"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Ikinji Eýnşteýn» ýa-da 12 ýaşly «geniý»

Şu günler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Suborno Isaak Bari hakyndaky maglumatlar okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. 12 ýaşly oglanjyk şu ýyl Malwern şäherindäki orta mekdebi iň ýaş uçurym bolup tamamlady. Ol mekdebiň gutardyş synagynda berlen matematik hasaplamalaryň we IQ testleriň mümkin bolan 100 utugyndan 98-sini gazanmagy başardy. Suborno Isaak Bari 14 ýaşyny dolduryp, ýokary okuw mekdebine girmegi meýilleşdirýär, häzirden synaglara taýýarlanýar. ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyna degişli mekdepde asly bangladeşli bolan zehinli oglanjyk ähli synplary doly okap, orta bilim hakyndaky şahadatnamany aldy. Ýöne ol munuň üçin her ýylyň soňundaky synpdan-synpa geçiş synaglaryny tabşyrmaly boldy. Adatdan daşary zehinli oglanjyk matematikany we tebigy ylymlary özleşdirip, indi ýokary bilim almak isleýändigini aýdýar. Aslynda, Suborno Isaak Bari 2 ýaşyndaka Mendeleýewiň düzen himiki elementleriniň jedwelini ýatdan bilipdir. Eýýäm 7 ýaşynda kollejleriň umumy sapaklaryna gatnaşyp, şol ýerde geçilýän sapaklara düşünipdir, özleşdiripdir. Matematikany, fizikany we tebigy ylymlary juda gowy bilýändigi üçin bolsa, oňa «ikinji Eýnşteýn» ýa-da ýaş «geniý» (wunderking) diýýärler.

Watan buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygary barha rowaçlanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek bilen, häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Halk Maslahatynyň mejlisinde agzalan ykdysadyýet, maliýe, maýa goýum, ekologiýa, şähergurluşyk, daşary syýasat, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, ylym-bilim, nebitgaz, senagat, hususy telekeçilik ýaly onlarça ugurlarda gazanylan üstünlikler ähli halkymyzy guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryny içgin öwrenmek hem-de many-mazmunyny jemgyýete wagyz etmek türkmen ýaşlary üçin wajyp wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen geçip barýan şanly ýyllar ata Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýär. Dünýäde arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzyň geljeginiň mundan-da beýik, aýdyň boljakdygyna ynanjymyz egsilmezdir. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň oýlanyşykly, ädimme-ädim d

Altyn güýzüň ýalkymy

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Altyn güýzüm» atly medeni çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Her bir gülüň özboluşly gözelliginiň bolşy ýaly, pasyllaryň hem özüne mahsus täsinligi bar. Ter güllere, ýaşyl arçalara, ýapraklary altynsow reňke boýalan baglara syny düşen ynsanyň oýunda iň mähirli hem hoşniýetli duýgular oýanýar. Aýratyn-da, dürli reňkli güýz gülleri ynsan kalbyna üýtgeşik täsir edip, sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýär. Sary don geýnen güýz paslynda çalaja öwüsýän mylaýym şemala ygşyldaşyp oturan ajaýyp güller paýtagtymyzdaky seýilgähleriň gözelligini has-da artdyrýar. «Altyn güýzüm» ady bilen geçirilen dabarada hem ýazyjy-şahyrlar bular dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler, goşgulary okadylar. Dabaranyň ahyrynda ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän gözel paýtagtymyzy, Arkadag şäherimizi dünýäniň meşhur şäherleriniň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Seniň hatyň owadanmy?

Size-de şeýle sowal berilýärmi?! «Seniň hatyň owadanmy?». Köplenç mekdepde hatlaryny owadan, gelşikli ýazýan synpdaşlaryma gözüm gidýärdi. Öz hatymyň hem owadan bolmagy üçin yhlasly çemeleşdim. Şeýlelikde, men «Owadan ýazuw» atly bäsleşige gatnaşyp, Hormat hatyna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşmak hat-ýazuwymyň owadan bolmagyna mende uly höwes döretdi. Men enemlere baranymda, ýeňiji bolandygymy hem Hormat haty alandygymy aýtdym welin, enem maňa: «Berekella oglum, ýeňşiň dowamly bolsun!» diýdi. Men: «Ene, siziň hem hatyňyz owadanmy?» diýip soranymda, ol maňa: «Men saňa häzir Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan serime gelenleri ýazyp görkezeýin. Şonda sen meniň hatymyň nähilidigini görersiň» diýdi. Enem Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusyny ýazdy. Dogrudanam, enemiň haty diýseň owadan ekeni. Soňra enem maňa gadymy döwürlerde hatdatçylyk sungatynyň ösendigi barada gyzykly gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şol döwürlerde patyşalaryň köşgünde hat-ýazuwdan başy çykýan ýörite hünärmenler bolup, olar goňşy döwletlere hat ugradanlarynda hatlary owadan ýazuwlar bilen ýazyp ugradýan ekenler. Bu hünärmenler hat-ýazuwyna ökde bolup, her gün diýen ýaly hatlarynyň owadan bolmagy üçin türgenleşipdirler. Enem maňa «Oglum, seniňem hatyň hemişe owadan bolsun! Hatyň owadan bolmagy seniň köňlüň hem ýüregiň owadanlygyndan habar berýär» diýdi. Enemiň gadymy hatdatçylyk sungaty barada

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar, esasan, maddy ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp bararlar. Meýilnamalaryňyzdan garaşýan netijeleriňizi almak üçin onuň guramaçylyk tarapyna ünsli boluň. Birnäçe ownuk ädimleriňizi birleşdirip, wagtyňyzy tygşytlaň.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Asylly däbe eýerip Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boldy.

Ajap eýýamyň ymaratlary

Baýramçylyga mynasyp sowgat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şeýle öňegidişlikler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýar. Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalar ösüş-özgerişli ýolumyzyň badynyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

Döredijilikli zähmete ruhlandyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyza joşgun paýlaýar. Şeýle ajaýyp döwrümiziň saýasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň bardygy bizi, diýseň, buýsandyrýar.

Maldarçylyk

Sähra merdanalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem welaýatyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi maldarlarynyň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Dowarlardan önüm almak, baş sanyny artdyrmak baradaky ýyllyk şertnamalaýyn meýilnamalaryny üstünlikli amal edip, hojalygyň maldarlary etrapda öňdeligi eýelediler.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Öndürijilikli işe höweslendirýäris Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň zähmet üstünlikli gadamlarynyň bady barha artýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynyň guramalarynda we kärhanalarynda öndürijilikli zähmet joşýar. Tebigy gazyň akymy bilen bagly guramalarda, kärhanalarda we edaralarda üstümizdäki ýylda öňde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelnip, bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekilýär.

Ätiýaçlandyryş işiniň kämilleşmegi ykdysady ösüşiň kepilidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde amala aşyrylýan özgertmeler ätiýaçlandyryş ulgamynyň kämilleşmegi üçin möhüm şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ätiýaçlandyryş babatda maliýe gatnaşyklaryndaky döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guraly hökmünde milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň orny pugtalanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ätiýaçlandyryş guramalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek üçin ätiýaçlandyryşyň täze meýletin görnüşleriniň kadalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda wezipeler kesgitlenendir. Ýurdumyzda fiziki we ýuridiki taraplary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip düzülýär. «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary» munuň subutnamasydyr.

Il içinde seniň tutulsa adyň...

Halypanyň zähmet ýoly Halal daýhan maşgalasynda dünýä inip, eklenjiň, rysgal-döwletiň bolelin ýaşaýşyň päk zähmetdedigine ir düşünen Allanazaryň çagalyk döwri Wekilbazar etrabynyň häzirki Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasynda geçdi. Ol maşgaladaky bäş ogul, dört gyz doganlaryň iň ulusydy. Şoňa görä-de, ol zähmetde bişişip, sekiz jigisiniň ösüp kemala gelmegi, aňly-başly adamlar bolup ýetişmegi üçin eziz pederi bilen deň hatarda jogapkärçiligini duýýardy.

Ýaşlar syýasaty rowaç alýar

Döwrüň bagtyýar nesilleri Ýaşlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgelerine hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlar syýasaty bolsa ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Notariat we notarial işi Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlarynyň biri. Şu Kanun Türkmenistanda notariatyň we notarial işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Asudalygyň goragynda

Derwaýys meselä goşandymyz Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, her bir maşgalanyň bagtyýar günlerde ýaşamagy rysgal-döwletini halal zähmetden gözlemeginden gözbaş alýar. Agzybir, bagtly maşgalalar bolsa, tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini we bagtyýarlygyny üpjün edýär. Şonuň üçinem biz etrabymyzda maşgalalaryň abadan, agzybir bolmagy ugrunda aladalanýarys.

Halk Maslahaty: beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde dabaraly maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Eşretli ertirimiziň eýeleri

Her güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişler bolup geçýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilip, nusgalyk işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap enjamlar bilen üpjün  edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde döredilýän şertdir mümkinçilikler bagtyýar ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bilimli nesil ýurdumyzyň kuwwatly daýanjyna deňelýär. Edep-terbiýeli nesiller eşretli ertirimiziň eýeleridir. Ýurduň ösüşine goşant goşmak, ýaş nesle ilkinji terbiýe bermek, körpelerde irki ösüşlerden başlap, eziz Watanymyza söýgi döretmek, ululara hormat goýmak, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemek terbiýeçileriň mukaddes borjudyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýeläp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.

Zenanlar guramasynda

Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär Maşgala mukaddesligini, maşgaladaky gatnaşyklaryň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen, golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň guramagynda geçirilen maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Ýaşlar we hukuk medeniýeti

Golaýda şeýle şygar astynda TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlaryň hukuk medeniýetiniň we sowatlylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen maslahat gurady. Oňa ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda kabul edilen resminamalar barada giňişleýin belläp geçdiler.