Ýakynda Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäginde guralan bu bäsleşige dokmaçy gelin-gyzlar gatnaşdy.
Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmakdan, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, ýokary görnüşli dokma önümlerini mahabatlandyrmakdan hem-de dokmaçy zenanlary höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar öz taýýarlan önümleri barada giňişleýin gürrüň etdiler we tikin önümlerini mahabatlandyrdylar.