"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jahanyň meşhur uniwersitetleri

Abraýly bilim ojagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň täsin binasy 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary okuw mekdebinde talyplar 14 hünär boýunça bilim alýar. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, geçilýän dersleriň ählisi iňlis dilinde alnyp barylýar. Ýokary bilim mekdebiniň çäginde döwrebap baş okuw binasy, 800 talyp üçin 3 sany umumyýaşaýyş jaýy, naharhana, sport toplumy, woleýbol, basketbol, tennis we beýlekiler üçin niýetlenen açyk meýdançalar ýerleşýär. Bu ýerde talyplar bakalawr we magistratura derejeleri boýunça bilim alýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Mekdebiň binasynda döwrebap tehnologiýalar we multimedia enjamlary bilen üpjün edilen okuw, lingafon otaglar, žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplar üçin niýetlenen ýazgy studiýasy, mejlisler zaly, muzeý, mugallymlar otaglary bar.

Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň täze bilim syýasatynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan ylym we tehnika babatdaky döwlet syýasatymyz täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmaga, öz ylmy-tehniki ideýalarymyzy ösdürmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem, ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

“Dogdy asmanyň zöhresi...”

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna talyp gözelleriň 21-si gatnaşdy. Olar, düzgünnama laýyklykda, birinji şert boýunça 2021-nji ýylyň şygaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny aýdymdyr goşgynyň, sahna eserleriniň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler.

Ene eli — em, dili — melhem

Çagany ýaşlykdan edep-terbiýeli edip ýetişdirmekde iň mähriban ynsanlar hasaplanýan eneleriň alyp barýan işlerini bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bilen deňeşdirmek bolar. Eziz eneleriň görüm-göreldesi çagalar üçin nusgalyk mekdepdir. Olar öz perzentlerini durmuşyň gül-gunçalary hasap edýärler. Ine, şol ezizleri ata-eneleriň ýaşaýşynyň bezegine öwürmek möhüm işdir. Munuň üçin terbiýeçilik işleriniň täsirliligi zerur. Şeýle etmek üçin bolsa, ata-eneleriň mugallymlar bilen ysnyşykly işlemegi, çagalara iki tarapdan edilýän terbiýeçilik täsiriniň bir maksada — olary asylly sypatlarda terbiýelemäge gönükdirilmegi möhümdir. Ata-eneler bilen söhbetdeşligi ýörite synp sagatlarynda geçirmek bolar. Munuň üçin synp sagatlarynyň geçirilişine üns bereliň! Ýagny, mugallym enelere bagyşlap Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän synp sagadynyň maksadynda çagalarda enä bolan söýgini ösdürmegi, olaryň il-gün üçin, Watan üçin bitiren hyzmatlaryny okuwçylaryň aňyna ýetirmegi göz öňünde tutmalydyr.

Baýramçylyga bagyşlandy

Geçen anna güni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp «Bahar. Ene. Şahyr» ady bilen medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi. Ýokary guramaçylykda, işjeň ýagdaýda geçirilen bu çärede professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda talyp gyzlaryň «Her bir enäň ýüregi» hem-de Abdyrahman Jamynyň «Unutma» atly goşgularyny hünär dillerinde labyzly aýtmagy täsirli boldy.

Üstünlikli geçirilen bäsleşik

Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli —2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gözelleriň 21-si gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, watançylyk buýsanjyny, keşp hem edep gözelligini, milli däp-dessurlarymyza goýýan hormat-sarpasyny, edep-ekramyny, bilim-sowadyny hem halkymyza mahsus beýleki asylly häsiýetlerini açyp görkezmäge gönükdirilen bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşanlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany beýan etdiler, şeýle hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, türkmeniň milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. Eminler bäsleşigiň bu şertinde gyzlaryň çalasynlygyna, şeýle-de unaş kesip bilmek ukybyna baha berdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen bäsleşigiň üçünji şertinde talyp gözeller özleriniň zeh

Wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Boldumsaz etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň bilim ulgamynda we edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdyldy. Gyzykly rowaýatlaryň manysy dogrusynda söhbet edildi. Olar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleri hakynda söhbet etmek bilen, tüýs ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.

Ukyplylar öňe saýlandy

Bereket etrap bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň 22-nji orta mekdebinde “Iň eýjejik gyzjagaz — 2021” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabyň mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşik zehinlileri we eýjejikleri öňe saýlady. Onda etrabyň 22-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy A.Nurgylyjowa 1-nji orny, 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy O.Güýçberdiýewa bolsa 2-nji orny eýelemegi başardylar. Ýeňijilere sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Hepdelik täsirli boldy

Mekdebimizde Halkara zenanlar güni mynasybetli hepdelik geçirildi. Hepdelikde mekdebiň ýokary synp okuwçylary enelere we mähriban mugallymlara bagyşlap, diwar gazetini taýýarladylar. Okuwçylaryň el işleriniň we çeken suratlarynyň sergisi hem döredildi. Hepdeligiň ahyrky günlerinde bolsa ajaýyp baýramçylyk mynasybetli degişme sahnalar guraldy, zenanlara bagyşlanyp, şahyrlaryň we mekdep okuwçylarynyň özleriniň döreden goşgulary ýatdan labyzly okaldy. Hepdeligiň dowamynda mekdebiň bilim işgärleriniň düzümindäki aýal-gyzlara we okuwçy gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar hem gowşuryldy.

Başlangyç synpda matematika dersini öwretmek

Mugallym mekdepde başlangyç synplary okatmak üçin çagalar bilen umumy dil tapmaly bolýar. Olaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak bolsa esasy zerurlyklaryň biridir. Başlangyç synpda okuwçylar birnäçe dersler boýunça okadylýar. Ilkibaşda olara sapaga girişmek ýeňil düşmeýär. Şonuň üçinem çagalary okatmakda dürli usullary ulanýaryn. Başlangyç synpyň okuwçylaryna matematika dersini öwretmekde görkezme esbaplardan, interaktiw tagtadan yzygiderli peýdalanýaryn. Sanlar bilen baglanyşykly geçilýän temalarda okuwçylaryň ünsüni bir ýere jemlemäge çalyşmaly. Mysal üçin, matematika dersinden sanlar bilen baglanyşykly temalar geçilende hem beýleki dersler bilen baglanyşdyrmak mümkin. Munda harplyk ýa-da ene dili, türkmen dili, surat sapaklary bilen hem baglanyşdyryp bolar. Multimedia tagtasynda okuwçynyň özi bilen bilelikde işläp, taýýar prezentasiýalar görkezip hem bolar. Şeýle usullar sapak guralanda ulanylsa, onuň netijesi ýokary bolýar. Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň!

Okuw-tejribe işleri döwrebap guralýar

Institutymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Ýaşlara döwrüň talabyna laýyk, häzirki zaman derejesinde ylym-bilim bermek, hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Institutyň okuw otaglary, tejribehanalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede okuw-görkezme esbaplary hem-de ekerançylyk, agroekologiýa, weterinariýa, gidromeliorasiýa, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek ugurlaryna, şeýle-de himiýa, fizika, kompýuter tehnologiýasy derslerine degişli döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Institutda ýöriteleşdirilen multimedia we internet otaglary, kompýuter merkezi döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzda ilkinji gezek agroekologiýa ugry boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanýar. Ýurdumyzda oba hojalygynda zähmet çekýän ekolog hünärmenleriň taýýarlanmagy oba hojalygyny ekologiýalaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmäge has-da ýardam eder.

Hyzmatdaşlygyň innowasion guraly

Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak babatda öňe sürülýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap, iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Sanly ulgamyň hem-de jemgyýetçilik diplomatiýasynyň bir ugry hökmünde sanly diplomatiýa ýurduň daşary syýasatyny ýöretmegiň aýratyn bir usuly bolup durýar. Alymlaryň bellemegine görä, sanly diplomatiýa internetiň, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik mediasynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary berkitmek üçin ulanylýan täze usuldyr. Däp bolan diplomatiýadan tapawutlylykda, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň esasy aratapawudy maglumatlaryň elýeterliliginden, aç-açanlykdan, şahsyýetleriň we guramalaryň (fiziki we ýuridik şahslaryň) arasyndaky gatnaşyklaryň has giň häsiýete eýe bolmagyndan ybaratdyr. Sanly ýa-da elektron diplomatiýany alyp barmaga döwlet edaralary, ilkinji nobatda, daşary syýasaty durmuşa geçirýän döwlet edaralary, şeýle hem hökü

Bagtly çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Bagtly çagalygyň, arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurdy bolan Türkmenistan Diýarymyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak çagalar baglarynda öwredilýän ýönekeý düşünjelerden gözbaş alýar. Çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, onda zähmet endiklerini terbiýelemek, zähmete hormaty kemala getirmek hem biziň — terbiýeçileriň borjy bolup durýar. Sebäbi zähmete hormat goýýan, halal zähmeti söýýän adam jemgyýetiňem bezegidir.

Sanly bilim: guwandyryjy netijeler

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bilim ösüşleriň sakasydyr. Häzirki wagtda her bir döwletiň ösüşi, halkara abraýy, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaşlaryna berilýän bilimiň hili we derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamzadyň durmuş ýoluny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki taryhdan şu güne çenli durmuşymyzda gazanylýan ösüşleriň we ýetilýän sepgitleriň ählisiniň binýadynda kämil ylym-bilim durandyr.

Ösüşlere binýat, kämillige gönezlik

Ylym-bilim Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden döwlet Baştutanymyz milli ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada alada edip, giň möçberli özgertmeleri öňe sürdi. Şuňa laýyklykda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işi we okuw maksatnamalary düýpli kämilleşdirildi, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýöriteleşdirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hem ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän özgertmeler mähriban ýaşlary beýik üstünliklere galkyndyrýar, olaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen baglanyşykly ösdürmäge, orta we uzakmöhletleýin döwürlere niýetlenilen milli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn hem jemgyýetiň ylmy mümkinçiligini artdyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alnyp, ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýady kämilleşdirilýär, maddy-üpjünçilik ulgamy berkidilýär. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary, ýokary we ýörite orta okuw mekdep

Kesbinden bagt hem bereket tapan

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda etrap gazetinde Rozymyrat Genjäýewiň goşgulary çap edilýärdi. Menem şol wagt harby gullukdan gelipdim. R.Genjäýewiň goşgularyny okadygymça mende onuň bilen tanyşmak höwesi barha artýardy. Şeýlelikde aradan birnäçe ýyl geçdi. Men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki 32-nji orta mekdepde işe başladym. Bir ýyldan soň etrapda «Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen mowzukda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maňa-da kärdeşlerim bilen bu maslahata gatnaşmak nesip etdi. Maslahatda şol ýyllarda etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýän Rozymyrat Genjäýew çykyş etdi. Rozymyrat halypa bilen tanyşlygymyz şol günden başlandy. R.Genjäýew 1972-nji ýylda Kerki şäherindäki şol wagtky Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna başlangyç synp mugallymy hökmünde işe iberilýär. 1975-nji ýylda dogduk mekanyna dolanyp, etrapdaky 1-nji orta mekdepde işe başlaýar. 1976-njy ýylda bilimini artdyrmak maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty bölümine gaýybana okuwa girýär. Okuwyň daşyndan şu mekdepde yhlasly zähmet çekip, çagalara döwrebap bilim we terbiýe berýär. Mugallym gündelik guraýan sapaklaryna taýýarlykly gelýär, okuwçylaryna edebi dilde arassa gürlemegi öwredip,

Ýeňişli ýola badalga

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli möhüm özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleriň ilerlemegi, kämilleşmegi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda, orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýylyň okuwçysy — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik 4 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda okuwçylaryň jemleýji ýyllyk bahalaryna we 11-nji synpa çenli dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan Hormat hatlaryna seredildi. 2-nji tapgyrda okuwçylar Türkmenbaşy etrap bilim bölümi tarapyndan takyk, ynsanperwer we tebigy ugurly bilimler boýunça düzülen sowallara jogap berdiler. 3-nji, 4-nji tapgyrlarda bolsa öz döredijilik başarnyklaryny aýratynlykda görkezdiler we özleriniň saýlap alan erkin temalary boýunça çykyş etdiler.

Döwrebap usul — kämil tejribe

Ýaş nesle beýik döwrümize mynasyp bilim we terbiýe bermekde mugallymlara uly orun degişlidir. Olaryň kärine kämil, hünärine ussat bolmaklary, işine döredijilikli çemeleşmekleri esasy talap bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz öňümizde örän wajyp wezipeleri goýýar. Munuň özi bilim işgärleriniň ýurdumyzyň, milletimiziň geljeginiň öňünde uly jogapkärçilik çekýändigi bilen baglanyşyklydyr. Biz hem bu talaplardan ugur alyp, gündelik işimizde mugallymlary ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde öňdebaryjy usullara daýanmaga höweslendirýäris. Şonuň netijesinde möhüm meselelerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Olar hakynda gürrüň etmek örän ýakymlydyr. Ine, şu okuw ýylynyň ýanwar aýynda bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen usuly-amaly okuwyň çäginde guralan görkezme esbaplaryň sergisinde mekdebimiziň informatika-fizika mugallymy Didar Hangeldiýewiň sapaklarda okuwçylaryň bilimini we dünýägaraýşyny ösdürmek maksady bilen taýýarlan toplumy baş baýraga mynasyp boldy. Saýlap alan kärine ähli ukyp-başarnygyny bagyş edip, beden taýdan güýçli we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek işinde mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Şakirjan Ýaşuzakow yhlaslylyk we ussatlyk görkezýär. Ol bilim işgärleriniň arasynda guralýan bäsleşigiň «Iň gowy sport zaly» ugry boýunça indi birnäçe ýyldan bäri etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup gelýär. Mekdebimiziň ýaş türgenleriniň dürl

Bilimiň ak şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyz bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmeklerini gazanmak barada alada edip, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri döwlet derejesinde ileri tutdy. Mähriban Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyny, ile-ýurda gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen bir hatarda talyplaryň ylmy gyzyklanmalary, okuwda gazanýan üstünlikleri bilen içgin gyzyklanyp durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna giň ýol açdy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiz 10-njy fewralda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi. Hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektoryna ykdysady düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Munuň özi sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe düzümleri, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işleriniň gerimini giňeltmekde, hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmekde ýokary okuw mekdebimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar. Ýeri gelende bellesek, institutymyzda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimiz 2020-nji ýylda Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasy, adyndan hem belli bolşy ýaly, dünýä ýurtlarynyň ýokary bilim berýän edaralaryny öz içine alýan jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.