Umumadamzat gymmatlygyny wasp edip
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly zenanlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşiginiň Hazar şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilýän wakalardan, rowaýatlardan bir pursady sahnalaşdyrmak we gymmatly kitabyň ähmiýeti barada öz ýürek buýsançlaryny çeper sözlerde beýan etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, şäherdäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gülmira Bagyýewa baş baýraga mynasyp boldy. 4-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Tukyýewa birinji, 1-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Orazgulyýewa ikinji, şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Tawus Akmuhammedowa üçünji orunlara eýe boldular.