"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk — bagtyýarlygyň aýdymy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Bitaraplyk — şöhradymyz-şanymyz Her bir güni toýdur baýramlara şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda şonuň ýaly-da, biziň welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris.

Alkyş aýdyp Arkadagly Serdara, toý toýlaýar bu gün Bitarap Watan!

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda  «Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, partiýa guramaçysy Ejebaý Akmedowa, Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri Kuwat Mämmedow, Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri Gurbannepes Täçmedow, Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, Mejlisiň deputaty Kakamämmet Nepesow, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Çary Baýryýew dagy çykyş etdiler.

Öňdebaryjylar sylaglanyldylar

Türkmenabat şäherindäki «Aý-Gün» toý mekanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň öňdebaryjy agzalary, welaýatymyzyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary, ýürek buýsançlary diňlenildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik özgertmeler syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we etrap komitetleriniň partiýa hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen «Ýylyň göreldeli wagyzçysy», «Göreldeli partiýa guramaçysy», «Öňdebaryjy partiýa komiteti» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistan

Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

7-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Geçen anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan işgärleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» Dk-nyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülruh Mollaýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy geologiki barlaglarynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamak we interpretirlemek toparynyň başlygy Arslan Annamyradow dagy çykyş etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňäp gelipdir. Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzygiderli peşgeş berýän ajaýyp eserleri hem giň halk köpçüligi, ä

Rowaçlyga uzaýan röwşen ýol

Her bir günüň ösüş-özgerişlere beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp zamanamyzda Berkarar Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň uly ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine merdana pederlerimizden miras galan mukaddes topragymyzyň şanly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine söýgi-hormat bilen garamaga, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuw eden berkarar döwletiniň Ýer ýüzündäki belent mertebesine buýsanjy hökmünde garaýar. Parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, dünýä halklary bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp amala aşyrýan asylly syýasatynyň esasy gymmatlyklarydyr. Watanymyzyň sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolmagy hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik abadançylygy berkitmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýäde gyzgyn goldaw tapýar. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şun

Aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak­da döw­re­bap şert­ler

Ýol­lar­da he­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi il-gü­nüň aba­dan dur­mu­şy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» şy­ga­ry bi­len ýö­ri­te bi­raý­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň asyl­ly dä­be öw­rül­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýar. Aý­na ýa­ly te­kiz we aras­sa ýol­la­ry­myz­da he­re­ke­tiň howp­suz bol­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­niň üns­lü­li­gi­ne, jo­gap­kär­çi­li­gi­ duýuşyna, iň esa­sy­sy-da, taý­ýar­ly­gy­na bag­ly­dyr. Bi­z hem «Türk­menaw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň hu­kuk­çy­sy Pe­na ÖWE­ZOW bi­len aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak we gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da söh­bet­deş bol­duk. — Söh­be­ti­mi­zi «Türk­men­aw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­rin­den baş­laý­sak?!

Baýramçylyk sowgady

Düýn — 9-njy dekabrda Gyzylarbat etrabyndaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze, üç gatly edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara buýsançly wakalaryň biri boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni — hemişelik Bitaraplygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllygynyň şanyna geçirilen çäreler bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň oba-şäherlerini gözel görnüşe getirmek, islendik ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini dünýä derejesine çykarmak barada edýän irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan buýsançly ösüşler wasp edildi.

Asudalygyň keşbi

Döredijilik bilen meşgullanýan ynsanyň döreden parahatçylyk eserleri halklary asuda durmuşa çagyrýan jarçyny ýadyňa salýar. Şeýle parahat durmuşy, abadançylygy reňkli galamlaryň we boýaglaryň sazlaşykly öwüşginlerinde şekillendirýän suratkeşleriň eserlerinde görmek bolsa has-da täsirli. Parahatçylyk eserleri barada gürrüň açylanda, ussat suratkeş, heýkeltaraş, dizaýner, şeýle-de, kubizmi (şekillerde geometrik formalary ulanmak arkaly surat çekmek) esaslandyryjylaryň biri bolan Pablo Pikassony ýatlaman geçmek mümkin däl. Pikasso dünýäde parahatçylygy, asudalygy, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşygy pugtalandyrjak sungat eserleriň awtorydyr. Ol 1881-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykýar. Ussat suratkeş dünýäde gaýtalanmajak sungat eserleriniň onlarçasyny döredipdir. «Gernika», «Aglaýan zenan», «Düýş», «Aýnaň garşysyndaky gyz» ýaly surat eserleri olaryň käbirleridir.

Şöhratly geçmişimiziň altyn sahypalary

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda giňden şöhlelenip, halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar Taryhy hakyda, milli miras bu günki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň gymmatly çeşmesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bu babatda möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu kitaby okanyňda, biziň gazanýan ähli ösüşlerimiziň sakasynda asyrlarboýy kämilleşip gelen milli ýörelgelerimiziň, medeni-ruhy mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň durandygy baradaky mizemez hakykat bilen ýene bir ýola ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

Bilim işgärleriniň baýramçylyk sowgady

Şu ýylyň 9-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen dabara ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdy. Bu çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çäräniň dowamynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmek ugrunda çeken döredijilikli zähmeti hem-de aýratyn pedagogiki ussatlygy üçin öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň  Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ahlak päkligi — ynsan bezegi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ahlak päkligi — ynsan bezegi» atly wagyz-ündew çäresini geçirdik. Oňa bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri  gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen uly özgertmeleri başdan geçirýän ata Watanymyzda ýaşlaryň ahlak arassalygyna, ruhy we beden sagdynlygyna aýratyn üns berilýändigini, olary köpçülikleýin sporta çekmekde, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmakda ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigi bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaş nesli ýokary watansöýüjilik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändigi çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Ýaşlaryň bagtyýar geljegi barada yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. «Hemişelik Bitaraplyk baky parahatçylygyň sarsmaz binýady» atly bu maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary barha pugtalandyrmakda ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygy, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde goşandynyň uludygy buýsanç bilen bellenildi.

Türkmenistanda aýlyk haklary 20-nji dekabra çenli töleniler

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2024-nji ýylyň esasy ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişine görä, ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, degişli döwürde ýurduň jemi içerki önümi 6,3 göterim ýokarlandy. 11 göterim ösüş depgini bilen gurluşyk pudagy, 9,5 göterim bilen söwda, 7,1 göterim bilen ulag-aragatnaşyk pudagy, 8,7 göterim bilen hyzmatlar ulgamy, 5,3 göterim bilen oba hojalygy, 2,2 göterim bilen senagat pudaklaryň arasynda ösüş depgini boýunça öňdeligi eýelediler.

Sagdyn jemgyýetiň goragynda

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek üçin niýetlenen toplumynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Asylly maksady esasy ugur edinýän bu çärä Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Baýramçylyk söwdalary ýola goýuldy

5-nji dekabrdan başlap, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýuldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýola goýlan 850-den gowrak ýörite söwda nokatlarynda halkymyza ýokary derejede söwda hyzmatlary hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreler görüldi. Göçme söwda nokatlaryny guramak, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek boýunça guramaçylyk işleri ýokary derejede alnyp baryldy.

Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

7-nji dekabrda ýurdumyzyň Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasygeçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen bu dabara toplumyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, gazet-žurnallarda zähmet çekýän döredijilik işgärleri gatnaşdylar. «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda halkymyzyň gadymy, şan-şöhratly taryhy hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri we milli mirasy hakynda örän çeper dilde giňişleýin gürrüň edilýändigini nygtady. Bu täze eser ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda ata Watanymyza bolan belent buýsanç duýgusyny oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri atly täze kitabynda türkmen halkynyň adamzat taryhyna täsir eden Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalary, Parfiýa we Beýik Seljukly döwleti aýratyn bellenilip geçilýär. Bu meşhur siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda gadymy Änew medeniýetiniň hem gülläp ösendigi äşgär hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhraty bilen dünýä taryhynda görnükli orun alan Horezmşalar döwleti hakynda hem aýratyn söz açýar. Gadymy

TÜRKMEN-TÜRK GATNAŞYKLARYNDA TÄZE ÄDIMLER

4 — 6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan bu çäräniň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. H o r m a t l y Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara ugradan Gutlagyndan badalga alan çäre ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.