"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şa serpaýynyň eýesi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji iýunynda uly ruhubelentlikde bellenen Ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Şatlyk Kurbanow hem gatnaşyp, baýrakly 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talybymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby gullukçylaryň, diňe bir öz alýan hünär bilimi bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda ylmy barlaglary alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýeňijiler ýurdumyzyň ýaş nesli üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ylym älemindäki üstünlikler

12-nji iýun — Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň ylmy-tehniki başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ylmy esasly döwlet syýasaty ýurdumyzyň ösüşinde ylmyň kuwwatyny, innowasiýalaryň ornaşdyrylyş depginini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar.

Ylym — gymmatly hazynamyz

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ylmy işler boýunça ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýaş alymlary hem bar. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Ogulaý SOLTANOWA,institutyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy:

Ylym kuwwaty — ýurduň beýik binýady

Düýn, 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde her ýylda geçirilýän ylym bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Ylmy bäsleşige gatnaşyjylar ylmyň we tehnologiýanyň esasy alty ugry boýunça täze taslamalaryny, oýlap tapyşlaryny, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýerlerinden we dürli edara kärhanalardan, mekdep okuwçylary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarydyr talyplary özleriniň täze ylmy işleri bilen gatnaşyp ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrýarlar.

Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Ylma höwesli ýaşlar ilkinji aýgytly ädimleri bilen ylym dünýäsiniň gapysyny açýarlar

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu pursatlary synlanyňda, ýaş alymlaryň maksadynyň myradyna gowşandygy, hususan-da, olaryň ylym ýolundaky geljekki işlerine badalga boljak bu bäsleşigiň ähmiýeti hakda pikir edýärsiň. Ylym ýoly çuňňur zehini, irginsiz yhlasy, dowamly gözlegi talap edýän inçe ýol hasaplanýar. Şoňa görä-de, ylym dünýäsiniň altyn gapysyny açmak üçin altyn açar gerek. Ol açar bilen arzuw wysal bolýar, maksat myradyna gowuşýar. Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýylyň-ýylyna yglan edýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi bellenmäge mynasypdyr.

Halkara ylmy maslahat: netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär. Halkara forum ylym ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, umuman, ýurdumyzyň innowasion ösüşini üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldawy arkaly guraldy. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary, aýratyn-da, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi. Uniwersitetiň mejlisler zalynda açylan maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Wýetnam, Ermenistan, Türkiýe, Ýaponiýa we beýlekiler bar.

Ylym tükenmeýän hazynadyr

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi has nurana ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar. Ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar.

Nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlary

Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary, hünärmenleri, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow öz çykyşynda nebitgaz pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün etmek, bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak ýaly wezipeleriň buýsandyryjy netijelere eýe bolýandygyny belledi.

Söz sizden, ýaş alymlar!

Muhammet BEKGIÝEW, «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi: — Yhlasy myrada gowşan, ganatly arzuwlary öz menziline ýeten adam iň bagtly adamdyr. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşikde «Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasynyň ylmy we ynsanperwer jähetleri (Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik strategiýasy)» atly işim bilen ýeňiş gazanyp, Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagym ylmy başlangyçlarymy höweslendirip, täze-täze ylmy-döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Şeýle uly bagta dahylly bolmagyň unudylmajak täsiri-de özboluşly «açyş» eken. Bäsleşik üçin saýlap alan temama 2014-nji ýylda — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýan döwürlerimde girişdim. Biz — türkmen ýaşlaryna ukyp-başarnygymyzy dürli ugurlarda açmaga we kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmençilikde ynamy ödemek parz hasaplanýar. Watanyň bildiren ynamy bolsa mukaddesdir.

Ýaş alymlary sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün — 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ylmy bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde üstümizdäki ýylyň başyna yglan edilip, ýurdumyzyň ylma höwesek ýaşlarynyň nazaryny özünde jemledi. Ylmy bäsleşige hödürlenen işler ýörite eminler topary tarapyndan seljerilip, iň gowulary saýlanylyp alyndy. Netijede, jemi altmyş ýedi sany ýaş alymlar sylaglanyldy. Olaryň içinde ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mugallymlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri, şeýle-de mekdep okuwçylary hem bar.

Ylym — bagtyň çyragy

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa partiýamyzyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. «Ylym bagtyň çyragydyr, nurana geljegiň ak ýoludyr» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda döwletimiziň ylmy innowasion ösüşiniň geçen taryhy ýoly, dünýäniň ylmy gazananlarynyň jemgyýetimize yzygiderli ornaşdyrylyşy, ýurdumyzda öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň alyp barýan işleri dogrusynda çykyşlar edildi. Aýratyn hem, döwletimiziň ylym-bilim babatyndaky üstünliklerine, öňdebaryjy döwletler bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyna, soňky ýyllarda ýaşlaryň ylmy gözleglere ymtylmalarynyň has-da artmagyna ýokary baha berildi. Maslahat döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatynyň beýgelmegi, täze tehnologiýalaryň önümçilik düzümlerine giňden ornaşdyrylmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli yglan edilen ylmy bäsleşige Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Ylym — ösüşleriň binýady

Ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Ylymlar güni mynasybetli  «Türkmennebit»  döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa alymlar, mugallymlar we talyplar, nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ynsan ýaşaýşyna ylym derwaýys

12-nji iýun – Ylymlar gününe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Ylmy açyşlar üçin döredilen halkara baýrak

Häzirki wagtda ylmy açyşlar üçin döredilen baýraklaryň sany 100-e golaýdyr. Şol baýraklaryň arasynda giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen iň bir abraýly baýraklaryň biri 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr. Nobel baýragynyň döreýiş taryhyny bilmek ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Nobel baýragy kimlere, näme üçin we haçan berilýär? Bu baýragyň pul möçberi näçeräkkä? Bu sowallara jogap bermek üçin taryhy maglumatlara ser salalyň!

12-nji iýun — Ylymlar güni

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmaga uly orun berilýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutul-ýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasat hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Bu kanunçylyk namalar ylym-bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini hem-de ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiliklerini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şeýle-de ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

Ylym — ösüşleriň esasyny düzýän gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň ylmy-tehniki başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň degişli çözgütleri, durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli ylmy esasly döwlet syýasaty ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dünýä maglumatlar gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. Alym Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy we täzeçil ylmy-tehniki syýasaty netijesinde ylym ulgamyny ösdürmeklige çynlakaý çemeleşilip, 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda degişli Kararyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi täzeden ýola goýuldy.