Sazyň nury

4 Ýanwar 2021
2268

Beýle-de saz bolar oguşýa! Her gezek şol saz ýaňlananda, endamyň jümşüldäp gidiberýär. «Saz — gudrat» diýilýäni ynha. Sazyň güýji sungatyň güýji-dä!

O saz durşy bilen waka. O sazyň owazy giden bir alyslyklardan şu güne çenli ýoluň taryhyny teswirleýär. Şol pursat saz aňyňda surata öwrülýär. Ýok, ýok, onda diňe bir suratdaky ýaly pursadyň keşbi görünmeýär, sazyň heňine görä, wakalar aňyňda at salýar.

Guwanç MÄMIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.