"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zähmete sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuň many-mazmunlylygy bilen okyjylarda, uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň daşary ýurt dillerinde çap edilip, dünýä halklaryna ýetirilmegi bolsa, kitabyň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Kitabyň her bölüminde bolşy ýaly, «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde hem beýan edilen jümleler her bir ynsana oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlaryň edep-ekram, ruhy-ahlak terbiýesini has-da kämilleşdirmekde ol möhüm orun eýeleýär. Ýaşlary zähmete höweslendirmäge, olara öz zehinlerini açmaga, jemgyýetdäki işjeňligini artdyrmaga itergi berýän jümleler bu bölümiň düýp özenini düzmek bilen, eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň durmuşda özlerine hünär saýlap almagyna we ony kämilleşdirmegine dogry ýollary salgy berýär. Şeýle hem päk ýürekden halal zähmet çekmegi, gaýratlylygy, zähmetsöýerligi ündeýär.

Ýumşak örtükden başlanýan owadan tanslar

«Gutly Gün dogşundan belli» diýlişi ýaly, daşarda şeýle bir gar ýagýar, özem juda owadan ýagýar. Onuň edil ýylgynyň püri ýaly ownuklap ýagşynda birhili özüne çekiji rahatlyk bar. «Owadan ýagýar» diýenimi «näzli ýagýar» diýip, çalşyp bolmazmyka?» diýibem oýlanýaryn. Garyň ýumşaklygy ýene bir ýakymly duýgyny döretse, daş-töweregi aklyga büräp barşy bilen ol «Näzli» tans toparynyň ýerine ýetirýän «Durnalar» atly owadan tansyny ýadyma saldy... Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlap geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda tans toparlaryna Germaniýada öndürilen ýumşak örtükleri alyp berendigi barada hem aýdyldy. Bu gün halypa-şägirtlik ýolunda döredijilikli zähmet çekýän tans toparlary bu ýumşak örtük bilen üpjün edildi. Öz alyp barýan işleri, halypa-şägirtlik sungaty, Gahryman Arkadagymyzyň sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanowa ýüz tutduk.

Ruhy we döredijilik joşguny

Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda — 23-nji dekabrda mähriban Arkadagymyz wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatynda öňde durýan wezipeler we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik ösüşiniň özeni hökmünde medeniýete aýratyn üns berip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakda-da onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Sungata örklenen ömür

Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik Sungaty ykbalyňa öwrüp, şol älemde öçmejek yz galdyrmak bagtyýarlykdan nyşan. Munuň şeýledigine ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligi bilen içgin tanşanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Halypanyň ussahanasyna ilkinji gezek gadam basan günümiň aňymda täsir galdyran ýatdan çykmajak üýtgeşik pursatlaryny täzeden başdan geçirmek üçin, şol ussahana — tarypy soňlanmajak heýkelleriň syrly dünýäsine birnäçe gezek seýrana bardym. Her gezek baranymda-da, kalbymy heýjana salýan üýtgeşik bir buýsanç duýgusy gaplap alýardy. Irmän-arman zähmet çekip oturan heýkeltaraş meniň bilesigelijilik bilen berýän soraglaryma ýaltanman jogap berýärdi. Öň gazet-žurnallarda ussat heýkeltaraş barada ençeme gezek ýazylanam bolsa, onuň döredijilik hem durmuş ýoly dogrusynda halypanyň hut özi bilen söhbetdeş bolmak has-da täsirli boldy. Çaý başyndaky täsirli söhbedimizi size-de ýetirmegi makul bildik.

Owazy jahana ýaýran dutarym

DUTAR WE TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATY HAKYNDA SÖHBET Dutar — türkmen halkynyň kalby. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň derwezesi gara gazma dutaryň goşa kirişlerinden döreýän jadyly owazlar bilen açylýar. Türkmen halkynyň ýasawyna, milli ýörelgelerine akyl ýetirmek üçin taryhyň çuňluklaryna kök uran dutar mukamlaryna düşünmek zerur. Gazma dutar, onda çalynýan mukamlar taryhyň özi ýaly gadymylygyny, ilkibaşky terligini saklap galypdyrlar. Dutar türkmen halky millet bolup kemala gelenden soň döräpmi ýa-da ondan owal hem bolupmy diýen soraga birbada jogap bermek örän çetin. Emma pederlerimiziň şanly taryhynyň islendik döwürlerine nazar aýlanyňda, dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklaryna şaýat bolýarsyň.

Aýdymyň aşygy, sazyň muşdagy

Geçen asyryň 60-njy ýyllary Öwezgeldi Tekäýew, Mämi Çaryýew, Roza Hudaýbergenowa dagynyň türkmen estradasynyň ussatlary hökmünde tanalyp başlan döwürleridi. Astanberdi Möwlamberdiýew hem şol ýyllarda «Armanda men, armanda», «Gyzyl güller, elwan güller», «Kim getirse Ýusup bilen Ahmedi» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň göwnüni awlapdy. Entek jahyllykdan ýaňy saýlanan ýigidiň aýdymlary radioýaýlymlarda hoş owaz bolup ýaňlanýardy. Astanberdi aýdym-saz dünýäsine aralaşmak üçin yzygiderli öz üstünde işleýärdi. Onuň ilkinji halypasy agasy Eýýämberdi Möwlamberdiýew bolupdy. Eýýämberdi mandolin, dutar, akkardeon saz gurallarynda saz çalmagy, goşgy, aýdym düzmegi başarýardy. Ol inisine-de aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýaşlykdan aýdym-saza höwesek Astanberdi Kerki şäheriniň medeniýet öýünde usulçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Arzuwdan doly gursagy ony aýdym-saz dünýäsine içgin aralaşmaga howlukdyrýardy. 1972-nji ýylda sungat ugrundan düýpli bilim almak maksady bilen Türkmen döwlet sungat institutyna okuwa girýär, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, opera sungatynyň ýollaryny halypalaryndan öwrenýär. Halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýewden dirižýorlyk etmek, aýdym aýtmak boýunça kämil bilim-terbiýe alýar. Instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, öz dogduk mekany Kerki şäherine dolanýar. Şäherde ýerleşýän mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz ugrundan talyplar

Ylham joşguny

Taglymatyň gül açyp, dünýä doldy owazaň Eý köňüller hoşgähi, gurduň ajap zamanaň,Dünýäniň ýüreginde dost-doganlyk salamyň.Durmuşyma pelsepe her bir aýdan kelamyň,Köşküň-tagtyň rowandyr,                                      Ak ýollaryň dowamdyr,Jahana röwüş berýär şan-şöhratyň, owazaň.

Rysgal-döwletiň nyşany

Uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenip gelen Täze — 2021-nji ýyl gadymy Gündogar senenamasy boýunça sygyr ýylyna gabat gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran Oguz türkmenleriniň döwrüne degişli taryhy çeşmelerde Oguzlaryň hojalygynda maldarçylygyň uly orun tutandygy köp gezek ýatlanylýar. Dana pederlerimiz ähli döwürlerde hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň beren baýlyklaryndan aýawly peýdalanyp gelipdirler. Etinden, süýdünden dürli görnüşli azyk önümleri taýýarlanylyp, derisinden egin-eşikler we esbaplar ýasalan iri şahly mallar ekerançylyk işlerinde hem giňden peýdalanylypdyr. Umuman sygyr, öküz ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň durmuşynda bereket-bolçulygyň, egsilmez kuwwatyň nyşanyna öwrülipdir.

Beýik ösüşleriň ruhy güýji

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, paýhas ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan, sarpalaýan mähriban Arkadagymyz olary kämilleşdirmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri alyp barýar. Täze, 2021-nji ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda medeniýet ulgamynyň, hususan-da kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda şanly sene mynasybetli tanymal ýazyjy-şahyrlar, zähmet weteranlary bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli guramagy tabşyrdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe süren Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşymyza döwrebap, ýokary tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Onlaýn aragatnaşygy, internet saýtlary, elektron poçtalary muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Her bir meseläni ünsünden sowmaýan Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamlary ösdürmegi, hasam kämilleşdirmegi möhüm wezipe edip goýýar.

Kämilligiň ýolunda

«Aýdymdyr saz adamlaryň kalbyny joşdurýar, olary ýaşaýşa ruhlandyrýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz aýdyma-saza uly sarpa goýýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän aýdym-saz bilen baglanyşykly bäsleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat ýörite sungat mekdebimiziň bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyby Merdan Baýramgeldiýew hem şeýle bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, aýdym-saz ýolunda barha kämilleşýär, dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýar. Ýaş bagşy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ençeme gezek çykyş etdi. Şeýle hem welaýatymyzda «Çal, bagşym, ýaňlansyn belent owazyň» atly bagşylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelemegi başardy. Merdanyň durmuşynda geçen ýylyň ahyrlarynda ýene bir şatlykly waka boldy. Oňa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde gazanan üstünlikleri, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragy berildi.

Sazyň nury

Beýle-de saz bolar oguşýa! Her gezek şol saz ýaňlananda, endamyň jümşüldäp gidiberýär. «Saz — gudrat» diýilýäni ynha. Sazyň güýji sungatyň güýji-dä! O saz durşy bilen waka. O sazyň owazy giden bir alyslyklardan şu güne çenli ýoluň taryhyny teswirleýär. Şol pursat saz aňyňda surata öwrülýär. Ýok, ýok, onda diňe bir suratdaky ýaly pursadyň keşbi görünmeýär, sazyň heňine görä, wakalar aňyňda at salýar.

Sary Bäşim we Mylly aga

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Nesibe ynsan durmuşyna dürli ýagdaýda miýesser bolýar. Şeýle bir ýagdaýyň üç kişä nesip edişiniň gürrüňini garaganly Gylyçdurdy Gojaýew şeýle ýatlaýar:

Kämillige gol berip

Allamyrat Atadurdyýewi Bäherden etrabynda ussat agaç ussasy hökmünde tanaýarlar. Onuň il içinde ýörgünli ady Röwşen. Ol eli çeper dokmaçy gelin-gyzlara syndy, keser, pyçak, darak ýasamagy kakasyndan öwrenipdir. Röwşeniň dogany Annamyrat hem bu kespden kemal tapan. Mahlasy, doganlar darak, syndy, keser ýasap, il-günüň alkyşyna mynasyp bolup gelýärler. Röwşen ussa keser barada aýdyp, ony köne byçgylardan, arylardan bölekläp ýasaýandygyny, onuň sapynyň tut agajyndan 7-8 santimetre barabar uzynlykda edilýändigini gürrüň berdi. Keseriň ýiti boldugyça, işiň öndümliligine nepi kän bolýar. Syndy hem demirden ýasalyp, onuň sapy 18-20 santimetre, ini bolsa 2,5 santimetre çenli bolýar. Sekizlik belgili sim onuň sapynyň berkidilmegi üçin zerurdyr. Ýörite çarçuwalar, tutar ýaly gulagy edilenden soň, syndynyň aşak tarapyna ýörite gat goýulýar, bu esasan hem gatly syndyda şeýle edilýär. Çünki gatly synda adyndan hem belli bolşy ýaly, demirden, kagyzdan ýörite gat goýulýar, bu onuň yrgyldap, gozganyp durmazlygy üçindir. Syndynyň joýaly syndy diýlip atlandyrylýan görnüşi-de bar, onuň özünde aýlaw bolany üçin, bu syndyny gatlamak zerur däl.

Söz hem saz sungatynyň ussatlary

Saz bilen söz sungaty dörän gününden bäri «el tutuşyp» gelýär. Gadymyýetiň ozanlaram düzen gahrymançylykly hekaýatlaryny saza hiňlenip ýerine ýetiren bolsalar gerek. Žurnalyň bu sanynda biz söz bilen sazyň «başyny çatan» şahsyýetler barada söhbet açmakçy. Ýagny gürrüň diňe edebiýat bilen meşgullanman, saz sungatynda hem ussatlygyny görkezip bilen ýazyjy-şahyrlar ýa-da tersine, sazandarlykdan daşary söz sungatynda hem yz galdyrmagy başaran adamlar hakynda barar.

Täze ýyla

Garşylan ýylymyz ajap ýyly bor,Parahatçylygyň, ynanyşmagyň.Türkmen Lideriniň başlangyjy sen,Dünýäde giň goldaw tapansyň bu gün! Parahatlyk baýdagynda türkmeniň,Ynanyşmak aýdymynda türkmeniň.Agzybirlik, hormat birek-birege,Ata-baba ädiminde türkmeniň.

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Gojaman dünýäniň ýaşlygy bolup, Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!Beýik ýeňişleriň buşlugy bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara! Eziz Arkadagyň altyn ýollary,Gülgüzar eýleýär sagysollary,Bagtyýar eýleýip ulusilleri,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!

Ösüşiň röwşen ýollary

Şatlyk-şowhuna, hoşniýetli ýagşy arzuw-umytlara beslenip Täze ýyl geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. Täze ýyla gadam basylanda geçen ýyla nazar aýlamak, tamamlanan ýylda il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli beýik işlere gysgaça ser salyp oňa guwanmak eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Taryha giren 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada oýlananyňda buýsançly başyň Gök direýär. Hawa, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ösüşler, bitirilen işler bedew batly Berkarar döwletimiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna uly üstünlikler bilen gadam basýandygyna şaýatlyk edip, buýsanjyňy goşalandyrýar. Biz öz gündelik durmuşymyzda häli-şindi “ösüşler”, “belent sepgitler” diýen sözler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu zamanabap nurana söz ýaşaýyş-durmuşymyza giňden ornaşdy. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar milletimizi täze ösüşlere atarýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz ösüşleriň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giňden meşhurlyga eýedir. Bu hakykat biziň her birimizi örän buýsandyrýar we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Köňüllerde buýsanç bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe päk arzuwlar, ýagşy umytlar bilen 2021-nji ýyla gadam goýduk. Parahatçylyga sarpa goýup, agzybirligi mukaddes ýol-ýörelge edinen türkmen halky üçin 2021-nji ýyl iň bir rowaç, arzuwlaryň hasyl bolýan ýyllaryň biri bolar. Täze ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ýyl ösüşleri we bagtyýarlygy bagyş eder. Şeýle ajaýyp günlerde geçen ýylda gazanan üstünliklerimiz hakynda hem ýatlap geçmek isleýäris. Sebäbi her bir ýylyň öz aýratynlygy, kalbyňy buýsandyrýan ösüşleri bar. Şeýlelikde, ýyllar bir-birinden zyýada bolup halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bagtyýarlygy emele getirýär. Ýyllaryň bir-birine aýrylmaz baglanyşygy ýurdumyzyň ykdysady, medeni ösüşleriniň bir-birine baglanyşygyny emele getirip, bizi täze ösüşlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan döwrebap ösüşler döwletli Diýarymyzy ýyl-ýyldan täze belentliklere eýe edýär. Geçen 2020-nji ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem ýurdumyzyň rowaç ak ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe, diňe öňe barýandygyna doly güwä geçýär.

Toýlarymyz toýlara ulaşýar

Törümize ýene bir Täze ýyly geçirdik. Şol pursatda hem geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, guwandyryjy wakalar dogrusynda oýlanýarsyň. Ýogsa-da, ýaňy ýalydy geçen ýyly uly joşgun, şatlyk bilen garşylanymyz. Milli Liderimiziň saýasynda her bir ýylymyzyň halkymyzy buýsandyryp eşretli günleri, sapaly döwrany eçilişi ýaly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylymyz hem üstünliklere beslenip, toýlarymyzy goşalandyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, geçen ýylymyzda türkmen Bitaraplygynyň, onuň parahatsöýüjilikli ýörelgesiniň many-mazmuny has giňden açyldy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy giňden bellenildi. Halkymyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, rysgal-berekediň goşalanyp gelmegi döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Mähriban Watanymyzyň gujagynda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň ýubileý toýy bellenen bolsa, ynha, şatlyk bilen garşylanan Täze ýylymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini täze zähmet üstünlikleri, ýatdan çykmajak dabaraly wakalar bilen, tutumyny uludan tutup belläris. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Biz

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabyndan

Saz we saglyk barada Aýdym-saz adamyň inçe duýgularyna täsir edip, ol adam saglygyna we hal-ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.