"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dabara geçirildi

Golaýda maýor Şöhrat Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gorag polklarynyň döredilen güni mynasybetli dabara geçirildi. Ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy we Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga berlen dabara şahsy düzümiň nyzamly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra baýramçylyk mynasybetli harby gullukda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň çäginde guralan sergi has-da täsirli boldy. Köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri we gyzgalaňly sport ýaryşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Harby bölümiň orkestriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, ata Watanyň mukaddesligi, harby gullukçylaryň mertligi we edermenligi wasp edildi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Wagyz – nesihat çäreleri geçirilýär Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»psuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini, ýol hereketiniň kadalaryny dürs berjaý etmegiň ömrümiziň rahatlygyny, ýollarymyzyň abadanlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigi hakyndaky söhbet wagyz-nesihat çäresiniň esasy mowzugyna öwrüldi.

Kanunçylyk namalary düşündirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Milli parlamentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda kabul edilen kanunçylyk namalary bolsa ýerlerde giňişleýin düşündirilýär. Şu maksat bilen geçirilýän duşuşyklara etrap prokuraturasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olarda raýatlarymyzyň kanuny bähbitleri, hak-hukuklary babatyndaky sowallaryna doly düşündiriş berilýär. Etrap prokuraturasy tarapyndan şeýle işleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bosagada duran mejlisinden soň has giň gerimde ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Çünki taryhy mejlisde kabul ediljek çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek we wagyz etmek gönüden-göni borjumyzdyr. Biz mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen eziz Watanymyzyň asudalygyny goramak üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.

Netijeli duşuşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan şu mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.

Möhüm meselä bagyşlanan maslahat

Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtany abat saklamak möhüm meseleleriň biridir. Bu işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Müdirligimiziň ýangyn howpsuzlygy bölüminde guralan maslahat bu meselä bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan we guramaçylykly dowam edýän pagta ýygymynda, hasyly daşamakda, saklamakda hem-de gaýtadan işlemekde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Munuň özi işiň her bir pursadynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär. Maslahatda bölümimiziň hünärmenleri çykyş edip, gymmatly çig maly ýangyndan ygtybarly goramagyň ýollary, berjaý edilmeli kadalar barada giňden durup geçdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri, öz gezeginde, önümçilik bölümlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar soňra bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine gezelenç etdiler.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly senelere, taryhy wakalara, uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ynha, şu günler agzybir türkmen halky zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, röwşen ertirlere bolan beýik ynamynyň beýanydyr. Çünki Garaşsyzlyk — halkymyzyň erkinliginiň, parahatçylygynyň mukamydyr, ykbalynyň göterilmesidir, şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Şu günler welaýatymyzda bu şanly sene mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde asyrlara barabar özgertmeler, ägirt uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyny bezeýän bu maksatnamalaýyn özgerişlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň nurana şu güni, bagtyýar geljegi hakynda edilýän aladalardan ugur alýar. Bu bolsa ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny ýene bir gezek görkezýär.

Röwşen geljegiň binýady

Ata Watanymyzda ýaşlar baradaky alada birjik-de ünsden düşürilmeýär. Hut şonuň üçin ýaşlaryň bilimleri kämil ele almaklary, hünär eýeleri bolmaklary bilen birlik-de olaryň watansöýüji, milli gymmatlyklarymyza ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak döwletimiziň baş aladasydyr. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary yzygiderli geçirýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde pederlerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky durmuş tejribelerine, halkymyzyň milli ýörelgelerine salgylanylýar. Çünki ata-babalarymyzyň wesýetlerine, pähim-paýhasyna eýermek, olary ýol-ýörelgesini dowam etdirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Bagtyýar ýaşlar hem özleri hakynda edilýän aladalara ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda we sportda gazanýan uly ýeňişleri bilen jogap berýärler. Döwletimiziň ykdysady, syýasy kuwwatynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan, bu ugurda yhlas-tagallalaryny gaýgyrmaýan ýaşlarymyzyň beýik üstünlikleri, guwandyryjy netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde hem öz beýanyny tapýar.

Taryhy wakalar wagyz edilýär

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebinde “tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan bilelikde guraldy. Watanymyzyň beýik ösüşdir özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen bolan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şonuň bilen baglylykda, söhbetdeşlige gatnaşanlar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň edip, umumymilli forumda kabul ediljek çözgütleriň möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Toý ruhuna eýe boldy

Bäherden etrap sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, sport mekdebiniň halypa tälimçileridir türgenleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynan türkmen sporty” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, Watanymyzyň ösüşleri, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty, ýaşlaryň sportda taplanmagy we dürli ýaryşlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmegi ugrunda döredilen şertler hakda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Asuda ýollar — abadan ýollar TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň polisiýa we etrap bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda «Asuda ýollar — abadan ýollar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň, polisiýa bölüminiň işgärleri, etrapdaky 20-nji, 22-nji orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Şu gün — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Berkarar Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini şöhlelendirýär. Şu gezekki gözden geçirilişe ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň düzümleriniň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşýar.

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni-durmuş wakalaryny beýan etmekden, milli arhiw gaznasynyň resminamalary esasynda türkmen edebiýatyna, ylmyna uly goşant goşan meşhur ýazyjylaryň, alymlaryň döredijilik ýoluny açyp görkezmekden hem-de milli arhiw işiniň gazananlaryny wagyz etmekden ybaratdyr. Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, Mejlisiň resminamalary, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde täze taryhy döwrüň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

Belent sepgitleri nazarlap

Düýn Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine hem-de geljekki iri halkara we döwlet çärelerine görülýän taýýarlyk işlerine, gender deňligi boýunça döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanyp, «Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty beýgelýär» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Merkezi bankyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de käbir ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ilki bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatyny, owadan binalarymyzy şekillendirýän dürli sungat we zergärçilik eserleri ýerleşdirilipdir. Sergidäki eksponatlar barada Merkezi bankyň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Bägül Çerkezowa:

Baş baýramyň şanyna

Geçen şenbe güni Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Şanly baýramçylygymyza bagyşlanyp geçirilen dabarada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet we sungat işgärlerine işlemäge, döretmäge, milli medeniýetimizi has-da ösdürmäge döredip beren giň mümkinçiliklerine sagbolsun aýtdylar.

Buýsanjymyz, bagtymyz

Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Golaýlap gelýän baş baýramymyza bagyşlanan bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilelikde guradylar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşleri sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem baş baýramymyza görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda bu ýerde işleýän hünärmenleriň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda watandaşlarymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna täze-täze zähmet üstünlikleri bilen barýandygy aýdyldy. Döredijilik duşuşygynda mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi hakda täsirli gürrüňler edildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şunda halkara, sebit derejesindäki netijeli gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Parahatçylyk, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-sinde Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Doganlyk ýurduň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä bileleşigi bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşyk geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirildi.

Halkyň beýik ynamy Siz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Şu günler taryhy döwrüň beýik özgertmelerinden galkynýan merdana halkymyz ajaýyp güýzde goşadan gelýän toý-baýramlarymyzyň belent ruhunda batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwlet durmuşynda, halkyň döwrebap ýaşaýşynda bolup geçýän täzelenişleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanyşýar. Çünki ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni belent maksadyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir asylly başlangyjy il-ýurduň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, parahatçylyk hem dostluk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirmek ýaly belent tutumlar hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň mazmunynda jemlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir pursady täze taryhymyza zer ýazgylary bolup girýän ajaýyp wakalara beslenýär. Daş-töweregimizde bolup geçýän belent tutumdan gözbaş alan özgertmeler diňe bir ýurdumyzy ajaýyp ülkä öwürmän, eýsem, halkymyzyň ösen durmuş derejesini kemala getirýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn esasda

Baş baýrama toý sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze desgalaryňdyr binalaryň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy hem halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi baradaky aladalarynyň netijesinde gurlan döwrebap bina tutumly toýlaryň dabarasyny arşa göterdi.

Bir saçaga jem bolandyr doganlar

Dünýädäki mukaddeslikleriň içinde Watan mukaddesligi iň belentde goýulýar. Ata Watan, il-ýurt hakyndaky kämil düşünjelerdir pikirler kalplarda müdimilik ýaşaýar. Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri Watan mukaddesligi hakyndaky düşünjä has-da aýratyn uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Türkmenler baglasak bir ýere bili,Gurudars Gulzumy, derýaýy Nili —