Döredijiligiň dabaraly toýy

25 Iýun 2024
623

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylymyzyň 22-nji iýunynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, edebiýatçy alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda guralýan medeni çäreler täsirliligi bilen ýatda galýar. «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynda, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisinde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna eseriniň, «Magtymguly» operasynyň görkezilişi, kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy, şeýle hem «Kompozitor» atly filmiň görkezilmegi medeni foruma gatnaşyjylara ajaýyp sowgat boldy.

Ýazyjy-şahyrlaryň «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly şygryýet agşamy, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, žurnalistleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar köňüllere ylham paýlady. Döredijiligiň baýramy bolan Medeniýet hepdeligi dowam edýär.

Aýmaral IŞANGULYÝEWA,
«Bereketli toprak».