Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Milli parlamentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda kabul edilen kanunçylyk namalary bolsa ýerlerde giňişleýin düşündirilýär.
Şu maksat bilen geçirilýän duşuşyklara etrap prokuraturasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olarda raýatlarymyzyň kanuny bähbitleri, hak-hukuklary babatyndaky sowallaryna doly düşündiriş berilýär. Etrap prokuraturasy tarapyndan şeýle işleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bosagada duran mejlisinden soň has giň gerimde ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Çünki taryhy mejlisde kabul ediljek çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek we wagyz etmek gönüden-göni borjumyzdyr. Biz mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen eziz Watanymyzyň asudalygyny goramak üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.