Söz ussadynyň sarpasy
Magtymguly Pyragy ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi bolsa, türkmen halkymyzyň akyldar şahyra goýýan hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hakykatdan ugur alyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň aýdymçylary, Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary, serkerdeler hem-de ýaş watançylar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Dogrusy, şahyryň şygyrlaryna döredilen döwrebap aýdym-sazlar ýurt goragçylarynda watançylyk ruhuny has-da dabaralandyrdy. Hususan-da, çagyryş boýunça harby gullukçy Döwletmämmet Ökdirowyň, Begenç Orazowyň, Begenç Satlykgylyjowyň, Hudaýberdi Ysmaýylowyň, Ýusupmämmet Orazgulyýewiň ýerine ýetiren, şeýle-de Atagurban Geldimyradowyň beýik söz ussadymyzy taryplaýan «Magtymgulydyr» ýaly aýdymlary watançy kalplara ornady.