Medeni habarlar

12 Dekabr 2024
133

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň»

6-njy dekabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ene dilim — hazynam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň söz baýlygyny artdyrmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Gurbanjemal Ylýasowa we Amannepes Şyhnepesow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow söz ussatlarynyň türkmen diline goýan sarpasy, türkmen diliniň taryhy, ösüşi, köne sözleriň manysy, gelip çykyşy, ulanylyş gerimi dogrusynda talyp ýaşlara gyzykly gürrüňler berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary dana Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

ýörite habarçymyz.