Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

8 Dekabr 2024
86

7-nji dekabrda ýurdumyzyň Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasygeçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen bu dabara toplumyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, gazet-žurnallarda zähmet çekýän döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

«Hakyda göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda halkymyzyň gadymy, şan-şöhratly taryhy hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri we milli mirasy hakynda örän çeper dilde giňişleýin gürrüň edilýändigini nygtady. Bu täze eser ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda ata Watanymyza bolan belent buýsanç duýgusyny oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri atly täze kitabynda türkmen halkynyň adamzat taryhyna täsir eden Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalary, Parfiýa we Beýik Seljukly döwleti aýratyn bellenilip geçilýär. Bu meşhur siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda gadymy Änew medeniýetiniň hem gülläp ösendigi äşgär hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhraty bilen dünýä taryhynda görnükli orun alan Horezmşalar döwleti hakynda hem aýratyn söz açýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda kemala gelen köp sanly beýik döwletlerde, medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary ylmyň, edebiýatyň ösmegine mynasyp goşant goşup, gymmadyny egsilmejek uly hazynany nesillere baky miras goýupdyrlar.

Gurbanmämmet REJEBOW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy.