"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dabaraly maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda maslahat geçirildi. «Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy» diýen at bilen geçirilen bu dabara Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Maslahatda TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnar Akjigitowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Soltanmyrat Ýazmyradow, Aşgabat şäheriniň 13-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Güljahan Röwşenowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bölüm müdiri Hurmagözel Röwşenowa, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni Bagtygül Amannepesowa dagy çykyş etdi.

Zenan –zeminiň zynaty

Zenan — ene, zenan — durmuş hemrasy, zenan — ýaşaýşyň dowamaty. Bu gün zenanlar dürli kärlerde zähmet çekip, her bir maşgalanyň we tutuş jemgyýetiň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär» diýip belleýär. Dogrudan-da, bu gün eziz Diýarymyzda zenanlar belent hormata eýe bolup, gelin-gyzlar milletimiziň asylly däplerine laýyklykda, maşgala abadançylygynyň binýadynda duran wezipelerden başlap, döwleti dolandyryş işine gatnaşmak ýaly örän jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp orun eýeleýär.

Göwün ganatlanýar aýdymlaryndan

Bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerini, dogduk Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny wasp edip, sungat äleminde halkymyzyň söýgüsini gazanmagy başaran ildeşlerimiziň biri hem Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowadyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Watanym, sende bagtly men, bagtly!», «Söýgi» we «Ezizlänim sen» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol orta mekdepde okaýan wagty «Akja kepderi» diýen ilkinji aýdymyny Balta Babamyradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetiripdi. Dilberiň aýdym-saza bolan höwesi şol ýyllarda döredi. Ol Dänew etrabynyň Maý geňeşliginiň Menzere obasynda 10-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysyka, zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, ýeňiji boldy. Şeýle-de welaýat derejesinde geçirilýän dürli aýdym-saz bäsleşiklerinde yzygiderli öňdäki orunlara mynasyp bolup, sungat älemindäki ilkinji üstünliklerini gazanyp başlady. Meşhur halypalar Ymam Ýollyýew, Kümüş Hezretgulyýewa dagy Dilbere milli aýdym-saz sungatynyň inçeliklerini, sahnada özüňi alyp barmagyň ýollaryny öwredipdiler. Ol halypasy, sazanda hem kompozitor Rüstem Abdyresulow bilen bilelikde birnäçe aýdymlary döretdi.

Bagtyýarlyk döwrüne buýsanç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu gün halkymyz ösüşiň häzirki zaman derejesiniň miwelerini öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýarlar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýetilen belent sepgitler halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny gurşap almak bilen, döwletimiziň dünýäde ygtybarly orun eýelemegini üpjün etdi. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan özüniň ak mermere beslenen binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýär. Döwre ýaraşykly gurlan we gurulýan şeýle binalar gözel paýtagtymyz Aşgabatdan başlap, ähli sebitleriň merkezlerini, oba-kentleri gurşap alýar. Biziň welaýat merkezimizde hem daşyndan howalanyp görünýän, ak mermer binalaryň hatary sanardan köp. Olar diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, içerki guramaçylygy, ýagny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bilen hem gymmatlydyr. Welaýat kitaphanasy şeýle binalaryň hatarynda esasy orny eýeleýär. Açylyp duran kitap görnüşinde gurlan bu mermer binanyň içinde kitaphana işi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Kitap okamaga, döwürleýin neşirler bilen hemişe tanyş bolmaga islegiň özümde ýaşlykdan gelýän adatdygy üçin, bu kaşaň binada yzygider bolup, ruhy islegimi kanagatlandyrýaryn. Meniň ilkinji nobatda bellemek isleýän zadym, kitaphananyň içinde ähli amatly şertleriň üpjün edilendigi

Joşgunly aýdym-sazlar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şeýle dabaralaryň biri boldy. Welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde guralan dabara bagtyýar zenanlar gatnaşdy. Şanly senä bagyşlanan dabara gatnaşyjylar ol ýerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sergide gelin-gyzlarymyzyň çeper elleri, yhlasy, ukyp-başarnygy bilen döredilen gözel we nepis haly önümleri, el işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri sergä has öwüşgin berdi.

Sahnada — eýjejik gyzjagazlar

KAKA. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry gyzykly geçdi. Oňa etrabyň ähli orta mekdeplerinde bolan gözden geçirilişlerinde öňe saýlanan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdy. Bäsleşik gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Onda okuwçy gyzjagazlar degişli şertler esasynda çykyş etmek bilen, aýdym-saz babatdaky zehinini açyp görkezdiler, milliligimize bolan söýgüsini beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.

Reňkli Sapaklar bilen çekilýän suratlar

Suratkeşligiň adaty bolmadyk bir ugry bar. Oňa string-art diýilýär. Şeýle usulda surat çekýänlere-de string-artçy diýilýär. Özem bu sungat amatly, az çykdajyly. Beýleki suratkeşler ýaly kagyz, çotga, reňk almak üçin pul harçlamak aladalary ýok. «Be, onda string-artçy suraty nähili çekýärkä?» diýen sowalyň dörejegi öz-özünden düşnükli. Olar suraty sapak bilen çekýär. Şonuň üçin suratkeşligiň bu ugry el işiniň bir görnüşi-de hasaplanýar. «String» sözi iňlisçe sapak, kiriş diýmegi aňladýar. String-art XVI asyrda Angliýada döräpdir. Iňlis dokmaçylary tagtanyň ýüzüne çüý kakyp, şol çüýlere dartylan sapaklar bilen dürli şekil ýasapdyrlar. Şeýle usul öýüň bezeg işinde giňden peýdalanylypdyr.

Berkararlyk mukamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda milli sungatymyzyň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi hem-de täze zehinleriň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly meseleler Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sungat äleminde öçmejek yz goýan, milli medeniýetimiziň ösdürilmegine we dünýä derejesine çykarylmagyna mynasyp goşant goşan halypalara bildirilýän hormat bizi täze ýeňişlere, döredijilik belentliklerine ruhlandyrýar. Ata Watanymyzda ussat halypa-sazandalaryň hatarynda uly hormatdan peýdalanýan mukamçy-kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Annanepesow yhlasy we irginsiz zähmeti bilen milli sungatymyzyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Sungatyma sarpa bar

Türkmen aýdym-sazy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Merdana halkymyz ussat bagşy-sazandalaryna uly sarpa goýup, şu güne çenli olaryň atlaryny dillerinden düşürmän gelýärler. Milli medeniýetiň, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ussat halypalaryň aýdym-saz ugrundan bitiren işleri, döreden aýdym-sazlary, mukamlary barada giňişleýin gürrüň edilýär.  Halkymyza gymmatly mirasy galdyran halypa bagşylaryň ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde açylan döwrebap sungat mekdeplerinde ýaş zehinlere sungatyň inçe syrlary öwredilýär. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem milli Liderimiziň döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş zehinler sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim alýarlar. Bagşyçylyk ugrundan kämilleşýän okuwçylarymyz ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Okuwçylarymyzyň üstünlikleri bizi has-da begendirýär we geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Beýik akyldaryň hormatyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegine uludan taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada bellenilip geçildi. Mähriban halkymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi we dünýäniň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Halkymyz tarapyndan Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň bellenilip geçilmeginiň düýp özeninde beýik söz ussadynyň şygyrlarynda aýdyň beýanyny tapan, halkymyzyň döwletlilik, berkararlyk baradaky arzuwlary bar. Halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. Şahyryň eserleri diňe bir şol döwrüň möhüm meselelerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitli pikirlere ýugrulanlygy bilen şu günki gün

Hormata mynasyp gözeller

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilýän bu bäsleşik zenanlaryň alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda ýedi — «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» we «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň dowamynda bu ugurlar boýunça deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan öňe saýlanan zenanlarymyz hem-de olaryň alyp barýan işleri hakynda wideorolikler görkezildi.

Mähribanlykdan döreýän gudrat

Her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz gülzarlyga beslendi. Şeýle owadan hem ýakymly pursatlarda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi olara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Bu günki gün bahar bägülleri ýaly owadan hem näzik zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Dünýäniň bezegi bolan mährem eneler barada söz açylanda bolsa olaryň mähir-mylakatlylyk bilen çaga terbiýesine uly üns berýändigi biygtyýar göz öňüňde janlanýar. Mährem enelerimiz, owadan zenanlarymyz ykdysadyýetde, medeniýetde gazanylýan üstünliklere-de mynasyp goşant goşmagy başarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşamak, işlemek, nesil terbiýelemek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan zenanlarymyz durmuşymyzyň bezegi hem baýlygy. Sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, kemala getiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylyp, ähli amatlyklary döredilen jaýlardan öýleriň berilmegi mährem enelerimiz barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bahar baýramy mynasybetli çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň ählisine Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň üns-alada bilen gurşalandygy

Asyrlary aşan nepis sungat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryna aýawly göz bilen garalýar, olar içgin öwrenilip, geljekki nesillere ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurdumyzyň ösen dokma senagatynyň taryhy döwürlerde geçen ýoluna aýdyň göz ýetirmekde, şöhraty äleme dolan türkmen zenanlary tarapyndan kämilleşdirilip sungat derejesine ýetirilen haly senediniň gymmatyna düşünmekde bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly ençeme eserleri uly gollanma bolýar.

Beýikleri dünýä berýän beýiklik

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda halkymyzyň enä hormat goýmak, çäksiz söýgi bildirmek ýörelgesiniň mysalynda zenan mertebesiniň neneňsi belentdedigi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz ene hakynda duýgy-düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny:«Ene — beýiklikleri dünýä inderýän beýiklik» diýen bir jümläniň üsti bilen düşündirýär. Çagalykda ilkinji dil açan sözüniň nämedigini sorasaň, köpümiz «Ene» diýip jogap bersek gerek. Ýaňy özüni bilip başlan çagajykkak, bu mähriban ynsana ýüzlenmeli sözümizi ýat tutan bolsagam, onuň many-mazmunyna akyl-paýhasyň goýalyp başlanda düşünip ugraýarys. Ýyl geçdigiçe-de enäniň gymmatynyň neneňsi ýokarydygy hakynda pikir-garaýyşlar artyp gidip otyr. Soňlugy bilen aňymyzda «Ene» sözi ýaşaýşyň, ömrüň, dowamatyň, mähir-muhabbetiň, söýgüdir yhlasyň, geçirimliligiň, sahylygyň, maşgala ojagynyň berkliginiň, terbiýe mekdebiniň gönezliginiň... manydaş sözüne öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar» diýip belleýär.

«Dünýä görke geler zenan sözünden»

Mährem enedir Joşgunly derýaga meňzeýip yşky,Ömrüme nur çaýar mylaýym keşbi,Kalbymyň soltany, dünýämiň köşgi,Enedir, enedir, mährem enedir.

Luk­man ene

Owadan Diýarymyzyň gül gujagynda, eşretleriň hözirini görüp, ogul-gyza, agtyk-çowluga guwanyp ýaşamak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtly ynsanlaryň biri 1929-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabatda dünýä inen, 92 ýaşy arka atan Bossan Saryýewadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan Bossan eje ogluna, gyzyna, agtyklaryna, çowluklaryna guwanyp, bagtly durmuş ýoluny dowam etdirýär. Agtyklary lukmançylyk, nebit-gaz, jemgyýetçilik ýaly dürli ulgamlarda yhlas bilen zähmet çekýärler. Bossan ejäniň çowluklaryndan ýokary okuw mekdebinde bilim alýany hem, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirýäni hem, mekdebe we çagalar bagyna gatnaýanlary hem bar.

Wasp edip bahary, zenan dünýäsin

Hoştap howaly bahar paslynyň gelmegi bilen dag-düzler ýaşyl dona bürenýär. Şeýle ajaýyp günlerde Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary şatlyk-şagalaň bilen bellenilip geçilýär. Golaýda welaýat medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Kämillige badalga

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny has-da düýpli öwrenmek we ony dünýä ýaýmak babatda-da giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milli medeni mirasymyza, aýdym-saz sungatymyza belent hormat-sarpa goýýan, ony wagyz etmekde nusga alarlyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz: «Bize häzirki döwürde milli aýdym-sazymyzyň öçmez-ýitmez beýikligini kalbyna siňdirip, dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryny düýpli özleşdirýän hakyky zehinler, ussatlar gerek» diýip sargyt edýär. Biz hem şundan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýäris, hemişe döredijilik gözleginde bolýarys. Etrabymyzyň çäginde ýerleşýän çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndan zehinlileri ýüze çykarýarys. Islendik işde özara tejribe alyşmak kesp-käriňde kämilleşmäge oňyn itergi berýär. Şu hakykatdan ugur almak bilen, biz welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerindäki kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmaga, ýörite okuwlary guramaga uly ähmiýet berýäris. Ine, ýakynda hem etrabymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Milli medeniýetimiziň gadymy kökleri» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata etrabymyzyň ähli oba m

Ýaşajyk suratkeşiň üstünligi

Arkadagly döwrümizde ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler ýaşlara halkara derejesindäki dürli bäsleşiklere gatnaşmaga we üstünlikli çykyş etmäge ruhubelentlik berýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň halkara ders, internet we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri şeýle diýmäge mümkinçilik berýär. Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowanyň Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Daşkentiň şatlygy» atly VIII çagalar surat bäsleşigine gatnaşyp, degişli baýraga mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ählimizi begendirdi. Has takygy, geçen ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda geçirilen bu halkara bäsleşige dünýäniň birnäçe döwleti bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary hem gatnaşdy. Şonda Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga, ýörite sertifikata we ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy. Ýakynda, ýaşajyk suratkeşe gazanan ajaýyp üstünligi üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormat haty we ýadygärlik sowgady hem gowşuryldy.

Watanymyzyň saýrak bilbilleri

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, şeýle-de çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy. Etrabyň medeniýet we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi ýaş nesliň sungat baýramçylygyny ýatlatdy. Owadan şarlar we şekiller bilen bezelen sahna bagtyýar nesle sungat babatdaky zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle bolansoň, kalplary joş alýan çagalar, şeýle-de çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine sahna çykyp, ajaýyp çykyşlary bilen ol ýeri alaýaza beslediler.