýaşlaryny däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, mugallymlaryny hem begendirdi.

Döwlet ALLAMYRADOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap geňeşiniň başlygy.