Abraýly ýoluň belent sarpasy

12 Dekabr 2024
138

Hoş habar ynsanyň göwnüni ganatlandyrýar. Saňa iň gymmatly baýlyklary — ylym-bilim, tälim beren ussatlar bilen baglanyşykly bolanda, onuň täsiri has-da üýtgeşik bolýar. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmeginde, bagşy-sazandalaryň täze nesilleriniň kemala gelmeginde uly işleri bitiren ussatlarymyz Atageldi Garýagdyýewiň, Ýolaman Nurymowyň, Amanöwez Saparowyň, Çaryýar Jumaýewiň, Magtymguly Magtymgulyýewiň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglanmagyny tutuş sungatymyza ýapylan serpaý diýip kabul etdik.

Ýurdumyzyň dutarçy sazandalarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup dosent we professor atlaryny alandygy Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymowyň öz ugrunyň ussadydygyna şaýatlyk edýär. 1943-nji ýylyň awgust aýynyň 10-na Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inen geljekki sazandanyň ilkinji halypasy kakasynyň inisi — aýdym-saz mugallymy Hommat Gapurow bolýar. Hommat mugallymyň ökde sazanda bolandygyny halypa hemişe hormat bilen ýatlaýar. Şeýdip, ilkinji kakuwlardan soň öwrenen «Dilberi» onuň saz älemine barýan ýolunyň başlangyjyny goýýar.

Şirin NEPESOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.