"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Maksat — iň gowusy bolmak

Çagalar, hany aýdyň, haýsyňyz surat çekip bilýärsiňiz?! Şu wagt köpiňiziň «Men-de men» bolşanyňyzy bilýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda zehinlije, onda-da çeperçilik sungatyna ukyplyja çagalar juda kän. Ine, şolaryň birnäçesi Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Bu mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan 14 ýyl ozal täzeden açylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda häzirki wagta çenli ýurdumyza belli nakgaşlar, heýkeltaraşlar we çeperçilik sungatynyň beýleki wekilleri bolup ýetişen ýaşlaryň ençemesi hut şu mekdebiň uçurymlary.

Onore de Balzak (1799 — 1850)

Onore de Balzak fransuz halkynyň meşhur ýazyjysy hem-de dramaturgydyr. Ol 1799-njy ýylda Fransiýanyň Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawçy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma Balzak eýýäm ýetginjek döwründe bütin ömrüni edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Netijede, ol 1823-nji ýylda ilkinji eserini döredipdir. 1825 — 1828-nji ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Balzak günde 15 sagada golaý döredijilik bilen meşgullanypdyr, kofe içmegi-de halapdyr. 1830-njy ýylda neşir edilen «Gobsek» powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Balzagyň ondan soň döreden «Şagren derisi», «Gorio ata», «Ýewgeniýa Grande», «El üzülen arzuwlar», «Polkownik Şaber», «Sezar Birotto» we «Lui Lamber» eserleri eýýäm öz döwründe dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Balzak ençeme powestdir roman ýazypdyr. Ol ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa «Adamzat komediýasy» diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriniň ählisi belli bir derejede özara baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir. Zehinli ýazyjy 1845-nji ýylda «Hormat legiony» ordenine mynasyp bolýar.

Kalby aýdymly zehin

Kiçiliginden aýdyma hiňlenýän Leýli zehinli aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Şol sebäpden ykbalyny aýdyma baglamaga höwes edýän Leýli Jepbarowa aýdym aýtmagyň ilkinji ýollaryny başda Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Mähri Berdikulyýewadan öwrendi. Ol Mary şäherindäki «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, bu ugurdan ilkinji bilimini özleşdirdi. 2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde tejribeli mugallym Ejeş Baýjaýewadan bagşyçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle-de Leýli Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewany hem-de Läle Begnazarowany özüniň gaýybana halypasy hasaplaýar. Olaryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öz sungat ýoluny barha kämilleşdirýär.

Türkmen döwlet gurjak teatryna gezelenç

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Şol ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet gurjak teatry hem il-günüň iň bir gelim-gidimli ojaklarynyň birine öwrüldi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze kaşaň binasy açylan Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýerleşýän ýeri we umumy keşbi milli äheňli binagärlik sungatyny has aýdyň açyp görkezýär. Äpet uly desganyň öňünde ilki bilen asuda durmuşyň alamaty hasaplanýan «Tawus guşunyň» heýkeli, şeýle-de «Mämmetjan» ertekisiniň batyrgaý gahrymanyna bagyşlanan heýkel taslamasy garşy alýar. Bu ajaýyp heýkel eserleriň awtorlary Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen onuň zehinli şägirtleridir. Reňklenen poliesterden ýasalan heýkel eserleri şadyýan hem gyzykly durmuşyň aňlatmasy hökmünde bagtyýar çagalygyň gapysyny açýar. Şonuň esasynda Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, gyzykly teatr sahnalaryna tomaşa etmäge gelýän uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem täsir galdyryjy ýerleriň birine öwrüldi.

Aýazbabanyň agtygy

Täze ýyl diýilse, ilki bilen, kim ýadyňyza düşýär?! Bezelen arça bilen eli uzyn hasaly Aýazbaba göz öňüňize gelýärmi?! Gelýändir. Mende-hä şeýle. Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde, men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Aslynda, Aýazbaba garaşmaýan çaga barmy diýsene. Aýazbabanyň agtyjagy Garpamygyňkydan hezili ýok. Hemmeler Aýazbaba bilen Garpamyga garaşýarlar. Ynanmasaňyz, synap göräýiň, Täze ýylda Aýazbaba bilen birlikde hökman Garpamygyň hem adyny tutup çagyrýandyrlar. Olar nirä gitseler, hemişe bileje gidýärler, bileje şatlanýarlar. Olary bir-bireksiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şol sebäpli, Garpamyk hiç wagt Aýazbaba garaşman, ak sakgally babasynyň ýanynda bolýar. Biziň hem Aýazbaba ýaly babamyz bolsady...

Gujurly ýaşlaryň döredijilik dünýäsinde

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, uçurymlarynyň, şeýle-de talyplarynyň «Gujurly ýaşlar — 2024» atly döredijilik sergisi dowam edýär. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabrynda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik sergisiniň nobatdaky tapgyry, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ýaşlaryň başarnygyny artdyrmak, şeýle-de halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmek, şonuň bilen birlikde ýokary okuw mekdebimizi tamamlan uçurymlaryň hem sergä gatnaşmagyny gazanmak, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak maksady bilen geçirilýän döredijilik sergisinde 365 eser görkezilýär. Açylyş dabarasynda çykyş eden halypa mugallymlar, ussat suratkeşler, heýkeltaraşlar, görnükli sungat işgärleri zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, sungatyň dürli ugurlary, şol sanda halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň kämilleşmeginde serginiň uly ýardamynyň bardygyny bellediler.

Şa serpaý — ykbaldan uly paý

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar we seneler mynasybetli döredijilikli hem-de halal zähmet çekýän ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Asylly däbe eýerip, 10-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Döredijilikli we yhlasly zähmetiň sarpasy

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşant goşan, dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, şeýle-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, biz hem döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ömre ýakym, ýalkym şa serpaýyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bizem Şa serpaýyndan paýly halypalarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara söz berýäris.

Medeni habarlar

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» 6-njy dekabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ene dilim — hazynam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň söz baýlygyny artdyrmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Gurbanjemal Ylýasowa we Amannepes Şyhnepesow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow söz ussatlarynyň türkmen diline goýan sarpasy, türkmen diliniň taryhy, ösüşi, köne sözleriň manysy, gelip çykyşy, ulanylyş gerimi dogrusynda talyp ýaşlara gyzykly gürrüňler berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary dana Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Abraýly ýoluň belent sarpasy

Hoş habar ynsanyň göwnüni ganatlandyrýar. Saňa iň gymmatly baýlyklary — ylym-bilim, tälim beren ussatlar bilen baglanyşykly bolanda, onuň täsiri has-da üýtgeşik bolýar. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmeginde, bagşy-sazandalaryň täze nesilleriniň kemala gelmeginde uly işleri bitiren ussatlarymyz Atageldi Garýagdyýewiň, Ýolaman Nurymowyň, Amanöwez Saparowyň, Çaryýar Jumaýewiň, Magtymguly Magtymgulyýewiň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglanmagyny tutuş sungatymyza ýapylan serpaý diýip kabul etdik. Ýurdumyzyň dutarçy sazandalarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup dosent we professor atlaryny alandygy Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymowyň öz ugrunyň ussadydygyna şaýatlyk edýär. 1943-nji ýylyň awgust aýynyň 10-na Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inen geljekki sazandanyň ilkinji halypasy kakasynyň inisi — aýdym-saz mugallymy Hommat Gapurow bolýar. Hommat mugallymyň ökde sazanda bolandygyny halypa hemişe hormat bilen ýatlaýar. Şeýdip, ilkinji kakuwlardan soň öwrenen «Dilberi» onuň saz älemine barýan ýolunyň başlangyjyny goýýar.

Suratkeşleriň bäsleşigi

6-njy dekabrda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan ýylyň başynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, nakgaş W.Gurdow, Mary welaýatynyň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy D.Durdyýew, I orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Amansähedow, A.Baýlyýewa, H.Çüriýew, D.Akyýew, G.Annagulyýewa, G.Nuwwaýewa, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary P.Mämiýew, G.Goçmyradow, J.Baltaýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy B.Çaryýew we H.Garajaýew, II orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary G.Babaýewa, B.Çaryýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy T.Çopanow, III orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Bekmyradow, B.Berkeliýew, O.Öwezow, R.Berdiýew, O.Muhatowa we çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjan Kadyrowa mynasyp boldular. Ýeňijilere «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärlik etmeginde gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda halypa heýkeltaraş B.Annamyradowa, nakgaşlar Ö.Mämmetnurowa, M.Çaryýewe, K.Seýitmuhammedowa, keramikaçy M.Ataýewa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly a

Döwran bu gün

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metre barabar ýadygärligi döredildi. Bu jogapkärli iş Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe we onuň şägirtlerine ynanyldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň 24-siniň heýkeli goýuldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Abaý Kunanbaý, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Rabindranat Tagor, Şandor Petefi, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şota Rustaweli, Onore de Balzak, Du Fu, Ýanka Kupala, Nyzamy Genjewi, Saýat Nowa, Çingiz Aýtmatow, Raj Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihail Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Humenes, Rudaky, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Langston Hughes, Alyşir Nowaýy ýaly dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşdirildi. Bu seýilgähde heýkelleri ýerleşdirilen şahsyýetleriň her biri dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine uly goşantlary goşdular. Olaryň hatyrasyna şeýle toplumyň bina edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine durmuşa geçirý

Halkara kinofestiwal — täze üstünliklere badalga

Milli sungatyň sarpalanýan döwründe gül goýny baky bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýarymyzda ýene-de bir şanly waka «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu dabaraly çäre gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 13 — 15-i aralygynda dowam edip, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň kino dünýäsinde ýetilen uly üstünlikleriň beýany boldy. Biz hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymlary hem-de bagtyýar talyplary bolup bu ajaýyp dabara gatnaşdyk. 13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kinofestiwalyň açylyş dabarasy uly şowhuna beslendi. Kinofestiwala gatnaşyjy daşary ýurt kinoaktýorlary we kinorežissýorlary gyzyl düşegiň üstünden dabara bilen geçdiler. Soňra kinofestiwalyň dowamynda görkeziljek filmleriň we režissýorlaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçylarymyz türkmen kinofilmlerinden täsirli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ol ýerde doganlyk ýurtlaryň kino äleminde ýetilen üstünlikleri dabaralandyrýan filmleriň surat sergisi gurnalyp, doganlyk halklaryň kino ýyldyzlary bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredi.

Telegepleşikleriň tanymal alypbaryjysy

Opra Uinfri dünýäde iň meşhur zenanlaryň biridir. Ol özüniň teleýaýlymda taýýarlaýan gepleşikleri, surata düşen ençeme kinofilmleri we alyp baran haýyr-sahawat işleri bilen diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda däl, eýsem, dünýäde-de meşhurlyk gazanmagy başarypdyr. Ol 1954-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Amerikanyň Missisipi ştatynda dogulýar. Onuň ejesi Wernita Li öý hyzmatkäri, kakasy — Wernon Uinfri kömür käninde şahtýor bolup işleýär. Soňra dellekçi we başga-da dürli kärlerde işläpdir.

Halk kalbynyň aýnasy

Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Halkymyzyň taryhy gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklaryň ählisi «Türkmen medeniýeti» diýen jümlede jemlenýän ýaly. Ol gymmatlyklarda halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, taryhy, gadymy miraslary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Sergide Watan waspy

Ýakynda parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasyny alamatlandyrýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde bu sungat mekdebiniň çeperçilik sungatynyň nakgaşlyk bölüminde okaýan 1-nji synp okuwçylarynyň nakgaşlyk işlerinden «Gülle sen, Bitarap Türkmenistanym!» atly sergi guraldy. Okuwçylar ilki birnäçe eskiz gözleglerini ýerine ýetirdiler. Şol gözleglerden dörän iň gowy suratlary saýlap, uly ölçegdäki ak kagyza geçirdiler. Olar öz çeken suratlarynda ata Watanymyzy, asuda asmanymyzy, binalarymyzy we çagalaryň asuda gezip ýören pursatlaryny wasp etmäge çalyşdylar. Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi olaryň sungata bolan höwesini artdyryp, aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil bolmaklaryna höweslendirýär. Yhlas bilen çekilen suratlar her bir çaganyň döredijilik pikirlerini açyp görkezýär.

Göwünlere ganat baglan wakalar

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda bolup geçen buýsançly wakalar göwünlere ganat baglady. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna we Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýüzlerçesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy. Şu gün, ýagny 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlaryny ösdürmäge, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmäge uly şahsy goşantlaryny goşan ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşimiz, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Dursun-Solmaz Muhammedowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Bitarap ülkäniň merdana nesli

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew üçünji orna mynasyp boldy. Ol bäsleşikde «Arkadagly Serdarym» atly aýdymy ýerine ýetirmek bilen, öz deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanmagy başardy. Umydyň şirin, labyzly ýerine ýetiren aýdymynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgerişliklere bolan buýsanjy, berkarar döwletimize bolan söýgüsi, röwşen ertirlere ynamyň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Kitap adamzat durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatlykdyr. Şu sebäpli ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitap maglumat almak üçin hem wajyp serişde. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Kitaba uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň gurduryp beren welaýat kitaphanasynda hem okyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilen. Şeýle binada zähmet çekmek, okyjylara hyzmat etmek uly bagt. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, täze gelen kitaplar bilen şäher, etrap merkezi kitaphanalaryny we olaryň şahamçalaryny üpjün etmek, neşirleriň gysga wagtyň içinde okyjylaryň ellerine gowuşmagyny gazanmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Golaýda kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitabynyň II jiltiniň 689 sanysy, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň 710 sanysy bar. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenilen «Bir bar eken...», «Ertekiler dünýäsinde», «Dostlugyň miwesi» atly k