Zehini zereň ýaşlar

26 Iýun 2024
695

26-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin» diýen sözleri döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň göwün bossanyny gülletdi. Ýeňijileriň arasynda Maksat Bugraýew, Toýly Muhammetdurdyýew, Gurbansähet Gurbansehedow, Nury Sakçyýew, Annadurdy Täşliýew, Rahymberdi Annagulyýew, Aýnabat Myradowa ýaly tanalýan ýüzleriň bolmagy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň öňküden-de galkynýandygyndan nyşandyr.

Ýörite habarçymyz.