«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ahlak päkligi — ynsan bezegi» atly wagyz-ündew çäresini geçirdik. Oňa bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen uly özgertmeleri başdan geçirýän ata Watanymyzda ýaşlaryň ahlak arassalygyna, ruhy we beden sagdynlygyna aýratyn üns berilýändigini, olary köpçülikleýin sporta çekmekde, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmakda ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigi bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaş nesli ýokary watansöýüjilik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändigi çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Ýaşlaryň bagtyýar geljegi barada yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.