Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Biz — medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekmäge çalyşýarys.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler.