Sungata örklenen ömür

4 Ýanwar 2021
2167

Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik

Sungaty ykbalyňa öwrüp, şol älemde öçmejek yz galdyrmak bagtyýarlykdan nyşan. Munuň şeýledigine ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligi bilen içgin tanşanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Halypanyň ussahanasyna ilkinji gezek gadam basan günümiň aňymda täsir galdyran ýatdan çykmajak üýtgeşik pursatlaryny täzeden başdan geçirmek üçin, şol ussahana — tarypy soňlanmajak heýkelleriň syrly dünýäsine birnäçe gezek seýrana bardym. Her gezek baranymda-da, kalbymy heýjana salýan üýtgeşik bir buýsanç duýgusy gaplap alýardy. Irmän-arman zähmet çekip oturan heýkeltaraş meniň bilesigelijilik bilen berýän soraglaryma ýaltanman jogap berýärdi. Öň gazet-žurnallarda ussat heýkeltaraş barada ençeme gezek ýazylanam bolsa, onuň döredijilik hem durmuş ýoly dogrusynda halypanyň hut özi bilen söhbetdeş bolmak has-da täsirli boldy. Çaý başyndaky täsirli söhbedimizi size-de ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeş bolan Enejan ANNADURDYÝEWA,
«Nesil».