Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salykatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeltmäge çagyrýar. Milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen olaryň arasynda «Talyp gözeli — 2021» atly