Sahara gar ýagdy
Dünýäniň iň jöwzaly künjegi bolan Sahara çölüne we Saud Arabystanyna gar ýagdy. Ak gara bürenen çäge depeleri özboluşly gözel görnüşleri emele getirdi. Howanyň derejesi selsiý boýunça -3o peseldi. Bu sebitlere ýagan ýagyn gar sürçeklerini emele getirip, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda päsgelçilik döretdi. Alžiriň Aýn-Sefra sebitine ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek gar ýagdy. Garyň ýagmagy sebitiň daglyk künjekleri üçin gaty bir seýrek ýagdaý hem däl, emma ýagan gar bir günden uzak saklanmaýardy diýip, degişli hünärmenler gürrüň berýärler.